Sapaly deräniň goýnunda

13 Iýul 2022
887

Her ýyl zähmet rugsadyna çykyp, Köýtendaga gezelenç edýäris. Şu ýyl hem asylly däbimize eýerip, Gaýnarbaba kölüne, arnap tokaýlygyna, dinozawrlaryň aýak yzlarynyň ýerleşýän ýapgydyna baryp gördük. Soňra Umbar deresine geldik. Deräniň gözelligine, dag şaglawugyna haýran galyjylyk bilen seredip durkak, ýanymyza gelen ýaşuly bilen sözümiz alşyp gitdi. Köýten obasynda doglup, önüp-ösen goja bize dagyň gözel ýerleri barada gyzykly gürrüň berdi. Şonda joralarymyzyň biri ýaşuludan: «Köýtendagda şeýle gözel dereleriň näçesi barka?» diýip sorady. Ýaşuly biraz oýlanyp oturdy-da, gürrüňe başlady:

— Bu dagyň köp ýerine beledem bolsam, ähli derelerine bardym, aýlandym diýsem ýalançy bolaryn. Olary birme-bir sanabam göremok. Ýöne şeýle bir rowaýaty-ha eşidipdim. Gadym döwürlerde bir emeldaryň ýalňyz gyzy bar eken. Ol gyz ese-boýa galyp ýetişensoň emeldaryň gapysyndan gyzyna söz aýdyp gelýänleriň sany barha köpelipdir. Ýeke gyzynyň raýyny ýykman, gelen sawçylary hoşamaýlyk bilen yzyna gaýtarmakdan ýadan emeldar ahyrsoňy: «Kim Köýtendagyň näçe deresiniň bardygyny anyk aýdyp bilse, gyzymy şoňa berjek» diýip, jar çekdiripdir. Muňa emeldaryň garaşyşy ýaly, döwtalap köp bolsa-da, näçe deräniň bardygyny anyk aýdyp bilen bolmandyr. Bir mergen ýigit dereleri sanap, aýlanyp ýörşüne gijäni dag gerişlerinde geçirmeli bolupdyr. Ol köp odun ýygyp, ot ýakyp, özi otdan uzagrak ýerde ýatypdyr. Dag ýerinde her dürli ýyrtyjy haýwana garaşybermelidiginden ätiýaçlanan ýigidiň wagty bilen ukusy tutmandyr. Ýarym gije oýaly-ukuly ýatan mergeniň gulagyna bir düňküldi ses eşidilipdir. Assyrynlyk bilen synlap ýatyşyna adama çalymdaş äpet göwräniň oduň başyna gelenini görüpdir. Ýaňky elini oda tutanda, elleri lowurdap görnüpdir. Äpet, eýmenç mahluk ýatana nazaryny aýlap: «Bir-bir gezdim men altmyş iki deräni, ýöne görmändim bir derede iki kelläni» diýip, ýigide azar bermän, öz ýoluna gidipdir. Bagty çüwen batyr ýigit ertesi gün emeldara Köýtendagyň altmyş iki deresiniň bardygyny aýdyp, onuň gyzy bilen toý tutupdyr.

Gözel Annaýewa,
Döwletli etrabynyň Dostluk şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy.