Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Makalalar

Köpetdagyň üljeleri

Ýurdumyzda üljeleriň 9 görnüşi bolup, olaryň 7-si ýabany ösümlik görnüşinde gabat gelýär. Üljäniň turşy ülje we adaty çereşnýa görnüşi medeni zolaklarda ösdürilip ýetişdirilýär. Üljeler bägülgüllüler (rosaceae) maşgalasyna degişlidirler. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy kitabynda üljeleriň ýurdumyzyň çäginde ýaýran ýerleri, gory, himiki düzümi, peýdalanylyşy, ulanmagyň möhletleri we başga-da birnäçe maglumatlar doly beýan edilýär. Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanlarynda üljeleriň 4 görnüşi — ownuk miweli ülje, Köpetdag üljesi, türkmen üljesi, gyzyl miweli ülje duş gelýär. Ownuk miweli üljäniň (Cerasus microcarpa (C.A.Mey.Boiss) boýy 2 — 2,5 metre ýetýär. Dagetek ýerlerde dagyň aşaky guşaklarynda, jülgelerde, ownuk daşly gaýalarda ösýär. Ol fewral aýlary gülläp başlaýar. Iýun — iýulda miweleýär. Goraghananyň Guryhowdan, Asylma, Uly Garaňky, Arçabil, Germap meýdançalarynda we oňa golaý dagetek ýerlerde üljeleriň ösüş ýagdaýyna gözegçilikler geçirildi. Ownuk miweli ülje ýylylygy we ýagtylygy halaýar, tohumy arkaly köpelýär.

Te­bi­ga­ty ýan­gyn how­pun­dan go­ra­lyň!

Türk­men te­bi­ga­ty­nyň gö­zel­li­gi gö­re­ni haý­ra­na goý­ýar. Şol gö­zel­li­gi syn­lap, kal­byň heý­ja­na gel­ýär. Te­bi­ga­tyň yla­hy gö­zel­li­gi my­da­ma go­ral­ma­ly­dyr. Ony go­ra­mak, aýaw­ly sak­la­mak bi­ziň her bi­ri­mi­ziň bor­ju­myz­dyr. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de eko­lo­gi­ýa we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak me­se­le­si ýur­du­my­zyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. Ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek mak­sa­dy bi­len, mil­lion­lar­ça düýp agaç na­hal­la­ry­nyň otur­dyl­ma­gy aja­ýyp dä­be öw­rül­di.

Hormatly adamlar!

Tomus paslynyň dowam edýän günlerinde Gün urma hadysalarynyň, döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator-ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýniň! Günüň ýiti şöhlesinden goranyň, şeýle hem ýurdumyzda hereket edýän şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý ediň, elleriňizi hemişe arassa saklaň!

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýan, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +24... +29 gradusdan +28... +33 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +39... +44 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +32... +37 gradus yssy bolar.

Tebigat — zeminiň baýlygy

Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly döwlet ekologiýa syýasaty dünýä jemgyýetçiliginiň durnukly ösüş syýasaty bolan Ýer ýüzüniň ekoulgamyny goramak tagallalary bilen sazlaşykly utgaşýar. Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we tebigaty aýawly saklamak maksady bilen Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, şeýle-de «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Tebigaty goramak hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda» Türkmenistanyň kanunlary kabul edilip, döwlet derejesinde birnäçe işler amala aşyrylýar.

Sapaly deräniň goýnunda

Her ýyl zähmet rugsadyna çykyp, Köýtendaga gezelenç edýäris. Şu ýyl hem asylly däbimize eýerip, Gaýnarbaba kölüne, arnap tokaýlygyna, dinozawrlaryň aýak yzlarynyň ýerleşýän ýapgydyna baryp gördük. Soňra Umbar deresine geldik. Deräniň gözelligine, dag şaglawugyna haýran galyjylyk bilen seredip durkak, ýanymyza gelen ýaşuly bilen sözümiz alşyp gitdi. Köýten obasynda doglup, önüp-ösen goja bize dagyň gözel ýerleri barada gyzykly gürrüň berdi. Şonda joralarymyzyň biri ýaşuludan: «Köýtendagda şeýle gözel dereleriň näçesi barka?» diýip sorady. Ýaşuly biraz oýlanyp oturdy-da, gürrüňe başlady: — Bu dagyň köp ýerine beledem bolsam, ähli derelerine bardym, aýlandym diýsem ýalançy bolaryn. Olary birme-bir sanabam göremok. Ýöne şeýle bir rowaýaty-ha eşidipdim. Gadym döwürlerde bir emeldaryň ýalňyz gyzy bar eken. Ol gyz ese-boýa galyp ýetişensoň emeldaryň gapysyndan gyzyna söz aýdyp gelýänleriň sany barha köpelipdir. Ýeke gyzynyň raýyny ýykman, gelen sawçylary hoşamaýlyk bilen yzyna gaýtarmakdan ýadan emeldar ahyrsoňy: «Kim Köýtendagyň näçe deresiniň bardygyny anyk aýdyp bilse, gyzymy şoňa berjek» diýip, jar çekdiripdir. Muňa emeldaryň garaşyşy ýaly, döwtalap köp bolsa-da, näçe deräniň bardygyny anyk aýdyp bilen bolmandyr. Bir mergen ýigit dereleri sana

Günebakar

Tegelek sary gülleri bolan günebakarlar iň owadan ösümlikleriň biridir. Günebakaryň çigidi ýag almak üçin giňden peýdalanylýar. Bu ösümlik güllän wagtyndan başlap, ýüzüni hemişe Güne tarap öwürýär. Tebigatda güli Güne bakýan başga ösümlikler hem bar. Alymlar günebakaryň näme üçin başyny aýlaýandygyny öwrendiler. Ösümligiň Güne bakmagynyň birnäçe sebäpleri bar. Şolaryň biri günebakaryň tozanlaýjy arylary gowy görmegidir. Geçirilen barlagda günebakaryň aýratyn Gün şöhlesini we yssyny halaýandygy ýüze çykaryldy. Arylar yssy ýerlerdäki Gün düşüp duran güllere has köp gonýarlar. Günebakaryň Güne bakmagy bolsa arylary özüne çekýär. Geçirilen barlagda emeli ýagtylyk arkaly ýyladylan ýerlere hem arylaryň köp gonýandygy ýüze çykaryldy. Günebakar diňe gündizine Günüň ýylysy ýere ýetenden soňra Güne tarap seredýär. Bu ýagdaý gündizine Günüň hereketine görä dowam edýär. Gijesine günebakaryň başy günbatar tarapa öwrülýär.

Hem berk, hem owadan

Çäkli goraghanalarymyzyň meýdanlarynda duş gelýän ýemşen ösümligi özüniň owadanlygy bilen görenleri özüne çekýär. «Ýemşen» sözi grekçe «berk» diýen manyny berýär. Bu agaç örän berk bolup, uzak ýaşamaga ukyplydyr. Ýemşeniň boýy 4 metr çemesi bolýar, käte ol uzyn gyrymsy agaç görnüşinde-de gabat gelýär. Ýemşen alma görnüşli agaçlaryň maşgalasyna degişlidir. Ýapragy hatarma-hatar bolup, iki tarapy-da tüýjümekdir. Ýemşeniň miwesi gyzyl reňkde bolýar we süýji tagamlydyr. Özi-de sentýabr aýynda bişýär. Miwesini ýapraklary tänip ugrandan soň ýygmaly. Ýemşeniň miwesini kada laýyk guratsaň, öz dermanlyk häsiýetini sekiz ýyllap saklaýar. Onuň miwesinde karotin, krahmal, gant, organiki turşulyklar hem ýokumlar köpdür. Terje miwelerden mürepbe, şire suwy ýaly önümleri taýýarlap bolýar. Bu agajyň gabygyndan gyzyl-goňras reňk alynýar. Gyşda sowuga çydamly, gurak howada durnukly, giňişlikde gowy ösýän ýemşen örän peýdaly agaç. Onuň agajynyň her düýbünde 50 kilograma çenli miwesi bolýar. Ýemşen bezeg ösümligi hökmünde-de ulanylýar. Goraghananyň ylmy işgärleri bu ösümligi ylmy taýdan öwrenmek bilen, olaryň sanynyň artmagy üçin degişli agrotehniki çäreleri amala aşyrýarlar.

Baglara esewanlyk gerek

Bag ekmek barada söýgüli şahyrymyz Gara Seýitliýewiň: «Kim-de kim bir agaç ekse ýadygär, dünýäň kitabynda onuň ady bar» diýip belleýşi ýaly, halkymyz üçin bag nahallaryny ekmek, ösdürmek uly sogapdyr. Ata-babalarymyzdan gelýän bu parz iş şu günki günde hem hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesi bilen dowam etdirilýär. Arkadagly Serdarymyzyň göreldesi bilen ýurdumyzyň ähli ýerinde köpçülikleýin bag nahallaryny ekmeklik däbe öwrüldi. Şu ýyl hem asylly däbe eýerilip, bag ekmek çäresi geçirildi. Bag ekmek tebigatyň täsin gözelligine özboluşly gözellik goşmakdyr.  Ýurdumyzda her ýyl ekilýän erik, alma, şetdaly, ülje, garaly, zeýtun, limon, hurma, injir, arça, senuber, serwi, tut ýaly miweli we bezeg agaçlary biziň daş-töweregimizi gurşap alan tebigata özboluşly gözellik paýlaýar. Maglumatlara görä, bir gektar meýdandaky tokaý agaçlary her ýylda 30-68 tonna tozany saklap galmaga, zyýanly mikroorganizmleri ýok ediji maddalary — fitonsidleri köp mukdarda bölüp çykarmaga ukyplydyr.

Daşky gurşawy goralyň!

Ynsan saglygy üçin onuň ýaşaýan ýerindäki daşky gurşawyň, durmuş şertleriniň ýagdaýy wajyp ähmiýete eýedir. Tebigaty goramak we onuň arassa bolmagyny üpjün etmek barada hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary, ilkinji nobatda, halkymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyna gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik zehininden syzylyp çykan ajaýyp eserlerinde sahawatly türkmen topragynyň, her damjasy altyna deňelýän bereketli suwuň, ynsana şypa berýän ösümlikleriniň adamyň saglygyna, ruhuna taýsyz gymmatynyň bardygy giňden açylyp görkezilýär. Şeýle bolansoň Hakyň nazary siňen sahawatly topragymyzyň tebigy gurşawyny gorap saklamak, ony baýlaşdyrmak boýunça tutumly işler durmuşa geçirilýär. Türkmen tebigatyny gorap saklamak, saýaly we miweli agaçlaryň sanyny artdyrmak islendik türkmen raýatynyň öňünde durýan mukaddes borçdur. Şol borçlary ýaşlara düşündirmek bolsa biziň öňümizde durýan baş wezipedir. Hut şonuň üçin mekdebimizde bilim alýan okuwçylarymyza bag ekmegiň, olara ideg etmegiň inçe syrlaryny öwredýäris. Ýylyň-ýylyna bahar paslynyň gelmegi bilen bag ekmek çäresini geçirýäris. Oňa mekdebimiziň mugallymlary we okuwçylary işjeň gatnaşýarlar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen bag ekişlik

Tebigat täsinlikleri

Bäş reňkli köl Kimdir biri size gudratlar hakynda aýtsa, sizem bäş reňkli köl hakda gürrüň ediň. Hytaý Halk Respublikasynda ýerleşýän bu köl gyşda doňmaýar, tomusda guramaýar we ýylyň islendik wagty dürli reňkler bilen haýran galdyrýar. Kölüň düzüminde himiki elementleriň köp bolanlygy sebäpli, güneşli howada suwy ýaşyl, açyk gök, hatda gök sary bolýar. Reňki näçe üýtgese-de, geň galdyryjy ýagdaýy soňra ýene öz arassa durulygyna galýar. Köle seredeniňde aýna witrinadaky ýaly suwuň düýbünde daşlara seredip bolýar.

Köpetdag kyssalary

Pyşbaga «Pyşdyl, pyşdyl, pyşbaga, Pyşdyllap gider daga».                             (Sanawaç)

Jenewüt

Bu agajyň adynyň köplere nätanyş bolmagy-da mümkin. Ol ýurdumyzda seýrekläp barýan daragtlaryň biridir. Aslynda tallar, söwütler maşgalasyna degişli bolan bu agaç XIX-XX asyrlarda ata-babalarymyzyň iň köp ulanan daragtydyr. Uzyn baldaklary çeýe we inçe bolansoň, ondan dürli görnüşli iş gurallaryny ýasapdyrlar, örüpdirler. Olaryň arasynda şu günki günde-de ulanyşdan galman gelýän çolpular aýratyn ähmiýete eýedir. Çarwalar goýnuň, sygryň süýdüni süzenlerinde, düýäniň süýdüni gor küýzä guýanlarynda, dürli ölçegdäki çolpulary ulanypdyrlar. Eger-de mekgejöweniň dänesini gyzgyn çägeli gazanda gowrup, patrak almak islänlerinde, jenewütden syk dokalan çolpulardan peýdalanypdyrlar. Esasan, örmek usuly bilen taýýarlanylýan çolpular bir ýyldan beýleki ýyla çenli aňsat tozmandyr. Jenewüdiň baldaklarynyň ösýän döwri bolsa, ýene-de täze çolpular örülip taýýarlanylypdyr. Mundan başga-da, ata-babalarymyz jenewütden zemmerdir ojakbaşylary-da örüpdirler. Gurt, kak sermek üçin tegelek görnüşde dokalan gapakly sebetleri käbir obalarda şu günlerde hem görmek bolýar. Gapakly sebetlere salnan önümleri guş-gumrular alyp bilmändirler. Sebäbi jenewüt agajynyň baldaklary gurasa-da, öz çeýeligini ýitirmeýär.

Köýtendagyň täsin dünýäsi

Köýtendag gadymy arheologik ýadygärlikleriň mekany, türkmen tebigatynyň gözel ýerleriniň biridir. Köýtendagyň ady onuň relýefiniň özüne mahsus aýratynlygyny häsiýetlendirýär. Ol pars we türki sözleriniň birleşmesinden emele gelýän «geçmesi kyn dag» diýen manyny aňladýar. Bu ýerde 1986-njy ýylyň 11-nji iýulynda Köýtendag döwlet tebigy goraghanasy döredildi. Goraghananyň tutýan meýdany 27139 gektara barabardyr. Onuň döredilmeginiň esasy maksady Köýtendagyň we oňa golaý ýerleriň täsin tebigatyny goramakdan hem-de ekoulgamyny dikeltmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmekden ybaratdyr. Şonuň ýaly-da, juda seýrekdigi üçin Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň Gyzyl kitabyna girizilen burma şahly dag tekesini goramak zerurlygy bilen baglanyşyklydyr. Ertekilere meňzeş bu künjek ýurdumyzyň daşynda-da meşhurdyr. Köýtendagyň müň bir öwüşginli täsin gowaklary bar. Bu ýerdäki 30-a golaý gowagyň biri-birinden üýtgeşik eýwanlary bolup, olarda el bilen döredilene çalymdaş tebigy şekilleri synlamak mümkin. «Stalaktidler, stalagmidler» diýlip atlandyrylýan şeýle minerallar çalaja yşyk düşse, dürli şekillere eýe bolup, töwerege ýagty saçýar. Bu täsinligi görenler gowaklardaky ajaýyp eýwanlary «Aýazbaba», «Garpamyk», «Erteki» diýip atlandyrypdyrlar. Bu gözel

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +24... +29 gradusdan +26... +31 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +37... +42 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +32... +37 gradus yssy bolar.

Belki, gulakda galsyn!

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanlarynda). Ýer togalagynyň 70 göterim suwunyň bary-ýogy 0,3 göterimi içmäge ýaramly diýip, dünýä guramalarynyň bu mesele bilen gyzyklanýan bilermenleri anyk kesgitleme berýärler.

Tebigata söýgi — zähmete söýgi

Ata-babalarymyz kalbynda Zemine bolan mukaddes garaýşy doga kimin saklapdyrlar. Şonuň üçin-de, oňa «Ene ýer» diýip ýüzlenipdirler. Ata-babalarymyzyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşandygy, onuň gözelliklerini gorandygy, bir agaç ekmegiň sogapdygy hakyndaky ynanjy nesilleriň durmuş hakykatyna öwrendigini biziň hemmämiz bilýäris. Çünki ene ýer her bir ynsany edil öz enesi ýaly, gujagynda göterýär. Ýaşyl baglar, olaryň gök öwsüp durmagy, hem gözellik, hem saglykdyr. Şahyrlaryň aýdyşy ýaly, bu ýerde örän uly sazlaşyk bar. Bu hakykat Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda ýüzlenilýän rowaýatlaryň mysalynda anyk mazmuna eýe bolýar. Ine, kitapda  getirilýän tymsal örän täsin hem-de täsirli. Bir adamyň gyş oduny gutarypdyr. Ol çagajyklaryna dözmän, oduna gidipdir. Ol aýlanyp ýörşüne bir uly toraňňa gözi düşüpdir we ony çapmak isläpdir. Emma ol eline paltasyny alyp çapmaga hyýallananda, «Dur!», ikinji gezek hyýallananda bolsa, «Agajy çapmasana!» diýen naýynjar ses eşidilipdir. Ýöne bu adam toraňňyny çapmak pikirinden birjik-de dänmändir. Şol halatda ol ýene-de «Sen muny çapsaň, guşlar nirede höwürtgelesin?! Sen olaryň öýüni berbat edýärsiň» diýen ses ony niýetinden dänmäge mejbur edipdir. Ol seretse bu ses bir ejizje gu

Ýaz ýaly ýurduň ýazy

Ýerbende çenli ýolda Ýolýazgy

Köpetdag kyssalary

Kerkaw Arçalaryňa, kerkawlaryňa Baka-baka gözüm doýmaz.                         Geldi Bäşiýew.

Yssy howa we tebigat

Tomsuň yssy günlerinde diňe adamlar däl, ähli janly-jandarlar salkyn ýeriň gözleginde. Sebäbi yssy zerarly beden ysgyndan gaçýar. Şeýle günlerde ýaşyl ýaprakly ygşyldap oturan baglaryň belli gadyry ýokdur. Alymlar Awstraliýadaky koalalaryň yssydan goranyşyna gözegçilik edipdirler. Koalalaryň gyşyna ýokarky, tomsuna bolsa aşaky şahalarda günlerini geçirýändigine üns beripdirler. Has yssy günlerde olar agajyň düýbüne golaý, ýogyn şahalary gujaklap ýatýarlar. Barlaglar agajyň ýogyn baldaklarynyň howanyň gyzgynlygyndan 7 gradus töweregi sowuk bolýandygyny görkezdi. Şu ýagdaý uly agaçlaryň öz mikroklimatyny emele getirip, janly-jandarlaryň köpüsini yssydan halas edýär. A ýokuma baý ösümlikler — käşir, kädi, bulgar burç, erik, şetdaly, alma, gawun, oblepiha.