Tebigata söýgi — zähmete söýgi

10 Iýul 2022
813

Ata-babalarymyz kalbynda Zemine bolan mukaddes garaýşy doga kimin saklapdyrlar. Şonuň üçin-de, oňa «Ene ýer» diýip ýüzlenipdirler. Ata-babalarymyzyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşandygy, onuň gözelliklerini gorandygy, bir agaç ekmegiň sogapdygy hakyndaky ynanjy nesilleriň durmuş hakykatyna öwrendigini biziň hemmämiz bilýäris. Çünki ene ýer her bir ynsany edil öz enesi ýaly, gujagynda göterýär. Ýaşyl baglar, olaryň gök öwsüp durmagy, hem gözellik, hem saglykdyr. Şahyrlaryň aýdyşy ýaly, bu ýerde örän uly sazlaşyk bar. Bu hakykat Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda ýüzlenilýän rowaýatlaryň mysalynda anyk mazmuna eýe bolýar. Ine, kitapda  getirilýän tymsal örän täsin hem-de täsirli.

Bir adamyň gyş oduny gutarypdyr. Ol çagajyklaryna dözmän, oduna gidipdir. Ol aýlanyp ýörşüne bir uly toraňňa gözi düşüpdir we ony çapmak isläpdir. Emma ol eline paltasyny alyp çapmaga hyýallananda, «Dur!», ikinji gezek hyýallananda bolsa, «Agajy çapmasana!» diýen naýynjar ses eşidilipdir. Ýöne bu adam toraňňyny çapmak pikirinden birjik-de dänmändir. Şol halatda ol ýene-de «Sen muny çapsaň, guşlar nirede höwürtgelesin?! Sen olaryň öýüni berbat edýärsiň» diýen ses ony niýetinden dänmäge mejbur edipdir. Ol seretse bu ses bir ejizje guşuň sesi eken. Ol adam goňşusyndan odun alaryn niýet bilen yzyna dolanmakçy bolanda, ýaňky guşjagaz «Ýagşylygyň bahasy altyndan hem gymmatdyr» diýip seslenipdir. Şondan soň durmuşda onuň ähli işi rowaç bolup gidiberipdir.

Gülnabat Saparowa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.