Köýtendagyň täsin dünýäsi

11 Iýul 2022
1039

Köýtendag gadymy arheologik ýadygärlikleriň mekany, türkmen tebigatynyň gözel ýerleriniň biridir. Köýtendagyň ady onuň relýefiniň özüne mahsus aýratynlygyny häsiýetlendirýär. Ol pars we türki sözleriniň birleşmesinden emele gelýän «geçmesi kyn dag» diýen manyny aňladýar. Bu ýerde 1986-njy ýylyň 11-nji iýulynda Köýtendag döwlet tebigy goraghanasy döredildi. Goraghananyň tutýan meýdany 27139 gektara barabardyr. Onuň döredilmeginiň esasy maksady Köýtendagyň we oňa golaý ýerleriň täsin tebigatyny goramakdan hem-de ekoulgamyny dikeltmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmekden ybaratdyr. Şonuň ýaly-da, juda seýrekdigi üçin Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň Gyzyl kitabyna girizilen burma şahly dag tekesini goramak zerurlygy bilen baglanyşyklydyr.

Ertekilere meňzeş bu künjek ýurdumyzyň daşynda-da meşhurdyr. Köýtendagyň müň bir öwüşginli täsin gowaklary bar. Bu ýerdäki 30-a golaý gowagyň biri-birinden üýtgeşik eýwanlary bolup, olarda el bilen döredilene çalymdaş tebigy şekilleri synlamak mümkin. «Stalaktidler, stalagmidler» diýlip atlandyrylýan şeýle minerallar çalaja yşyk düşse, dürli şekillere eýe bolup, töwerege ýagty saçýar. Bu täsinligi görenler gowaklardaky ajaýyp eýwanlary «Aýazbaba», «Garpamyk», «Erteki» diýip atlandyrypdyrlar. Bu gözel mekana gelip, Köýtendagyň durnanyň gözi ýaly dury dag çeşmelerinden datmadyk, bejeriş häsiýetli melhem suwundan içip görmedik az-azdyr.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
žurnalist.