“Türkmendeňizderýaýollary” bilen “Petronas Carigali” gämi gurluşyk taslamalary boýunça hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

26 Maý 2023
484

Kompaniýanyň wekilleri “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň mümkinçilikleri hem-de kuwwatlyklary bilen tanyşdyryldy. “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri bilen “Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn Dhd” kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda geçen hepdäniň duşenbe güni geçirilen duşuşykda gämi gurluşyk taslamalary boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar iki taraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek we ýüzüji serişdelerini abatlamak boýunça pikir alyşdylar.