Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

17 Maý 2023
1114

Aşgabat, 16-njy maý (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ähli möhüm ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna örän uly şahsy goşant goşan Russiýa Federasiýasynyň iri sebitiniň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, Russiýanyň sebitleri, şol sanda Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň strategik hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini kanagatlanma bilen nygtady.