Yssy howa we tebigat

7 Iýul 2022
834

Tomsuň yssy günlerinde diňe adamlar däl, ähli janly-jandarlar salkyn ýeriň gözleginde. Sebäbi yssy zerarly beden ysgyndan gaçýar. Şeýle günlerde ýaşyl ýaprakly ygşyldap oturan baglaryň belli gadyry ýokdur. Alymlar Awstraliýadaky koalalaryň yssydan goranyşyna gözegçilik edipdirler. Koalalaryň gyşyna ýokarky, tomsuna bolsa aşaky şahalarda günlerini geçirýändigine üns beripdirler. Has yssy günlerde olar agajyň düýbüne golaý, ýogyn şahalary gujaklap ýatýarlar. Barlaglar agajyň ýogyn baldaklarynyň howanyň gyzgynlygyndan 7 gradus töweregi sowuk bolýandygyny görkezdi. Şu ýagdaý uly agaçlaryň öz mikroklimatyny emele getirip, janly-jandarlaryň köpüsini yssydan halas edýär.

A ýokuma baý ösümlikler — käşir, kädi, bulgar burç, erik, şetdaly, alma, gawun, oblepiha.

Agajan ÝAZGYLYJOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.