"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Parahatçylygyň hem ynanyşmagyň ýolunda

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 21-nji iýulynda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy. Konsultatiw duşuşyklar soňky ýyllarda Merkezi Aziýa döwletleriniň sebitde parahatçylygy, dost-doganlygy hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmak ýaly maksatlarynyň bir bitewi ulgamyny emele getirdi. Şeýle duşuşyk geçen ýylyň 6-njy awgustynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilipdi. Her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu duşuşygyň gerimi has-da giňeýär. Gadymy gyrgyz topragynda geçirilen bu gezekki konsultatiw duşuşyk hem baý many-mazmuna beslenip, ol netijeli we ygtybarly hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagynda möhüm ädimleriň biri boldy. Arkadagly Serdarymyzyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda çykyş edip, uzak geljegi nazarlaýan hem-de sebitde halklaryň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha arşa galýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.

Gazagystanyň hem-de Türkmenistanyň deňiz portlary bilelikdäki hyzmatdaşlygy ösdürer

Bakuwyň Halkara deňiz söwda porty bilen Türkiýäniň «Albayrak Holding» kompaniýasy özara hyzmatdaşlyk etmek barada şertnama baglaşdylar. Resminamalara gol çekişmek dabarasynyň dowamynda Baku portunyň Baş direktory Taleh Ziýadow şu ýylyň awgust aýyna meýilleşdirilen Ro-Ro terminalynyň işe girizilýändigini mälim etdi. Gazagystanyň hem-de Türkmenistanyň portlary bilen bilelikdäki hyzmatdaşlygy nazarda tutmak bilen, degişli ugurlar boýunça durnukly üpjünçilik zynjyryny gurmak meýilleşdirilýär. Gol çekilen şertnamanyň çäklerinde Türkiýäniň «Albayrak Holding» kompaniýasy hem bu çözgüdiň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşar.

ULAG STRA­TE­GI­ÝA­SY: GEL­JE­GI NA­ZAR­LA­ÝAN DÜN­ÝÄ ÄH­MI­ÝET­LI IŞ­LER

18-nji iýul­da paý­tag­ty­myz­da Ýew­ra­zi­ýa­da yklymara ulag hyz­mat­daş­ly­gy­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­ga ba­gyş­la­nan «Hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri: öza­ra ara­bag­la­ny­şyk we ösüş» at­ly hal­ka­ra mas­la­haty açyldy. We­kil­çi­lik­li fo­ru­my­na mi­nistr­lik­le­riň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri, bi­ler­men­ler, ma­ýa­dar­lar, ýur­du­my­zyň we da­şa­ry ýurt­la­ryň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň ha­ta­ryn­da «Vitol», «Me­no Lo­gis­tics», «Boeing», «Dra­gon Oil», «Fly Du­bai», «Air­bus», «Car­go Lux» hal­ka­ra lo­gis­ti­ka we eks­pe­di­tor­çy­lyk kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň, Ho­wa Ulag­la­ry­nyň Hal­ka­ra As­so­sia­si­ýa­sy­nyň (IATA), Hal­ka­ra gä­mi­çi­lik eda­ra­sy­nyň (ICS), Hal­ka­ra aw­to­mo­bil ulag­la­ry bir­le­şi­gi­niň (IRU), Mer­ke­zi Azi­ýa­da «USAID» mak­sat­na­ma­sy­nyň we­kil­le­ri bar. Mas­la­ha­tyň mej­lis­le­ri­ne hem-de pi­kir alyş­ma­la­ry­na hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we ma­li­ýe eda­ra­la­ry­nyň, BMG-niň, ÝHHG-niň, Bü­tin­dün­ýä ban­ky­nyň, A

Merkezi Aziýa: bitewi ykdysady giňişligi emele getirmegiň ýolunda

Elbetde, şeýle giňişlik döremelidir we eýýäm döräp ýör. Muny durmuşyň özi salgy berýär. Ýöne ol haçan gutarnykly dörär?! Ýene üç ýyldanmy, bäş ýa on ýyldanmy? Mesele şunda. Soňky iki-üç ýylyň wakalaryndan çen tutsaň, sebitimiziň ykbalynda hökman bolaýmaly hem-de oňa garaşylýan täzeden Galkynyş döwrüniň gelmegine az wagt galypdyr. Merkezi Aziýanyň halklary uzak asyrlaryň dowamynda garaşly bolup geldiler, kynçylygy, horlugy görüp ýaşadylar. Indi döwür üýtgedi, sebitiň halklary täzeden galkynmaga taryhy mümkinçilik aldylar: olar köp garaşdyran ýurt Garaşsyzlygyna eýe boldular. Garaşsyzlygyň 30 ýyly halklaryň demini dürsemegine, ösüş ýoluny saýlamaga harç edildi. 30 ýyl az möhlet däl, elbetde, ýöne aň-düşünje bir günde ýa bir ýylda özgermeýär, oňa wagt gerek. Geçen döwür biziň nepesimizi durlamaga, ata-baba köklerimize dolanmaga hem-de mundan beýläkki ösüş ýolumyzy saýlap-seçmäge gerek boldy.

Hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­niň aýdyň ýoly

Parahatçylyga hem bagtyýarlyga uzaýan ýol

Şu ýylyň 21-nji iýulda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygy sebiti syýasy, ykdysady, medeni, işewürlik, ulag-logistika taýdan ösdürmekde, ählumumy howpsuzlygy berkitmekde täze başlangyçlarydyr garaýyşlary ýüze çykardy. Sebitiň ýokary derejeli forumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çykyş edip, Merkezi Aziýany ählitaraplaýyn ösdürmek, şeýle-de asudalygy, parahatçylygy hem-de birek-birege ynanyşmagy berkitmek bilen baglanyşykly beýan eden teklipleri ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň sebitdäki ähmiýetiniň şöhlelenmesine öwrüldi. Sebitiň asudalygy, halklaryň agzybirligi, serhetleriň eldegrilmesizligi, munuň üçin özara hyzmatdaşlygy has-da berkitmek we parahatçylyga hyzmat etjek täze gurallary döretmek gürrüňi edilýän forumda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Hormatly Prezidentimiz konsultatiw duşuşykda eden çykyşynda bu barada giňişleýin durup geçmek bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralaryna BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň gatnaşmagynda ýakyn iki ýyl üçin howpsuzlyk ulgamynda gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça «Ýol kartasyny» işläp taýýarlamagy teklip etdi. Bu teklip sebit

Türk­me­nis­tan — ÝU­NES­KO: hyz­mat­daş­lyk iş­jeň­leş­di­ril­ýär

Öň­ňin Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de BMG-niň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň (ÝU­NES­KO) iş­le­ri ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň mil­li to­pa­ry­nyň no­bat­da­ky mej­li­si ge­çi­ril­di. Mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne to­pa­ryň 2022-nji ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri we gel­jek dö­wür üçin iş­le­riň me­ýil­na­ma­sy bo­ýun­ça me­se­le­ler gi­ri­zil­di. Çy­kyş­lar­da ha­sa­bat döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gör­kez­me­le­ri­ne hem-de tab­şy­ryk­la­ry­na, to­pa­ryň 2022-nji ýyl üçin iş me­ýil­na­ma­syn­da bel­le­ni­len we­zi­pe­le­re, ÝU­NES­KO bi­len bi­le­lik­dä­ki he­re­ket­le­riň 2021 — 2023-nji ýyl­lar üçin Me­ýil­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da al­nyp bar­lan iş­ler ba­ra­da ha­bar be­ril­di.

Dün­ýä uza­ýan ýol­lar

Bil­şi­miz ýa­ly, ýa­kyn­da paý­tag­ty­myz­da Ýew­ra­zi­ýa­da üs­ta­şyr ulag hyz­mat­daş­ly­gy­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­ga ba­gyş­la­nan «Hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri: öza­ra ara­bag­la­ny­şyk we ösüş» at­ly hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň «Türk­men Fo­rum» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti bi­len bi­le­lik­de gu­ran we­kil­çi­lik­li fo­ru­my­na mi­nistr­lik­le­riň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri, bi­ler­men­ler, ma­ýa­dar­lar, ýur­du­my­zyň we da­şa­ry ýurt­la­ryň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­dow hal­ka­ra mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ra ibe­ren Gut­la­gyn­da şeý­le bel­le­ýär: «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­le­ri­ni yg­ty­bar­ly­lan­dyr­mak üçin amat­ly şert­le­riň dö­re­dil­me­gi döw­le­ti­mi­zi yk­ly­ma­ra ugur­lar bo­ýun­ça mö­hüm hal­ka­ra ge­çel­gä öwür

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY (2022-nji ýylyň 21-nji iýuly)

Hormatly Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary! Hormatly duşuşyga gatnaşyjylar!

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

Aşgabat, 25-nji iýul. Şu gün Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa bu toparyň, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine toparyň 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri we geljek döwür üçin işleriň meýilnamasy boýunça meseleler girizildi. Çykyşlarda hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň görkezmelerine hem-de tabşyryklaryna, toparyň 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasynda bellenilen wezipelere, ÝUNESKO bilen bilelikdäki hereketleriň 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Meýilnamasyna laýyklykda alnyp barlan işler barada habar berildi.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

Aşgabat, 25-nji iýul (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa bu toparyň, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine toparyň 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri we geljek döwür üçin işleriň meýilnamasy boýunça meseleler girizildi. Çykyşlarda hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň görkezmelerine hem-de tabşyryklaryna, toparyň 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasynda bellenilen wezipelere, ÝUNESKO bilen bilelikdäki hereketleriň 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Meýilnamasyna laýyklykda alnyp barlan işler barada habar berildi.

Dünýä syýasatynda parlak ýyldyz

...Makalamyza şeýle at goýmagymyz ýöne ýerden däl. Şeýle pikire gelmäge bizi Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine ählihalk ynamy netijesinde saýlanan wagtyndan bäri halkara syýasatda gazanýan at-abraýy esas berýär. Adatça, täze saýlanan döwlet Baştutanynyň, syýasatçynyň özüni açmagy, iş başarjaňlygyny, zehindir ukybyny, goldanýan syýasatyny aýdyňlaşdyrmagy üçin mazaly wagt gerek. Emma Arkadagly Serdarymyz turuwbaşdan şeýle ýokary döwlet wezipesinde özüniň öňdengörüji, çuň pähim-paýhasly, ýiti syýasatçydygyny subut etmegi başardy. Magtymgulynyň: «Owal akan ýerden akarmyş aryk» diýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň bu ukyp-başarnyklarynyň, zehininiň gözbaşynda döwrümiziň ykrar edilen syýasatçysy Gahryman Arkadagymyzyň ata-baba aslyndan gözbaş alýan syýasy we durmuş tejribesi bar. Özi-de hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyzyň bu ýol-ýörelgesini döwrebap syýasy hem ykdysady ýagdaýlara oňat düşünýän, gujurly ýolbaşçy hökmünde täze derejä çykarýar.

Türkmenistan — Wýetnam: hyzmatdaşlygyň täze sahypalary

Ýakyn-u-alys ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistan döwletimiziň strategik hyzmatdaşlygyň täze sahypasyny açan ýurtlarynyň biri-de Wýetnam Sosialistik Respublikasydyr. Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 29-njy iýulynda ýola goýuldy. Günorta-Gündogar Aziýada ýerleşýän Wýetnam Sosialistik Respublikasy dünýäniň ykdysady taýdan çalt depginde ösýän ýurtlarynyň hataryna girýär. 331,2 müň inedördül kilometr meýdany eýeleýän ýurtda 99,5 milliona golaý ilat ýaşaýar. Wýetnamyň çäginde fosfatlaryň, kömrüň, margenesiň, boksitleriň, hromitleriň baý gorlary bar. Deňiz kenarlarynda nebit we gaz çykarylýar. Şeýle hem ýurtda tokaýçylyk we gidroenergetika pudaklary ösendir. Ýöne ýurduň ykdysadyýetiniň esasy bölegi senagatyň paýyna düşýär. Elektron enjamlaryň we hojalyk tehnikalarynyň önümçiligi, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, tikinçilik, gämi gurluşygy we beýlekiler senagatyň öňdebaryjy ugurlarydyr.

Goňşuçylyk gatnaşyklary işjeňleşdirilýär

24-nji iýulda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Gahryman Arkadagymyz dostlukly döwletiň Baştutanyny 65 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk we abadançylyk, doganlyk halkyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Prezident Şawkat Mirziýoýewiň parasatly baştutanlygynda Özbegistan Respublikasy ägirt uly özgertmeleri amala aşyryp, ösüşiniň täze tapgyrynda ajaýyp üstünlikleri gazanýar. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy soňky ýyllarda hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň ýetilen derejesine ýokary baha berip, şol gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna Özbegistanyň Baştutanynyň aýratyn üns berýändigini hem-de şahsy goşandyny belledi.

Ýurdumyzda ilkinji ÝUNESKO kluby

22-nji iýulda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ilkinji ÝUNESKO kluby dabaraly ýagdaýda açyldy. «Parahatçylyk dilleri» atly ÝUNESKO klubunyň açylyş dabarasyna institutyň ýolbaşçy düzümi, professor-mugallymlary, talyp ýaşlary gatnaşdylar. Şeýle hem dabara ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň wekilleri gatnaşyp, ýurdumyzda ilkinji gezek döredilen bu klubuň maksatlarydyr wezipeleri dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Açylyş dabarasynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa çykyş edip, klubuň esasy maksadynyň adalatlylygyň we adam hukuklarynyň ählumumy hormatyny üpjün etmek maksady bilen, ynsanperwer ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge ýardam etmekden ybaratdygyny belledi. Dabara gatnaşanlaryň çykyşlarynda nygtalyşy ýaly, «Parahatçylyk dilleri» atly ÝUNESKO kluby institutyň ÝUNESKO-nyň ileri tutýan maksatlaryna eýerýän we olara gyzyklanma bildirýän talyplarynyňdyr mugallymlarynyň birleşmesi bolar. Olar gönüden-göni bu guramanyň alyp barýan işi bilen bagly çäreleri durmuşa geçirip, olary köpçülige wagyz etmek ugrunda tagalla ederler.

Merkezi Aziýa: mümkinçilikleriň «altyn açary»

Bu sebit Aziýanyň ýüreginde ýerleşip, tutuş Ýewraziýa giňişliginde ägirt uly mümkinçiliklere eýe hyzmatdaşlyk çatrygydyr Sözbaşydaky tassyklamamyz edil Ýewklidiň 5-nji postulaty ýaly jedelsiz aksiomadyr. Çünki amatly geoykdysady ýerleşişi bilen tapawutlanýan Merkezi Aziýa taryhyň bütin dowamynda Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda özboluşly «köpri» bolup geldi we şeýle bolmagynda-da galýar. Şonuň üçin-de, sebitiň ýurtlarynyň özara hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de işjeňleşdirmek häzirki günüň wajyp wezipesidir. Bu wezipäni üstünlikli çözmek bolsa, ilkinji nobatda, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge oňaýsyzlyk döredýän täsirleri aradan aýryp biljek netijeli gurallary işläp taýýarlamagy we durmuşa ornaşdyrmagy talap edýär. Şu meselelerdir zerurlyklar dogrusynda 21-nji iýulda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynda giňişleýin durlup geçildi, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan möhüm teklipler öňe sürüldi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Aşgabat, 24-nji iýul. Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Gahryman Arkadagymyz dostlukly döwletiň Baştutany bilen mähirli salamlaşyp, özbek Liderini 65 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk we abadançylyk, doganlyk halkyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

EKOLOGIK SYÝASAT: HYZMATDAŞLYK, HOWPSUZLYK WE ABADANÇYLYK

Tebigaty, has anygy, biologik köpdürlüligi — ekoulgamy goramak ýurdumyzyň durmuş özgertmeleriniň esasy ugruny düzýär. Türkmenistan diňe öz çäginde ýa-da sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde hem ekologik abadançylygy üpjün etmekde netijeli çäreleri durmuşa geçirmek bilen, bu babatda öňe sürülýän oňyn başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine-de şert döredýär. Bu bolsa ýaşaýşyň we umumy ekologik gurşawyň gowulanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň tutuş dünýäde ekologik meseleleri çözmäge we daşky gurşawy goramaga uly goşant goşýandygy gürrüňsiz ykrar edildi. «Tebigaty goramak — nesilleri goramakdyr» diýen aýtgyny köpiňiz eşiden bolsaňyz gerek. Tebigat bilen ynsanyň bitewüligi inkär edip bolmajak hakykatdyr. Olaryň özara sazlaşykda bolmagy, jebisligi adamzadyň howpsuz we abadan ösüşini üpjün edýän ilkinji zerurlykdyr. Bu meselede çataklygyň döremegi iň uly betbagtçylykdyr. Ýurdumyzda tebigatyň gözelliklerini, daşky gurşawy gorap saklamak ýaly meseleleriň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülmegi guwandyryjy ýagdaýdyr. Häzirki wagtda daşky gurşawy goramaga, topragymyzyň tebigy baýlyklaryny netijeli ulanyp, ekologik howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen işler utgaşykly alnyp barylýar.

Birža söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 73-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Türkiýeden, BAE-den we Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, awtobenzini, arassalanan dizel ýangyjyny, göni işlenen benzini we tehniki kükürdi satyn aldylar. Şol sanda Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 41 million 403 müň 150 dollaryna deň boldy.

Merkezi Aziýa: sebitiň ykbalyna jogapkärçilikli çemeleşme

Çolpon-Ata duşuşygynyň netijelerine syn Merkezi Aziýa sebiti barada gürrüň edilende, syýasatşynaslaryň köpüsi oňa «hoşniýetli goňşuçylykda ýaşamagyň sungaty» hökmünde baha berýärler. Şeýle diýmek bilen, olar, ilkinji nobatda, biziň halklarymyzyň mizemez dostluk hem doganlyk gatnaşyklarynyň, döwletlerimiziň bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň binýadynyň örän berkdigini, islendik meseläni bilelikde çözmekde sebit ýurtlarynyň hemişe jebisligiň, agzybirligiň, raýdaşlygyň ajaýyp nusgasyny görkezýändiklerini tekrarlaýarlar. Bu hakykat Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 21-nji iýulda Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen dördünji konsultatiw duşuşygynda-da mese-mälim ýüze çykdy. Sammitiň geçişi iri habarlar gulluklarydyr syýasy analitikler tarapyndan «Merkezi Aziýa «bäşligi» häzirki gapma-garşylyklara jebisleşmek ruhunda hötde gelmäge çalyşýar» diýlip teswirlendi.