"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy

Aşgabat, 21-nji dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy sanly ulgam arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň her ýyl geçirilýän mejlisine gatnaşdy. Bu çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentleriniň we hökümetleriniň wekilleri, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, “BMG — Zenanlar” düzüminiň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýat jemgyýeti edaralarynyň, arap zenan parlamentarileriniň deňlik ugrunda “Ra edat” guramasynyň hem-de Afrika zenanlarynyň birleşiginiň ýolbaşçylary we wekilleri hem gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyzyň hyzmatdaşlyk ýoly bilen

Häzirki wagtda dünýäniň ykdysady ösüşiniň, durmuş abadançylygynyň we daşky gurşawyň goragynyň birek-birekden üzňe bolmadyk bitewüligi emele geldi. Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz halkara gatnaşyklarynda ekologiýa ugrunyň ileri tutulmagyna uly üns gönükdirmek bilen, bu ugurda oňyn başlangyçlar bilen çykyş edýär. Halkara giňişliginde adamyň we tebigatyň özara gatnaşygynda ýüze çykýan meseleleri ykdysady-durmuş ösüşleriniň, parahatçylygyň hem howpsuzlygyň meseleleri bilen birlikde toplumlaýyn çemeleşmäniň esasynda çözmek möhüm wezipe hökmünde öňe çykdy. Şu nukdaýnazardan, döwletimiz dünýä bileleşiginiň agzalary bilen hyzmatdaşlykda, ilkinji nobatda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde tagallalary birleşdirmegiň merkezi bolan Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara düzümleriniň çäklerinde häzirki zaman ählumumy meseleleri çözmäge döredijilikli gatnaşýar. Häzirki zaman şertlerinde howanyň üýtgemegi, onuň daşky gurşawa, ykdysadyýete, jemgyýete ýetirýän täsirlerini öwrenmek we azaltmak möhüm ählumumy meseleleriniň birine öwrüldi. Bu meselä aýratyn üns berilmegi onuň adamzadyň abadançylygynyň örän möhüm ugurlaryna güýçli täsir edýändigi bilen düşünilýär. Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde durnukly ösüş üçin amatly

Hökümetara türkmen-gazak toparynyň mejlisi

20.12.2021. Şu gün paýtagtymyzda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky 11-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen hökümetara toparyň gazak tarapyndan başlygy, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Roman Sklýaryň duşuşygy boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň giň gerimli hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hökümetara türkmen-gazak toparynyň mejlisi

Aşgabat, 20-nji dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky 11-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen hökümetara toparyň gazak tarapyndan başlygy, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Roman Sklýaryň duşuşygy boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň giň gerimli hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ulag-üstaşyr diplomatiýasy

Türkmenistanda ýol-ulag infrastrukturasynyň ösdürilmegi ýurduň içinde we halkara derejesinde ýükleriň, ýolagçylaryň gatnawyny artdyrmaga mümkinçilik berdi. Munuň özi Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dünýä ykdysady ulgamyna üstünlikli goşulmagyna giň şertleri döretdi. Ýurdumyz Ýewropa Bileleşigi bilen «Ýewropa — Kawkaz — Aziýa» (TRASEKA) ulag geçelgesini döretmekde hyzmatdaşlyk boýunça maksatnamany, Merkezi Aziýada Sebitara Ykdysady Hyzmatdaşlyk maksatnamasyny, Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň ýörite maksatnamasyny we beýleki halkara maksatnamalaryny amala aşyrmaga gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli ýöredýän ulag-üstaşyr diplomatiýasy esasynda täze çekilýän ýollaryň hasabyna ykdysady gatnaşyklar has pugtalanýar. Halkara ulag gatnawlarynyň ösdürilmegi ýurdumyzda öndürilýän, importyň ornuny tutýan ýokary hilli önümlerdir harytlaryň dünýä bazarlaryna bökdençsiz ugradylmagyny, şeýle hem üstaşyr geçýän ýükleriň barmaly nokadyna gysga wagtda barmagyny gazanmaga mümkinçilik berýär. Bu ugurda iri maksatnamalary durmuşa geçirmekde Türkmenistan diňe bir gatnaşyjy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, başlangyçlar, teklipler bilen çykyş edýän ýurt hökmünde özüni bütin dünýäde tanadýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy ta

Ýurdumyzda öndürilýän weterinar bioserişdeler

Mallaryň ýokanç keselleri maldarçylyga uly ýitgi we zyýan ýetirýän keselleriň birnäçesini özünde jemleýär. Şol keselleriň biri hem mallaryň brusellýoz (ýokanç bogun agyry) keseli hasaplanýar. Bu kesele garşy ýörite göreş çäreleri geçirilende, keseli takyk anyklap, onuň ojagyny kesgitlemek hem-de kesele garşy waksinalar bilen sanjym geçirmek esasy çäreler bolup durýar. Bu çäreleri geçirmek üçin Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň welaýat wekillikleriniň brusellýoz keseline garşy niýetlenen bioserişdeler bilen ýeterlik derejede üpjün edilmeginiň ähmiýeti uludyr. Mallaryň brusellýoz keseline garşy göreşmek üçin S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkeziniň alymlary tarapyndan işlenip düzülen bioserişdeleriň birnäçesi köp ýyllardan bäri Türkmenistanyň Döwlet weterinariýa gullugy tarapyndan mallaryň brusellýoz keseline garşy göreşmek boýunça ýörite çärelerde üstünlikli ulanylýar.

Telekeçilige - giň ýol

Iş gowy guralanda Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda giň gerime eýe bolýan tutumly işler Garaşsyz Watanymyzyň depginli ösdürilmegine ýardam edýär. Jemgyýetimiziň durmuşynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň oňyn täsirini indi her ädimde görmek bolýar. Ýurdumyzda rowaç alýan özgertmeler telekeçiligiň çalt depginlerde ösdürilip, kuwwatly öndüriji güýje öwrülmegine giň ýol açdy. Indi hususyýetçilerimiz diňe bir harytlaryň we önümleriň bolçulygyny döretmekde däl, eýsem, gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirip, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmakda-da uly tagallalary edýärler. Bularyň hemmesi milli Liderimiziň telekeçiligi ösdürmekde öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli amala aşyrylýandygyna güwä geçýär.

Eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­miz ösü­ş ýolunda

16-njy dekabrda Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň mas­la­hat­lar za­lyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ösü­şi­ne ba­gyş­la­nan türk­men eks­port edi­ji­le­ri­ hem-de «San­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti söw­da ul­ga­my­na ne­ti­je­li or­naş­dyr­mak­da ýe­ti­len sep­git­ler we öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­ler» at­ly hal­ka­ra mas­la­ha­ty geçirildi. Bu hal­ka­ra mas­la­ha­ty Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry B.Goç­mol­la­ýe­wiň çy­ky­şy bi­len baş­la­dy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň ge­çen hep­de­dä­ki söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 6-sy ha­sa­ba alyn­dy. Da­şa­ry ýurt wal­ýu­ta­sy­na Täjigistandan, Kiprden, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan we Türkiýeden ge­len işe­wür­ler Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da ön­dü­ri­len önüm­le­ri sa­tyn al­dy­lar. Ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy ABŞ-nyň 11 mil­lion 672 müň 400 dol­la­ry­ndan gowrak bol­dy.

2022-nji ýylda ma­ýa goý­maga naý­ba­şy ener­gi­ýa kom­pa­ni­ýala­ry­

«Bank of Ame­rica» kom­pa­ni­ýa­sy 2022-nji ýyl­da nebit-gaz pu­da­gy­na ma­ýa goý­mak üçin «Ros­neft», «Gazprom» we «Novatek»-i (Gün­do­gar Ýew­ro­pa, Ýa­kyn Gün­do­gar, Af­ri­ka) naý­ba­şy kom­pa­ni­ýa­la­ryň sa­na­wy­na goş­dy. Ban­kyň bi­ler­men­le­ri­niň pi­ki­ri­çe, bu kom­pa­ni­ýa­lar ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li hem-de ar­zan ba­ha­ly bo­lup, ma­ýa­dar­lar üçin gir­de­ji­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. «Bank of Ame­rica»-nyň bi­ler­men­le­ri­niň ha­sap­la­ma­la­ry­na gö­rä, «Ros­neft»-iň paý­na­ma­la­ry gel­jek ýyl, tak­my­nan, 40% ýo­kar­lan­mak müm­kin­çi­li­gi­ne eýe. «Novatek» 2030-njy ýy­la çen­li önüm­çi­li­gi­ni iki es­se art­dyr­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär.

«Plug Po­wer» bi­len «Edi­son Mo­tors» şert­na­ma bag­laş­dy

Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň elekt­rik aw­tou­lag ön­dür­ýän «Edi­son Mo­tors» kom­pa­ni­ýa­sy wo­do­rod ýan­gyç ele­ment­le­ri­niň kö­me­gi ar­ka­ly iş­le­ýän şä­her elekt­rik aw­to­bu­sy­ny iş­läp düz­mek we ba­za­ra çy­kar­mak mak­sat­ly, Ame­ri­ka­nyň «Plug Po­wer» kom­pa­ni­ýa­sy bi­len şert­na­ma bag­laş­dy. Bu şert­na­ma, 2022-nji ýyl­da «Plug Po­wer»-iň kuw­wat­ly­ly­gy 125 kWat-lyk «Pro­Gen» wo­do­rod ýan­gyç ul­ga­my bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan «Edi­son Mo­tors» şä­her elekt­rik aw­to­bu­sy­ny dö­ret­me­gi öz içi­ne al­ýar. «Edi­son Mo­tors» «SMART 110F» di­ýip at­lan­dy­ry­lan elekt­rik aw­to­bus­la­ry­ny köp­çü­lik­le­ýin ön­dür­mek­çi bol­ýar. Mun­dan baş­ga-da, kom­pa­ni­ýa­lar gel­jek­de elekt­rik he­re­ket­len­di­ri­ji­de iş­le­jek ýük aw­tou­lag­la­ry, sü­rü­ji­siz uçar­la­ry, gä­mi­le­ri iş­läp düz­mek we ön­dür­mek me­ýil­na­ma­la­ry bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk eder­ler. 

Dost-doganlyk ýörelgelerine eýerip

Türkmenistandan goňşy Owganystana azyk, dokma we hojalyk harytlaryndan hem-de nebit önümlerinden ybarat ynsanperwerlik kömegi ýetirildi. Biziň ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik hem-de özara goldaw bermek ýörelgelerine üýtgewsiz eýermek bilen, Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümleriniň ösdürilmegine düýpli goşant goşýar, dostlukly döwlete abadan durmuşyň esaslaryny pugtalandyrmakda yzygiderli ýardam berýär. Şu ýylyň 10-njy dekabrynda geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana ynsanperwerlik kömegi ugratmak hakynda Buýruga gol çekdi. Bu resminama goňşy Owganystana ykdysady, durmuş we ynsanperwer ugurlarynda ýardam hem-de hemmetaraplaýyn goldaw bermegi ulgamlaýyn we yzygiderli esasda dowam etmek maksady bilen gol çekildi. Resminama laýyklykda, dürli maksatly, hususan-da, Türkmenistanda öndürilen dokma we azyk önümlerinden, şeýle hem nebit önümlerinden ybarat ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegi üpjün edildi. Ynsanperwerlik ýüküni gowşurmak dabarasyna ýurdumyzyň wekilçilikli topary, owgan tarapyndan ýokary wezipeli adamlar gatnaşdylar. Türkmenistandan iberilen ynsanperwerlik ýüki kabul etmäge gatnaşan goňşy ýurduň ilaty hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Daba

Ynsanperwerligiň asylly ýörelgesi

Biziň ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik hem-de özara goldaw bermek ýörelgelerine üýtgewsiz eýermek bilen, Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümleriniň ösdürilmegine düýpli goşant goşýar, dostlukly döwlete abadan durmuşyň esaslaryny pugtalandyrmakda yzygiderli ýardam berýär. Şu ýylyň 10-njy dekabrynda geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystana ynsanperwerlik kömegi ugratmak hakynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, goňşy ýurda dürli maksatly, hususan-da, Türkmenistanda öndürilen dokma we azyk önümlerinden, şeýle hem nebit önümlerinden ybarat ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegi üpjün edildi.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen onlaýn duşuşyk

Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň nobatdaky bäşinji mejlisi geçirildi. Toparyň işine iki dostlukly ýurduň esasy ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine bar bolan döwletara ylalaşyklarynyň durmuşa geçirilişine hem-de Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumy girizildi. Toparyň ýolbaşçylary mejlisi açyp, deňhukukly we uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolan türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de artýan depginini kanagatlanma bilen nygtadylar. Taraplar söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, özara haryt dolanyşygynyň mukdarynyň artdyrylmagyna ýardam bermäge gönükdirilen anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de öňde durýan wezipeleri kesgitlediler. Şunda eksport-import amallaryny artdyrmaga we iberilýän harytlaryň hem-de hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmäge, maýa goýumlar babatda gatnaşyklary ösdürmäge iki döwletiň ykdysadyýet edaralarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak boýunça goşmaça çäreleri görmegiň zerurdygy bellenildi. Senag

Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegi

Türkmenistandan goňşy Owganystana azyk, dokma we hojalyk harytlaryndan hem-de nebit önümlerinden ybarat ynsanperwerlik kömegi ýetirildi. Biziň ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik hem-de özara goldaw bermek ýörelgelerine üýtgewsiz eýermek bilen, Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümleriniň ösdürilmegine düýpli goşant goşýar, dostlukly döwlete abadan durmuşyň esaslaryny pugtalandyrmakda yzygiderli ýardam berýär.

Netijeli gatnaşyklar işjeňleşdirilýär

13-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda eýran tarapynyň başlangyjy boýunça telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Dostlukly ýurduň Prezidenti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 26 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Eýranyň Lideri EYR-nyň ýurdumyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň belende galmagyny şertlendiren parahatçylyk söýüjilikli syýasaty ýöredýän Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň berkidilmegine we ösdürilmegine ygrarlydygyny tassyklady. Milli Liderimiz gutlaglar hem-de hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn netijeli gatnaşyklary ilerletmekde ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny, hyzmatdaşlygyň sazlaşykly we okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Dialog — parahatçylygyň kepili

Türkmenistanyň Prezidentiniň ählumumy başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy Aşgabat, 14-nji dekabr (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde Ministrler Kabinetiniň 10-njy dekabrda geçirilen giňişleýin mejlisiniň hem-de 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda türkmen paýtagtynda guralan “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatyň jemlerine bagyşlanan «tegelek stol» geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň ge­çen hep­de­dä­ki söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 103-si ha­sa­ba alyn­dy. Da­şa­ry ýurt wal­ýu­ta­sy­na Ga­za­gys­tan­dan we Gyr­gyz Res­pub­li­ka­syn­dan ge­len işe­wür­ler Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da ön­dü­ri­len önüm­le­ri sa­tyn al­dy­lar. Şeý­le-de Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň kär­ha­na­la­ryn­da ön­dü­ri­len önüm­ler sa­tyl­dy. Ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy ABŞ-nyň 5 mil­lion 989 müň 650 dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy.

“Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatyň (Parahatçylyk we ynanyşmak forumy) jemleýji resminamasy

“Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahata (Parahatçylyk we ynanyşmak forumy) gatnaşyjylar 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde ýygnanyşyp; Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine ygrarlydygymyzy tassyklap;

Sebit guramalary bilen giň hyzmatdaşlyk

11-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretarlaryny kabul etdi Türkmenistan – YHG: geljegi uly ugurlar boýunça pikir alyşmalar