Ulag kommunikasiýalary ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk ýaýbaňlandyrylýar
Häzirki wagtda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň esasy guraly hökmünde transmilli ulag geçelgelerini döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Döwletimizde multimodal gatnawlaryň netijeliligini üpjün edýän iri ulag-logistiki merkezleri döredilip, ýurdumyz halkara ulag kommunikasiýasyna işjeň goşulýar. Ýol-ulag düzümleri döwrebaplaşdyrylyp, ulag görnüşleriniň her biriniň artykmaçlyklaryndan ýerlikli peýdalanmaga mümkinçilik berýän sazlaşykly ulgam kemala gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, şeýle hem dünýäniň beýleki ýurtlary bilen özara bähbitli strategik gatnaşyklar ilerleýär. Şeýle gatnaşyklar ýurdumyzyň durnukly ykdysady we durmuş taýdan ösüşine itergi berýär.