"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Ta­ry­hy wa­ka­la­ra buý­sanç

«Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­ly­myz uly üs­tün­lik­le­re, ta­ry­hy wa­ka­la­ra bes­len­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň be­ýik ösüş­le­ri­ne, be­lent mak­sat­ly iş­le­riň ro­waç­lanma­gy­na äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Mu­nuň özi eziz Di­ýa­ry­my­zyň ab­ra­ýy­nyň has-da ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň be­ýa­ny­dyr.

Abadan durmuşyň mizemez esaslary

«Döwür», «zamana», «eýýam» diýen düşünjeler taryhyň menzillerinde bolup geçen wakalary, ýetilen sepgitleridir gazanylan üstünlikleri özünde jemlemek bilen, geljek nesillere döwlet gurmakda, dolandyrmakda, durmuş ýoluny, ösüş meýillerini saýlap almakda möhüm çelgi bolup hyzmat edýär. Türkmen topragyndaky taryhy hakyda bilen aýrylmaz bagly bolan döwletlilik ýörelgeleri döwürleriň synagyndan kemsiz geçip, bu günki günde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň binýadynyň berkemegine goşant goşýar. Berkarar döwletimizde geçmişiň, şu günüň we röwşen geljegiň mizemez sazlaşygy üpjün edilip, halkyň Arkadagly zamanasynyň täze belentliklerine ýol açylýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda uly ösüşlere beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň anyk mazmuny ýaşlar, täzeçil pikirler, döwrebap ösüşler, ýagty geljege gönükdirilen belent maksatlar bilen baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz: «Biziň esasy maksadymyz mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, bütin dünýäde parahatçylygy, özara ynanyşmagy berkitmeg

Türkmenistan — Tatarystan: dostluk, ynanyşmak, işjeňlik

19-njy maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna gulluk iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde hormatly myhman hökmünde «Russiýa — yslam dünýäsi: Kazan Summit 2022» XIII halkara ykdysady sammitine gatnaşdy we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Kazan şäheriniň Halkara howa menzilinden Gahryman Arkadagymyz sammitiň geçirilýän ýeri bolan «Kazan EKSPO» halkara sergi merkezine bardy. Forumyň çäklerinde «Kazan EKSPO» halkara sergi merkezinde giň gerimli sergi ýaýbaňlandyryldy. Elektrik çekiş güýjünde işleýän döwrebap awtobuslaryň nusgalary milli Liderimiziň ünsüni çekdi. Hormatly Arkadagymyz görkezilen nusgalar bilen tanşyp, ekologik taýdan arassa bu awtobuslary ýurdumyz üçin satyn almaga gyzyklanma bildirdi.

Uly tejribä esaslanyp

17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz dürli ulgamlarda ýöriteleşen «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar topary bilen hyzmatdaşlygyň uly tejribesini kanagatlanma bilen belledi. Soňky ýyllarda Sankt-Peterburgyň köpugurly holdingi ýurdumyzda gurlan ýol-ulag düzüminiň iri desgalarynyň birnäçesiniň potratçysy boldy. Häzir «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar topary Aşgabadyň günorta böleginde sil suwuny sowujy desgalar toplumynyň gurluşygynyň taslamasyny amala aşyrýar. Şoňa görä-de, duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary boýunça pikir alşyldy. Ony giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikler Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler strategiýasy bilen şertlendirilendir. Şunda türkmen bazarynda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň ýurdumyzyň daşary ýurtly işewür toparlar üçin özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga ýardam edýändigi bellenildi.

Üstünlikli hyzmatdaşlyk

17-nji maýda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler häzirki wagtda biziň ýurtlarymyzyň esasy ugurlaryň ählisi boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Dostlukly goňşy döwletleriň arasynda işjeň syýasy gatnaşyklar alnyp barylýar, şol sanda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlyk berkidilýär. Türkmen-gazak söwda-ykdysady gatnaşyklary, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk barha giňeldilýär we berkidilýär, parlamentara gatnaşyklar işjeňleşdirilýär. Türkmenistanyň we Gazagystanyň Baştutanlary ýola goýlan netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassyklap, özara hyzmatdaşlygyň iki ýurduň bähbidine yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Gatnaşyklar ösdürilýär

16-njy maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň barşynda ýakynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň hem-de zenanlaryň dialogynyň netijeleri barada gürrüň edildi.

Şükür — parlament diplomatiýasynyň wekili (Ýaş žurnalistiň sözi)

Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» powesti Şüküriň bagşy däl-de, sazanda bolandygy baradaky jümleler bilen başlanýan hem bolsa, aslynda, Şükür halk parlamentiniň wekili, medeni diplomatiýanyň öňbaşçylarynyň biri bolan şahsyýet. Sözümiz gury bolmaz ýaly, biraz giňişleýin düşündiriş bermäge synanyşalyň! Eýsem, Şükür halk parlamentiniň wekili, onda-da sözi diňlenilýän agzasy bolmadyk bolsa, ýesir düşen agasyny halas etmek ýaly wajyp meselede köpçüligiň gapma-garşy pikirdedigine garamazdan, özüni diňledip bilermidi?! Medeni diplomatiýa durky bilen berilmedik ynsan şeýle uly matlaba ýetmekde diňe sazyň güýjüne daýanmaga milt edip bilermidi, eýse?! Geliň, hakyda ýumagyny biraz yza saradyp, şol galagoply zamana aralaşmaga synanyşyp göreliň! ...Şükür saz çalýar. Daş-töweregi, nirededigini unudyp, saz çalýar. Onuň üçin häzir tutuş dünýäde diňe özi we dutary, ýüreginde bolsa parahatçylyk hakdaky ýeke-täk arzuwy bar, ol saz çalýar…

Işewür bilen duşuşyk

17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi. Işewür wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döredilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen mähirli gutlady hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şunda Russiýanyň holdinginiň Türkmenistan bilen ýola goýlan netijeli işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli, düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.

Ebedidir türkmen-tatar dostlugy

19-njy maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna gulluk iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde hormatly myhman hökmünde «Russiýa — yslam dünýäsi: KazanSummit 2022» XIII halkara ykdysady sammitine gatnaşdy we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Kazan şäheriniň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti

Ilerleýän hyzmatdaşlyk: türkmen-gazak gatnaşyklary

Berkarar döwletimiziň halkara derejesindäki gatnaşyklary «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda has-da berkidilip, bähbitli hyzmatdaşlyklar ösdürilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen amala aşyrylýan oňyn bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan Arkadagly Prezidentimiziň parasatly hem öňdengörüjilikli daşary syýasaty sebitde we dünýäde durnukly ösüşi, howpsuzlygy üpjün etmekde özüniň oňyn netijesini berýär. Ýurtlaryň dostana gatnaşyklaryny pugtalandyrýar we halklaryň arasynda ählumumy abadançylygyny üpjün edýär. Gazagystan Respublikasy bilen Türkmenistan diňe bir gury ýerde serhetleşmän, eýsem, Hazar deňziniň üsti bilen suw giňişligi arkaly hem serhetleşýär. Uzak geçmişiň dowamynda goňşulykda ýaşaýan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň 2021-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda ýurdumyza döwlet saparyny amala aşyrmagy ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna badalga berdi. Türkmenistan — Gazagystan döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we Hazar deňzindäki balyk tutulýan zolaklaryň ýanaşyk böleklerinde çäk çekmek hakynda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky şertnamanyň möhümdigi bellenildi. Iki dostlukly döwletiň Prezidentleri tarapyndan Hazar deňzinde Türkmenistan — Gazagystan döwlet serhediniň delim

Türkmenistan — Tatarystan: Russiýanyň sebitleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi nazarlap

KAZAN, 19-njy maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna gulluk iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde hormatly myhman hökmünde “Russiýa — yslam dünýäsi: KazanSummit 2022” XIII halkara ykdysady sammitine gatnaşdy we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Kazan şäheriniň Halkara howa menziline gelende, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. Howa menzilinden Gahryman Arkadagymyz sammitiň geçirilýän ýeri bolan “Kazan EKSPO” halkara sergi merkezine ugrady. Soňky ýyllarda bu wekilçilikli forum Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň we yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň, özara bähbitli gatnaşyklaryň we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň açyk halkara meýdançasyna öwrüldi.

Türkmenistan — Tatarystan: Russiýanyň sebitleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi nazarlap

KAZAN, 19-njy maý. Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna gulluk iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde hormatly myhman hökmünde «Russiýa — yslam dünýäsi: KazanSummit 2022» XIII halkara ykdysady sammitine gatnaşdy we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Kazan şäheriniň Halkara howa menziline gelende, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. Howa menzilinden Gahryman Arkadagymyz sammitiň geçirilýän ýeri bolan «Kazan EKSPO» halkara sergi merkezine ugrady. Soňky ýyllarda bu wekilçilikli forum Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň we yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň, özara bähbitli gatnaşyklaryň we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň açyk halkara meýdançasyna öwrüldi.

Türkmenistan — Tatarystan: Russiýanyň sebitleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi nazarlap

KAZAN, 19-njy maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna gulluk iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde hormatly myhman hökmünde “Russiýa — yslam dünýäsi: KazanSummit 2022” XIII halkara ykdysady sammitine gatnaşdy we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Kazan şäheriniň Halkara howa menziline gelende, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. Howa menzilinden Gahryman Arkadagymyz sammitiň geçirilýän ýeri bolan “Kazan EKSPO” halkara sergi merkezine ugrady. Soňky ýyllarda bu wekilçilikli forum Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň we yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň, özara bähbitli gatnaşyklaryň we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň açyk halkara meýdançasyna öwrüldi.

Halkara parlament diplomatiýasy

2022-nji ýylyň 12-13-nji maýynda Aşgabatda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de zenanlaryň dialogy geçirildi. Bu möhüm ähmiýetli çärelere Russiýadan, sebitiň ýurtlaryndan parlamentarilerdir halkara guramalaryň wekilleriniň, bilermenleriň köp sanlysy gatnaşdylar. «Merkezi Aziýa — Russiýa Federasiýasy» görnüşinde sebitde ilkinji gezek geçirilen Parlamentara forum we zenanlaryň dialogy däp bolan dostlukly türkmen-rus, türkmen-gazak, türkmen-gyrgyz, türkmen-täjik, türkmen-özbek gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmakda aýratyn ähmiýete eýedir.

Hoşniýetli gatnaşyklaryň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ata Watanymyz bedew bady bilen öňe barýar. Ýurdumyz belent sepgitlere, uly ösüşlere beslenýär. Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň belent başlangyçly işleriniň netijesinde, döwletimiziň halkara abraýy barha artýar. Güneşli Diýarymyzyň  halkara derejesindäki çäreleriň, forumlaryň, maslahatlaryň geçirilýän meýdançasyna öwrülmegi bilen ýurdumyzyň ösüşi bütin dünýä äşgär bolýar. Şu ýylyň 12-nji maýynda paýtagtymyz Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň ilkinji Parlamentara forumy geçirildi. Forumda medeni-ynsanperwer, ylmy-tehniki ulgamlardaky, lukmançylyk diplomatiýasy babatdaky, ulag-aragatnaşyk, söwda ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyklary, gatnaşyklary ösdürmek möhüm meseleleriň biri boldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Parlament diplomatiýasy parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň guraly bolmalydyr.

Zenanlaryň Dialogy

Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň «Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny» atly dialogy geçirildi. Oňa sebitiň bäş ýurdunyň hem-de Russiýanyň wekilleri, Birleşen Milletler Guramasynyň sebit düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Plenar mejlisiň dowamynda çykyş eden Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Mejlisiniň durmuş-medeni ösüşi boýunça komitetiniň başlygy Jamila Nurmanbetowa, Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Toragynyň orunbasary Jemilýa Isaýewa, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Galina Karelowa, Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Zenanlaryň we maşgalanyň işleri boýunça komitetiň başlygy Hilolbi Kurbanzoda, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy A.Durdyýewa, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň başlygy Tanzila Narbaýewa Merkezi Aziýanyň her bir döwletiniň hem-de Russiýanyň milli tejribesi, wekilçilik edýän ýurtlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, kanunçylyk we institusion esaslary kemala getirmek hem-de pugtalandyrmak arkaly gender deňligini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler bilen tanyşdyrdylar.

Abraýy älemde ykrar Arkadag

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp günlerinde paýtagtymyzda üstünliklere beslenip geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň netijeleri döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm ädim boldy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda üstünlikli geçirilen bu forumda Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň «МПА СНГ. 30 лет» ýubileý medaly, Azerbaýjan Respublikasynyň «Hormatly aksakgal», «Ulu Türk» altyn ordenleri, şeýle hem «Ýer ýüzünde parahatçylyk üçin» milli baýragy bilen sylaglanmagy bagtyýar halkymyzda uly buýsanç döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, häzirki taryhy eýýamda parlament diplomatiýasy parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň guraly bolmalydyr. Her bir geçirilýän halkara forumlarda, duşuşyklarda we maslahatlarda Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, özara ynanyşmak ýörelgelerini pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. Häzirki wagtda ýurdumyz halkara gatnaşyklaryny üstünlikli ýola goýmakda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly pelsepäni işjeň durmuşa geçirýär. Parlamentara gatnaşyklary ösdürmekde hem bu pelsepäniň ähmiýeti uludyr.

Hyzmatdaşlygyň Aşgabat görnüşi

hakda iki agyz kelam Şu ýylyň 12-nji maýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hakda, dogrusy, iki agyz däl, has uly, düýpli we giňişleýin gürrüň etmek gerek. Forum hakynda analitik gürrüň etmegi syýasatçylara hem-de syýasy temadan ýazýan kärdeşlerimize goýup, biz «Hamyr ujundan petir» diýenlerini edip, bu forumyň özümizde galdyran käbir täsirleri barada iki agyz aýtmakçy bolýarys.

Işjeň gatnaşyklar pugtalandyrylýar

17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi. Işewür wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döredilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen mähirli gutlady hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip hem-de Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny nygtap, dürli ulgamlarda ýöriteleşen «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar topary bilen hyzmatdaşlygyň uly tejribesini kanagatlanma bilen belledi.