Sebit hyzmatdaşlygy: «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşi

17 Maý 2023
315

Ozal habar berlişi ýaly, 13-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekili, HHR-iň daşary işler ministriniň birinji orunbasary (ministr derejesinde) Ma Cžaosýuýy kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň şu yylyň 18-19-njy mayynda geçiriljek «Merkezi Aziya — Hytay» sammitine gatnaşmaga iberen çakylygyny gowşurdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň bu sammite gatnaşmak üçin Hytaýa iş saparyny amala aşyrmagy hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylan türkmen-hytaý gatnaşyklaryny has-da ösdürer.

Häzirki wagtda sebitiň dört döwleti — Gyrgyzystan, Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan Hytaý bilen hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy, Gazagystan bolsa hemişelik hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy ösdürýär. Hytaý Merkezi Aziýa «bäşliginiň» iň iri söwda we maýa goýum hyzmatdaşlarynyň biridir. Bu alty ýurduň özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň yzygider artmagy hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýetde ösdürilýändigini görkezýär. Şu nukdaýnazardan, Sian sammitiniň dowamynda alty ýurduň Liderleri özara bähbitli, birek-biregiň üstüni ýetirýän gatnaşyklaryň täze nusgasyny döretmek boýunça täze başlangyçlary öňe sürmekleri sebit hyzmatdaşlygynyň işjeň häsiýetini üpjün eder.

«Watan».