Türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň giň mümkinçilikleri

17 Maý 2023
351

16-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ähli möhüm ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz pudagynda, gämi gurluşygynda, himiýa senagatynda, howa ulaglary tehnikalaryny we ýük awtoulaglaryny ibermekde taslamalary durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki üstünlikli işler hem-de bu ugurda uly kuwwatyň bardygy bellenildi. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda we Tatarystanda dürli derejede guralýan yzygiderli saparlar, wekiliýetleriň alşylmagy hem-de dürli çärelere gatnaşylmagy özara hereketleriň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňat mümkinçilik bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, 18-19-njy maýda geçiriljek «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumyna türkmen wekiliýetiniň gatnaşjakdygy bellenildi.

«Nesil».