Türkmenistan — ÝUNESKO: ruhy we maddy gymmatlyklary sarpalap

25 Maý 2023
474

Oňyn Bitaraplyk syýasaty bilen baglylykda, Türkmenistan abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyzda bu gurama bilen ýokary derejeli gatnaşyklary ýola goýmak we berkitmek, hyzmatdaşlygyň häzirki zaman täze ugurlaryny kesgitlemek babatda geçirilýän çäreler medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň kepili bolup durýar. Ýakynda, 15-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory Golda El-Hurini kabul edende hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ilerletmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu duşuşykda myhman geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynyň üstüniň türkmen keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri hem-de molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi ýaly maddy däl medeni mirasyň görnüşleri bilen ýetirilendigini aýdyp, döwlet Baştutanymyza degişli güwänamalary gowşurdy. Munuň özi netijeli hyzmatdaşlygyň taryhynda şanly waka hökmünde hemmämizi buýsandyrdy.

Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynda bilim ugruna hem möhüm orun degişli. Şu ýylyň fewralynda bu gurama bilen gol çekilen Ylalaşyklara laýyklykda, häzirki wagtda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege», Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ÝUNESKO kafedralary hereket edýär. Bu halkara düzümiň «UNITWIN» maksatnamasynyň çäklerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Parahatçylygyň dilleri», Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň medeniýeti» atly ÝUNESKO klublarynyň açylandygyny, şeýle hem umumybilim berýän mekdepleriň birnäçesini ÝUNESKO-nyň assosiirlenen mekdepleriniň sanawyna girizmek boýunça işleriň geçirilendigini hem aýtmalydyrys. Bu maksatnama bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Maral KULIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty.