Türkmen-täjik gatnaşyklary: okgunly we işjeň häsiýete eýe

17 Maý 2023
380

15-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, parahatçylygy hem-de milli jebisligi esaslandyryjy — Milli Lider Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Taraplar söhbetdeşligiň dowamynda häzirki wagtda hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-täjik gatnaşyklarynyň barha okgunly we işjeň häsiýete eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen nygtadylar. Ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklar, gatnaşyklar muňa oňyn ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 10-11-nji maýynda Täjigistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň ähmiýetini belledi.

«Nesil».