Daşky gurşawy goralyň!

13 Iýul 2022
995

Ynsan saglygy üçin onuň ýaşaýan ýerindäki daşky gurşawyň, durmuş şertleriniň ýagdaýy wajyp ähmiýete eýedir. Tebigaty goramak we onuň arassa bolmagyny üpjün etmek barada hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary, ilkinji nobatda, halkymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyna gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik zehininden syzylyp çykan ajaýyp eserlerinde sahawatly türkmen topragynyň, her damjasy altyna deňelýän bereketli suwuň, ynsana şypa berýän ösümlikleriniň adamyň saglygyna, ruhuna taýsyz gymmatynyň bardygy giňden açylyp görkezilýär. Şeýle bolansoň Hakyň nazary siňen sahawatly topragymyzyň tebigy gurşawyny gorap saklamak, ony baýlaşdyrmak boýunça tutumly işler durmuşa geçirilýär.

Türkmen tebigatyny gorap saklamak, saýaly we miweli agaçlaryň sanyny artdyrmak islendik türkmen raýatynyň öňünde durýan mukaddes borçdur. Şol borçlary ýaşlara düşündirmek bolsa biziň öňümizde durýan baş wezipedir. Hut şonuň üçin mekdebimizde bilim alýan okuwçylarymyza bag ekmegiň, olara ideg etmegiň inçe syrlaryny öwredýäris. Ýylyň-ýylyna bahar paslynyň gelmegi bilen bag ekmek çäresini geçirýäris. Oňa mekdebimiziň mugallymlary we okuwçylary işjeň gatnaşýarlar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen bag ekişlik çäresine hem biz ýokary ruhubelentlikde gatnaşdyk.

Aksoltan REJEPOWA,
Türkmenabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiň mugallymy.