Türkmen — hytaý gatnaşyklary ösdürilýär

17 Maý 2023
349

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitarap Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylyk, düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, halkara derejedäki möhüm ähmiýetli birnäçe başlangyçlaryň esaslandyryjysy hökmünde çykyş edýär. Ýurdumyz dünýäniň ençeme döwletleri bilen dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Şunda Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistanyň strategik hyzmatdaş döwletleriniň biri bolup durýar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar uzakmöhletleýin taslamalary durmuşa geçirmek, bar bolan tejribeleri umumylaşdyrmak esasynda ýola goýulýar. 2022-nji ýylda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenildi. Bu taryhy döwürde dostlukly iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň birnäçe görnüşlerini öz içine alýar. Şunda Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň şol bir wagtyň özünde iki tarapyň milli bähbitlerini öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, üstünden geçiriji döwletler bolan Özbegistanyň we Gazagystanyň ykdysadyýetine hem oňyn täsirini ýetirýär. Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň köp ýyllyk taryhyny şöhlelendirýän Beýik Ýüpek ýoly diňe bir özara bähbitli söwda aragatnaşygy däl, eýsem, iki döwletiň medeni-ynsanperwer gatnaşyklary üçin hem esas bolup hyzmat edýär.

Beýik Ýüpek Ýolunyň täzeden dikeldilmegi, häzirki döwrüň ulag-logistik hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagy bilen şertlendirilýär. Iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň Merkezi Aziýa sebitinde hyzmatdaşlygyň täze «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşine hem oňyn goşandynyň bardygyny bellemek zerurdyr.

Aman HOJALYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.