Türkmenistan — Hytaý: taryha gol beren gatnaşyklar

16 Maý 2023
304

Çagalykdaky oýunlaryň dünýäsinde «uzak ýollara» şaýlananymyzda, «Nirä barýaň?» diýip soran deň-duşlarymyza, näme üçindir, «Hytaýa!» diýip jogap bererdik. Çünki Hytaý heniz çagajykkak ýadymyza ilkinji düşýän daşary ýurtlaryň biridi. Megerem, Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda badalga alan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy çaga kalplarymyza hem nuruny çaýan bolsa gerek.

Hawa, türkmen-hytaý gatnaşyklary 30 ýyly arka atdy. Geçen ýyllaryň içinde bu gatnaşyklaryň ýeten derejeleri baradaky söhbedi beýan etmek makalalaryň çygryndan has giň. 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda gol çekilen Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada bilelikdäki Jarnama bolsa, döwletara gatnaşyklary ösdürmekde täze tapgyryň başyny başlady. Şu ýyl ilkinji saparyny Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran hormatly Prezidentimiz şol saparyň bosagasynda dostlukly döwletiň iň abraýly neşirleriniň biri bolan «Ženmin Žibao» gazetine niýetläp ýazan makalasynda bu gatnaşyklara diýseň ýokary baha berdi. Makalada döwlet Baştutanymyz beýleki ugurlar bilen bir hatarda oba hojalygy boýunça hem türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň barha ilerleýändigine ünsi çekdi. Şol makaladaky «Hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ägirt uludyr hem-de biz beýik döwlet bolan Hytaý bilen egin-egne berip, şol mümkinçilikleri biziň halkymyzyň dost-doganlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň, parahatçylygyň, gülläp ösüşiň bähbidine gönükdirmäge berk ygrarlydyrys» diýen setirler bolsa bu hyzmatdaşlygyň geljeginiň has rowaçdygyny buşlaýar.

Maral AKMYRADOWA,
«Bereketli toprak».