"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Makalalar

Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň belentliklerini nazarlap

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» dünýäniň alysdaky, goňşy we Merkezi Aziýa döwletleri bilen özara düşünişmek, ynanyşmak ýörelgesi esasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň 6-njy maýynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä we Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna, 9-njy maýda Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwada 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy, 10 — 11-nji maýda bolsa Täjigistan Respublikasyna bolan döwlet saparynyň guwandyryjy üstünliklere beslenmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

Türkmen — hytaý gatnaşyklary ösdürilýär

Türkmen-Hytaý hyzmatdaşlygy ilerleýär

18-19-njy maýda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammiti geçiriler Hoşniýetli, dostlukly diplomatik gatnaşyklaryny 31 ýyl bäri durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasy hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy üstünlikli alyp barýar. Söwda-ykdysady, ulag-logistika, ýangyç-energetika boýunça iki döwletiň arasynda häzirki güne çenli gol çekilen ençeme resminamalar hereket edip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze sahypalaryny emele getirdi. Hyzmatdaşlygyň täze tapgyry bolup, üstümizdäki ýylyň 18-19-njy maýynda Hytaýyň Sian şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammiti örboýuna galýar. Oňa sebitiň alty döwletiniň Liderleri we wekiliýet toparlary gatnaşarlar.

Türkmenistan — Gazagystan: gadymy gözbaşly gatnaşyklar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dünýä ýurtlary, aýratyn-da, goňşy döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen syýasaty Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Halklarymyzyň arasyndaky asyrlaryň jümmüşine uzaýan medeniýetleriň meňzeşligi, häzirki döwürde halkara gatnaşyklarynda garaýyşlaryň  birdigi babatda ýurdumyzyň möhüm strategik hyzmatdaşlarynyň biri hem Gazagystan Respublikasydyr. Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda ýola goýlup, geçen ýyllaryň dowamynda ýurtlarymyz özara bähbitli hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini topladylar.

«Merkezi Aziýa — Hytaý» sammiti: hyzmatdaşlygyň täze sahypalary

Türkmen-hytaý gatnaşyklary barada söz açylanda Beýik Ýüpek ýolundan gözbaş alýan gadymy baryş-geliş, hyzmatdaşlyk, özara ynanyşmak ýaly gatnaşyklaryň gün-günden berkäp, häzirki wagtda munuň iki ýurduň ykdysadyýetine täsir etjek esasda ösdürilýändigi baradaky ýakymly oý-hyýallar  kalbyňy eýeleýär. Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyldan gowrak wagtyň içinde has-da berkemegi netijesinde  ylym-bilimde, logistika, işewürlik, ýangyç-energetika  ýaly döwrüň  ösmegine, özgermegine, ýokary derejelere çykmagyna täsir edýän ulgamlardaky hyzmatdaşlyklar giň gerime eýe boldy. 13-nji maýda hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekilini kabul etmegi iki dostlukly ýurduň  hyzmatdaşlygynyň hasam giňeýändigini aýan etdi.  Duşuşygyň dowamynda iki tarapa bähbitli geljegi uly netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň täze mümkinçilikleri esasy orunda bolmagy  tagallalaryň birleşýändigini ýene bir ýola tassyklady.

Ynanyşmak — parlamentara dialogyň möhüm guraly

16-njy maýda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Margareta Sederfeldi kabul etdi. Myhman ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň sebit we dünýä derejesinde parahatçylygyň, abadançylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen döredijilikli, öňdengörüjilikli daşary syýasaty amala aşyrýan Bitarap Türkmenistan bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalaryna laýyklykda, iki gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesine üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, oňyn daşary syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Bu syýasatda köptaraplaýyn gurallary peýdalanmak arkaly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Şunda abraýly halkara guramalar we düzümler bilen hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugurdyr. ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy şol düzümleriň hataryndadyr. Däp bolan bu gatnaşyklary ösdürmekde Türkmenistan häzirki wagtda netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmekde, döwletleriň we halklaryň arasynda özara düşünişmegi, ynanyşmagy berkitmekde parlamentara dialogyň möhüm gurallaryň biri bolu

Türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň giň mümkinçilikleri

16-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ähli möhüm ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz pudagynda, gämi gurluşygynda, himiýa senagatynda, howa ulaglary tehnikalaryny we ýük awtoulaglaryny ibermekde taslamalary durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki üstünlikli işler hem-de bu ugurda uly kuwwatyň bardygy bellenildi. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda we Tatarystanda dürli derejede guralýan yzygiderli saparlar, wekiliýetleriň alşylmagy hem-de dürli çärelere gatnaşylmagy özara hereketleriň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňat mümkinçilik bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, 18-19-njy maýda geçiriljek «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumyna türkmen wekiliýetiniň gatnaşjakdygy bellenildi.

Türkmen-täjik gatnaşyklary: okgunly we işjeň häsiýete eýe

15-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, parahatçylygy hem-de milli jebisligi esaslandyryjy — Milli Lider Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Taraplar söhbetdeşligiň dowamynda häzirki wagtda hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-täjik gatnaşyklarynyň barha okgunly we işjeň häsiýete eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen nygtadylar. Ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklar, gatnaşyklar muňa oňyn ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 10-11-nji maýynda Täjigistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň ähmiýetini belledi.

Adamzadyň bagtyýar geljeginiň bähbidine

16-njy maýda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny» atly halkara maslahat geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Mejlisi Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy bilen bilelikde gurady. Adamzadyň bagtyýar geljeginiň bähbidine howpsuzlygy, berk we durnukly parahatçylygy üpjün etmek boýunça ählumumy çemeleşmäni ilerletmek, oňa ýardam bermek «Herekete çagyryş — Helsinki+50» başlangyjynyň çäklerinde geçirilýän bu möhüm köptaraplaýyn duşuşygyň esasy maksadydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň täze taryhyndaky şanly seneleriň biri bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda geçirilen bu foruma gatnaşmak üçin Aşgabada Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Margareta Sederfelt, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň edarasynyň agzalary, halkara bilermenler, görnükli jemgyýetçilik we syýasy işgärler, birnäçe ýurtlaryň, şol sanda Awstriýanyň, Italiýanyň, Germaniýanyň, Polşanyň, Şweýsariýanyň we Fransiýanyň, sebitiň ýurtlary bolan Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň parlamentarileri geldiler. Şeýle-de duşuşyga Türkmenistanyň käbir mi

Sebit hyzmatdaşlygy: «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşi

Ozal habar berlişi ýaly, 13-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekili, HHR-iň daşary işler ministriniň birinji orunbasary (ministr derejesinde) Ma Cžaosýuýy kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň şu yylyň 18-19-njy mayynda geçiriljek «Merkezi Aziya — Hytay» sammitine gatnaşmaga iberen çakylygyny gowşurdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň bu sammite gatnaşmak üçin Hytaýa iş saparyny amala aşyrmagy hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylan türkmen-hytaý gatnaşyklaryny has-da ösdürer. Häzirki wagtda sebitiň dört döwleti — Gyrgyzystan, Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan Hytaý bilen hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy, Gazagystan bolsa hemişelik hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy ösdürýär. Hytaý Merkezi Aziýa «bäşliginiň» iň iri söwda we maýa goýum hyzmatdaşlarynyň biridir. Bu alty ýurduň özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň yzygider artmagy hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýetde ösdürilýändigini görkezýär. Şu nukdaýnazardan

Parlamentara dialog — parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm ugry

Aşgabat, 16-njy maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda “ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny” atly halkara maslahat geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Mejlisi Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy bilen bilelikde gurady. Adamzadyň bagtyýar geljeginiň bähbidine howpsuzlygy, berk we durnukly parahatçylygy üpjün etmek boýunça ählumumy çemeleşmäni ilerletmek, oňa ýardam bermek “Herekete çagyryş — Helsinki+50” başlangyjynyň çäklerinde geçirilýän bu möhüm köptaraplaýyn duşuşygyň esasy maksadydyr.

Türkmenistan — ÝUNESKO: türkmen halkynyň özboluşly mirasyny wagyz etmek ugrunda tagallalar

Aşgabat, 16-njy maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Ol türkmen keşdeçilik sungatynyň, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň hem-de molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlandy. Aýdym-sazly dabaraly maslahat başlanmazdan ozal, oňa gatnaşyjylar Mukamlar köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Bu ýerde milli senetçileriň, şol sanda türkmen zenanlarynyň zehininden we yhlasyndan dörän dürli önümler, amaly-haşam sungatynyň eserleri, milli kümüş şaý-sepler görkezildi.

Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 16-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Margareta Sederfeldi kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň sebit we dünýä derejesinde parahatçylygyň, abadançylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen döredijilikli, öňdengörüjilikli daşary syýasaty amala aşyrýan Bitarap Türkmenistan bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 16-njy maý (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ähli möhüm ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna örän uly şahsy goşant goşan Russiýa Federasiýasynyň iri sebitiniň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, Russiýanyň sebitleri, şol sanda Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň strategik hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini kanagatlanma bilen nygtady.

Parlamentara dialog — parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm ugry

Aşgabat, 16-njy maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda “ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny” atly halkara maslahat geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Mejlisi Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy bilen bilelikde gurady. Adamzadyň bagtyýar geljeginiň bähbidine howpsuzlygy, berk we durnukly parahatçylygy üpjün etmek boýunça ählumumy çemeleşmäni ilerletmek, oňa ýardam bermek “Herekete çagyryş — Helsinki+50” başlangyjynyň çäklerinde geçirilýän bu möhüm köptaraplaýyn duşuşygyň esasy maksadydyr.

Türkmenistan — ÝUNESKO: türkmen halkynyň özboluşly mirasyny wagyz etmek ugrunda tagallalar

Aşgabat, 16-njy maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Ol türkmen keşdeçilik sungatynyň, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň hem-de molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlandy. Aýdym-sazly dabaraly maslahat başlanmazdan ozal, oňa gatnaşyjylar Mukamlar köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Bu ýerde milli senetçileriň, şol sanda türkmen zenanlarynyň zehininden we yhlasyndan dörän dürli önümler, amaly-haşam sungatynyň eserleri, milli kümüş şaý-sepler görkezildi.

Türkmenistan — Hytaý: taryhy tejribelerden täze mümkinçiliklere

Beýik Ýüpek ýoly! Geçmişde Gündogaryň hem Günbataryň siwilizasiýalaryny baglanyşdyran, ýurtlarydyr halklary birek-birege ýakynlaşdyran, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna täsirini ýetiren meşhur söwda ýoly! Gadymy Hytaýyň paýtagty bolan Sian şäherinden gözbaş alyp, Türkmenistanyň hem köp şäherleriniň üstünden geçen bu ýol adamzat taryhynda gaýtalanmajak fenomene öwrüldi. 3100 ýaşly Sian şäheri bolsa dürli döwürlerde hytaý nesilşalyklarynyň 13-siniň paýtagty bolmak bilen, 1100 ýyldan gowrak wagtlap Beýik Ýüpek ýolunyň başlanýan nokady bolup hyzmat etdi. Bu gün dünýäniň ünsi ýene-de şu gadymy sebitde jemlenýär. 18-19-njy maýda möhüm syýasy wakanyň — «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitiniň geçiriljek ýeri hökmünde hem Sian şäheriniň saýlanyp alynmagy özboluşly mana eýedir. Şol günlerde dostlukly döwletleriň altysynyň Liderlerini bir meýdançada jemlejek bu duşuşykda gadymy Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek, hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň çarhyna goşmaça bat bermek bilen bagly wajyp pikirler öňe sürler, anyk teklipler beýan ediler. «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammiti — hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna badalga

Halklaryň dostlugy — dünýäniň abatlygy

Ylym we bilim adamzadyň ähli ösüşleriniň hem-de özgerişleriniň esasyny düzýän, islendik ýurduň geljegini, halkyň ykbalyny kesgitleýän gymmatlykdyr. Bilim — adamzadyň durmuşyndaky esasy zerurlyklaryň biri. Günsüz ýaşaýşyň bolmaýşy ýaly, ylymsyz, bilimsiz ösüş-de, özgeriş-de ýokdur. Hut şonuň üçin-de, häzirki döwürde ýurdumyzda adamzadyň ösüşi üçin gymmatly bolan üç sütüni — bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlaryny ösdürmäge uly üns berilýär. Biziň ösüşlerimiziň özeni milli ylym-bilim ulgamynyň binýadynyň berkemegi, türkmen biliminiň rowaçlanmagy bilen baglanyşdyrylýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, eger biz ösen döwletleriň tejribesine seredip görsek, onda, ilki bilen, bu ösüşleriň esasynda bilim berýän ulgamyň ýokary derejesiniň bardygyna göz ýetireris. Bilimde halkyň taryhy, medeniýeti, ösen düşünjeleri jemlenýär. Şol bir wagtda-da, ol halkara gymmatlyk. Bilim halklaryň dostlugyny has-da berkitmäge, ählumumy gatnaşyklaryň has-da ilerlemegine iterýän güýçdür. Hut şonuň üçin-de, ýurdumyzda bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyga, ýagny bilim diplomatiýasyna uly üns berilýär. Muny hormatly Prezidentimiziň Täjigistan Respublikasyna döwlet sapary hem ýene bir ýola tassyklaýar. «Watan» habarlar gepleşiginde Täjigistan Respu

Dost-do­gan­ly­gyň aý­dyň be­ýa­ny

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­do­wyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da dün­ýä ýurt­la­ry bi­len hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­lar ös­dü­ril­ýär. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hal­ka­ra de­re­je­sin­de ama­la aşy­ryl­ýan umu­ma­dam­zat bäh­bit­li be­ýik iş­le­re na­zar aý­la­nyň­da buý­san­jyň art­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty pa­ra­hat­çy­ly­ga, dur­nuk­ly­ly­ga, hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ra esas­lan­ýar. Bu sy­ýa­sat hal­ky­my­zyň we dün­ýä halk­la­ry­nyň pa­ra­hat, asu­da dur­mu­şy­na gö­nük­di­ri­lip, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­rin­den ugur al­ýar. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­si­ne eýer­ýän, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik we giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk sy­ýa­sa­ty­ny alyp bar­ýan ýur­du­myz dün­ýä döw­let­le­ri bi­len dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry ös­dür­ýär. Türk­me­nis­tan bilen Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da hem hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­lar ös­dü­ril­ýär. Iki ýur­duň ara­syn­da me­de­ni, yk­dy­sa­dy, yn­san­per­wer ugur­lar­da uly üs­tün­lik­le­riň ga­za

Türkmenistan — Hytaý: taryha gol beren gatnaşyklar

Çagalykdaky oýunlaryň dünýäsinde «uzak ýollara» şaýlananymyzda, «Nirä barýaň?» diýip soran deň-duşlarymyza, näme üçindir, «Hytaýa!» diýip jogap bererdik. Çünki Hytaý heniz çagajykkak ýadymyza ilkinji düşýän daşary ýurtlaryň biridi. Megerem, Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda badalga alan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy çaga kalplarymyza hem nuruny çaýan bolsa gerek. Hawa, türkmen-hytaý gatnaşyklary 30 ýyly arka atdy. Geçen ýyllaryň içinde bu gatnaşyklaryň ýeten derejeleri baradaky söhbedi beýan etmek makalalaryň çygryndan has giň. 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda gol çekilen Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada bilelikdäki Jarnama bolsa, döwletara gatnaşyklary ösdürmekde täze tapgyryň başyny başlady. Şu ýyl ilkinji saparyny Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran hormatly Prezidentimiz şol saparyň bosagasynda dostlukly döwletiň iň abraýly neşirleriniň biri bolan «Ženmin Žibao» gazetine niýetläp ýazan makalasynda bu gatnaşyklara diýseň ýokary baha berdi. Makalada döwlet Baştutanymyz beýleki ugurlar bilen bir hatarda oba hojalygy boýunça hem türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň barha ilerleýändigine ünsi çekdi. Şol makaladaky «Hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ägirt uludyr hem-de biz beý