Baglara esewanlyk gerek

13 Iýul 2022
985

Bag ekmek barada söýgüli şahyrymyz Gara Seýitliýewiň: «Kim-de kim bir agaç ekse ýadygär, dünýäň kitabynda onuň ady bar» diýip belleýşi ýaly, halkymyz üçin bag nahallaryny ekmek, ösdürmek uly sogapdyr. Ata-babalarymyzdan gelýän bu parz iş şu günki günde hem hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesi bilen dowam etdirilýär. Arkadagly Serdarymyzyň göreldesi bilen ýurdumyzyň ähli ýerinde köpçülikleýin bag nahallaryny ekmeklik däbe öwrüldi. Şu ýyl hem asylly däbe eýerilip, bag ekmek çäresi geçirildi. Bag ekmek tebigatyň täsin gözelligine özboluşly gözellik goşmakdyr. 

Ýurdumyzda her ýyl ekilýän erik, alma, şetdaly, ülje, garaly, zeýtun, limon, hurma, injir, arça, senuber, serwi, tut ýaly miweli we bezeg agaçlary biziň daş-töweregimizi gurşap alan tebigata özboluşly gözellik paýlaýar. Maglumatlara görä, bir gektar meýdandaky tokaý agaçlary her ýylda 30-68 tonna tozany saklap galmaga, zyýanly mikroorganizmleri ýok ediji maddalary — fitonsidleri köp mukdarda bölüp çykarmaga ukyplydyr.

Süleýman Karaýew,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.