Dost-do­gan­ly­gyň aý­dyň be­ýa­ny

16 Maý 2023
591

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­do­wyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da dün­ýä ýurt­la­ry bi­len hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­lar ös­dü­ril­ýär. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hal­ka­ra de­re­je­sin­de ama­la aşy­ryl­ýan umu­ma­dam­zat bäh­bit­li be­ýik iş­le­re na­zar aý­la­nyň­da buý­san­jyň art­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty pa­ra­hat­çy­ly­ga, dur­nuk­ly­ly­ga, hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ra esas­lan­ýar. Bu sy­ýa­sat hal­ky­my­zyň we dün­ýä halk­la­ry­nyň pa­ra­hat, asu­da dur­mu­şy­na gö­nük­di­ri­lip, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­rin­den ugur al­ýar. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­si­ne eýer­ýän, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik we giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk sy­ýa­sa­ty­ny alyp bar­ýan ýur­du­myz dün­ýä döw­let­le­ri bi­len dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry ös­dür­ýär.

Türk­me­nis­tan bilen Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da hem hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­lar ös­dü­ril­ýär. Iki ýur­duň ara­syn­da me­de­ni, yk­dy­sa­dy, yn­san­per­wer ugur­lar­da uly üs­tün­lik­le­riň ga­za­ny­lan­dy­gy­ny hem bel­le­mek ge­rek. Söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bi­len bir ha­tar­da, türk­men-hy­taý gat­na­şyk­la­ryn­da bi­lim, me­de­ni­ýet, ylym, sport, sag­ly­gy go­ra­ýyş ugurlary hem aý­ra­tyn bel­len­mä­ge my­na­syp­dyr. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan bi­len Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň oňyn ne­ti­je­le­ri ýo­ka­ry de­re­jä eýe­dir. Şeý­le dost­luk­ly hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len gat­na­şyk­lar­da ta­rap­lar öza­ra bäh­bit­le­ri­ni gol­da­ýar. Şeý­le hem «Mer­ke­zi Azi­ýa — Hy­taý» sam­mi­ti bi­rek-bi­re­ge yna­nyş­mak esa­syn­da ýo­la go­ýul­ýan gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne giň ýol aç­ýar.

Ma­ýa ATA­JA­NO­WA,
Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.