Hem berk, hem owadan

13 Iýul 2022
1011

Çäkli goraghanalarymyzyň meýdanlarynda duş gelýän ýemşen ösümligi özüniň owadanlygy bilen görenleri özüne çekýär. «Ýemşen» sözi grekçe «berk» diýen manyny berýär. Bu agaç örän berk bolup, uzak ýaşamaga ukyplydyr. Ýemşeniň boýy 4 metr çemesi bolýar, käte ol uzyn gyrymsy agaç görnüşinde-de gabat gelýär. Ýemşen alma görnüşli agaçlaryň maşgalasyna degişlidir. Ýapragy hatarma-hatar bolup, iki tarapy-da tüýjümekdir. Ýemşeniň miwesi gyzyl reňkde bolýar we süýji tagamlydyr. Özi-de sentýabr aýynda bişýär. Miwesini ýapraklary tänip ugrandan soň ýygmaly. Ýemşeniň miwesini kada laýyk guratsaň, öz dermanlyk häsiýetini sekiz ýyllap saklaýar. Onuň miwesinde karotin, krahmal, gant, organiki turşulyklar hem ýokumlar köpdür. Terje miwelerden mürepbe, şire suwy ýaly önümleri taýýarlap bolýar. Bu agajyň gabygyndan gyzyl-goňras reňk alynýar. Gyşda sowuga çydamly, gurak howada durnukly, giňişlikde gowy ösýän ýemşen örän peýdaly agaç. Onuň agajynyň her düýbünde 50 kilograma çenli miwesi bolýar. Ýemşen bezeg ösümligi hökmünde-de ulanylýar.

Goraghananyň ylmy işgärleri bu ösümligi ylmy taýdan öwrenmek bilen, olaryň sanynyň artmagy üçin degişli agrotehniki çäreleri amala aşyrýarlar.

Kuwandyk Saidow,
Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgäri.