"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetiniň nobatdaky mejlisi

Aşgabat, 22-nji noýabr (TDH). Şu gün Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň türkmen tarapynyň başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň hem-de hytaý tarapynyň başlygy, HKP MK-nyň Syýasy býurosynyň hemişelik toparynyň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Han Çženiň ýolbaşçylygynda sanly ulgam arkaly komitetiň 5-nji mejlisi geçirildi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi hem-de özara hereketleriň geriminiň giňeldilmegi boýunça pikir alşyldy. Şu ýylyň başyndan bäri geçirilen möhüm, ikitaraplaýyn çäreleriň Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine düýpli itergi berendigi bellenildi.

Halkara habarlar

KOREÝA RESPUBLIKASYNDA Golaýda Seul şäherinde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda giňden dabaralandyrylýan ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre guraldy. Oňa halkara guramalaryň wekilleri, goňşy döwletlerimiziň hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ilçileri gatnaşdylar. Bu barada neutrality.gov.tm saýtynda habar berilýär.

Işewür gatnaşyklar nebitgaz işleriniň ilerlemegine ýardam edýär

Nebit we gaz işlerinde, bu pudaklaryň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmakda, täze önümçilikleri gurmakda daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýeti uludyr. Şunuň bilen baglylykda, amatly şertler döredilip, «Türkmennebit» döwlet konserniniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. «Türkmennebit» döwlet konserni bilen bu kompaniýanyň arasynda hereket edýän şertnamanyň çäklerinde, hususan-da, işlemän duran hem-de ýapylmagy göz öňünde tutulan guýularyň azyndan 300-sini abatlamak we ulanmaga bermek barada Goşmaça ylalaşygy baglaşmagyň göz öňünde tutulýandygy habar berildi. Seýsmiki gözleg işleriniň jemleri boýunça maglumatlaryň bir bitewi binýady döredildi, Goturdepe ýatagynyň üç ölçegli nusgasy düzüldi hem-de gözleg guýularynyň jemi 52-siniň düýbi tutuldy. Bulardan başga-da, «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Altyguýy ýatagynda degişli işleri geçirmek meýilleşdirilýär. Munuň özi «Türkmennebit» döwlet konserniniň ýurdumyzyň nebit pudagyny ösdürmek maksady bilen senagat derejesindäki täze nebit gorlaryny gözläp tapmak, täze önümli gatlaklaryň hem-de känleriň üstüni açmak, şeýle hem

Bitaraplyk we halkara hyzmatdaşlyk

BMG-niň dürli düzümleri bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan 2011-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň birnäçe bölümleriniň we beýleki iri halkara guramalarynyň merkezi edaralarynyň ýerleşýän Ženewadaky bölüminde hemişelik wekilhanasyny açdy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyz möhüm wakalara beslenýär. Ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy we gözel paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy ýokary derejede bellenip geçildi. Şu günler mähriban halkymyz Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygyny zähmet üstünlikleri bilen dabaralandyrmak ugrunda joşgunly zähmet çekýär.

Parahatçylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen geçýän ýubileý ýylynyň şanly wakalarynyň biri-de paýtagtymyzda 28-nji noýabrda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammitidir. Onuň bilen baglanyşykly esasy çäreleriň hatarynda bu gurama agza döwletleriň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi, şeýle-de YHG-a agza ýurtlaryň işewürler maslahaty hem bar. Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasydyr. Bu iri sebitara düzüm ykdysadyýet we söwda ulgamlaryndaky netijeli döwletara gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen döredildi. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammiti onuň döredilen gününiň bellenilýän senesinde türkmen paýtagtynda geçiriler. Möhüm çäräni ýokary derejede guramak maksady bilen guramaçylyk topary döredildi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň ge­çen hep­de­dä­ki söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 37-si ha­sa­ba alyn­dy. Da­şa­ry ýurt wal­ýu­ta­sy­na BAE-den, Mal­ta­dan, Tür­ki­ýe­den we Ow­ga­nys­tan­dan ge­len işe­wür­ler Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da ön­dü­ri­len aras­sa­la­nan awia­ke­ro­si­ni, teh­ni­ki kü­kür­di, su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zy sa­tyn al­dy­lar. Şeý­le-de «Türk­men­ha­ly» döw­let bir­le­şi­gi­niň kär­ha­na­la­ryn­da ön­dü­ri­len ha­ly­lar sa­tyl­dy. Ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy ABŞ-nyň 30 mil­li­on 134 müň 500 dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy.

Halkara hyzmatdaşlyk giňeldilýär

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ýurdumyzyň gatnaşýan halkara guramalary, şol sanda Bütindünýä gümrük guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde bilelikdäki okuwlary, iş duşuşyklaryny, «tegelek stollary», mejlisleri geçirýär. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri bu guramanyň agzasy bolup durýar. Bütindünýä gümrük guramasynyň baş edarasy Belgiýanyň Brýussel şäherinde ýerleşýär. Häzirki wagtda bu gurama dünýä möçberinde gümrük işine ýöriteleşdirilen ýeke-täk halkara gurama, gümrük işi çygrynda halkara hyzmatdaşlygyň esasy halkasy bolup durýar. Oňa gatnaşyjy ýurtlar dünýä söwdasynyň 98 göterimine gözegçilik edýär.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forum

18-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda sanly ulgam arkaly çykyş etdi. Ýokary derejeli bu forum Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň hem-de birnäçe döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Forumyň gün tertibine häzirki döwrüň anyk ýagdaýlary bilen baglylykda, geljegi nazara alyp, Ýewraziýa hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri girizildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara foruma gatnaşyjylara sanly ulgam arkaly ýüzlenmesi

(2021-nji ýylyň 18-nji noýabry) Onuň Alyhezreti, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti hormatly jenap Mun Çže In!

Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiz Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda sanly ulgam arkaly çykyş etdi 18-nji noýabrda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda sanly ulgam arkaly çykyş etdi. Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň hem-de birnäçe döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýokary derejeli forumyň gün tertibine häzirki döwrüň anyk ýagdaýlary bilen baglylykda, geljegi nazara alyp, Ýewraziýa hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri girizildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara foruma gatnaşyjylara sanly ulgam arkaly ýüzlenmesi

(2021-nji ýylyň 18-nji noýabry) Onuň Alyhezreti, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti hormatly jenap Mun Çže In!

Türkmenistan — Azerbaýjan: dostlukly gatnaşyklar pugtalandyrylýar

18-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny we tutuş doganlyk türkmen halkyna rowaçlyk hem-de umumy bähbitlere laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Milli Liderimiz dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we halkyna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, ýakyn goňşulary bilen hoşniýetli gatnaşyklara hemişe sarpa goýýan Türkmenistanyň Azerbaýjan bilen iki döwletiň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda uzak möhletli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugruna ygrarlydygyny belledi. Duşuşygyň dowamynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ähli ulgamlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz hem-de myhman syýasy, söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda döwletara gatnaşyklaryň strategik häsiýetini nygtap, dürli ugurlarda gatnaşykl

Halkara gatnaşyklar pugtalandyrylýar

18-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda sanly ulgam arkaly çykyş etdi. Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň hem-de birnäçe döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýokary derejeli forumyň gün tertibine häzirki döwrüň anyk ýagdaýlary bilen baglylykda, geljegi nazara alyp, Ýewraziýa hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri girizildi. Koreýa Respublikasynyň Baştutany Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara foruma gatnaşýan döwlet Baştutanlaryna we beýlekilere tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de ýokary derejeli bu duşuşygyň ähmiýetini nygtady. Prezident Mun Çže In döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen şeýle çäreleri yzygiderli geçirmegiň sebitiň ýurtlary üçin möhümdigine ünsi çekdi. Dostlukly ýurduň Baştutany şu foruma wekilçilik edýän döwletleriň geografiýasynyň giňdigini belläp, duşuşygyň oňa gatnaşyjylaryň arasynda bu ulgamda netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň göreldeli waspçysy» atly bäsleşige

DÜNÝÄ NUSGALYK BEÝIK IŞLER Halklaryň dostlaşmagynda, doganlaşmagynda parahatçylygyň orny örän uludyr. Birek-birek bilen jebislikde hoşniýetli gatnaşyklary berkitmekde bolsa ynanyşmak ýörelgesi möhüm ähmiýete eýe bolýar. Bu gün älem içre bu iki ýörelgäni nusga edinen Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly bolmak bilen, halklaryň bähbidine gönükdirilen beýik başlangyçlary öňe sürýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Bütin dünýäde ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmek hormatyna mynasyp bolan türkmen Bitaraplygy, hakykatdan hem, gudratdyr» diýip bellemek bilen, Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetini açyp görkezýär. Üstümizdäki ýylyň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi halkymyzyň milli ýörelgesiniň älem içre ykrarnama eýedigini subut etdi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň esasy maksady hem parahatçylygy, ynanyşmagy, birek-birek bilen hoşniýetli gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda geçirilýän halkara çäreler, iri taslamalar, dürli ugurlarda gatnaşyklar ulgamynyň kämilleşdirilmegi şu ýörelgelerden ugur alýar. Dünýä ýüzünde ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygyny

Hyzmatdaşlyk berkidilýär

18-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny we tutuş doganlyk türkmen halkyna rowaçlyk hem-de umumy bähbitlere laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda sanly ulgam arkaly çykyş etdi

18.11.2021. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda sanly ulgam arkaly çykyş etdi. Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň hem-de birnäçe döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýokary derejeli forumyň gün tertibine häzirki döwrüň anyk ýagdaýlary bilen baglylykda, geljegi nazara alyp, Ýewraziýa hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri girizildi. Koreýa Respublikasynyň Baştutany Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara foruma gatnaşýan döwlet Baştutanlaryna we beýlekilere tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de ýokary derejeli bu duşuşygyň ähmiýetini nygtady. Prezident Mun Çže In döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen şeýle çäreleri yzygiderli geçirmegiň sebitiň ýurtlary üçin möhümdigine ünsi çekdi.

Türkmenistanda täze aragatnaşyk ulgamlary ornaşdyrylýar

Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bellenilýän, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagy Watany» şygary astynda geçýän ýylda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2021» atly XIV halkara onlaýn maslahaty ýurdumyzda iň täze aragatnaşyk serişdeleriniň ornaşdyrylyşyny çaltlandyrmaga, halkara aragatnaşyk ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmaga, ählumumy durnukly ösüş maksatlary jähtinden döwletleriň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleri şu gezekki halkara onlaýn-maslahatynda garalýan wajyp meseleleri ala alyp maslahatlaşmaga 25 ýurtdan wekilleriň 300-den gowragy gatnaşdy. Maslahatyň işine diňe bir işewür toparlary däl, eýsem, hünärmenler, bu ulgamdaky esasy alymlar hem-de bilermenler gyzyklanma bildirdiler. Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalyna ýygnananlar hem-de daşary ýurtly maslahata gatnaşyjylar teleköpri arkaly mähriban Arkadagymyzyň halkara maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Sanly ykdysadyýet, kanunçylygy rejelemek hem-de daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyna bagyşlanan umumy mejlisi

Oňyn başlangyçlar, möhüm wezipeler

Habar berlişi ýaly, 16-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hormatly Prezidentimiziň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Stambul sammitinde eden çykyşyndan gelip çykýan wezipeler hem-de 28-nji noýabrda ýurdumyzda guraljak iri halkara çärä — Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammitine taýýarlyk bilen bagly brifing geçirildi. Oňa TDIM-niň işgärleri, ýerli we Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk edýän habarlar gulluklarynyň žurnalistleri çärä wideoaragatnaşyk arkaly goşuldylar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 12-nji noýabrynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşdy. Türkmenistanyň Türki geňeşe synçy derejede goşulmagy hakynda çözgüdiň kabul edilmegi nobatdaky duşuşygyň many-mazmunyny, ähmiýetini has-da artdyrdy. Hut şu meselä ünsi çekip, iri habarlar agentlikleri Stambul sammitini türki dünýäniň ähli döwletlerini bir başa jemlän, doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlylygyň hakyky nusgasyny görkezen taryhy duşuşyk hökmünde häsiýetlendirdiler. Hormatly Prezidentimiziň sammitde eden çykyşy

Möhüm ulgam üçin kämil hünärmenler taýýarlanylýar

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bellenilişi ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň Merkezi Aziýanyň geosyýasy we geoykdysady taýdan örän amatly sebitinde ýerleşmegi ulag-üstaşyr geçelgeleriniň dünýä ähmiýetli ulgamyny döretmäge mümkinçilik berýär. Şoňa görä-de, milli Liderimiziň parasatly başlangyçlarynyň esasynda, bu ulgamy ösdürmek boýunça ýurdumyz we halkara guramalary tarapyndan amala aşyrylýan işler, kabul edilýän çözgütler tutuş adamzadyň geljegini nazarlap, derwaýys ädimlere badalga berýär. Bu barada aýdylanda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda», «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek», «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly

Hyzmatdaşlygyň gerimi giňeýär

Öňňin Daşary işler ministrliginde geçirilen brifing Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna bolan saparynyň, şeýle-de, onuň çäklerinde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşmagynyň jemlerine hem-de 28-nji noýabrda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine görülýän taýýarlyk bilen bagly meselelere bagyşlandy. Brifingiň dowamynda milli Liderimiziň Türki geňeşiň sammitinde eden çykyşyndan gelip çykýan esasy ugurlar beýan edildi hem-de Türkmenistanyň bu gurama synçy döwlet hökmünde kabul edilmeginiň aýratyn ähmiýeti nygtaldy. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň 15-nji sammitine görülýän taýýarlygyň barşy bilen hem tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, esasy çäreleriň hatarynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi, şeýle-de, YHG-ä agza ýurtlaryň işewürlik forumy geçiriler.