Türkmen tebigatynyň gözelligi göreni haýrana goýýar. Şol gözelligi synlap, kalbyň heýjana gelýär. Tebigatyň ylahy gözelligi mydama goralmalydyr. Ony goramak, aýawly saklamak biziň her birimiziň borjumyzdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselesi ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen, millionlarça düýp agaç nahallarynyň oturdylmagy ajaýyp däbe öwrüldi.