Türkmen-Hytaý hyzmatdaşlygy ilerleýär

17 Maý 2023
673

18-19-njy maýda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammiti geçiriler

Hoşniýetli, dostlukly diplomatik gatnaşyklaryny 31 ýyl bäri durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasy hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy üstünlikli alyp barýar. Söwda-ykdysady, ulag-logistika, ýangyç-energetika boýunça iki döwletiň arasynda häzirki güne çenli gol çekilen ençeme resminamalar hereket edip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze sahypalaryny emele getirdi. Hyzmatdaşlygyň täze tapgyry bolup, üstümizdäki ýylyň 18-19-njy maýynda Hytaýyň Sian şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammiti örboýuna galýar. Oňa sebitiň alty döwletiniň Liderleri we wekiliýet toparlary gatnaşarlar.

«Güneş».