Özara gatnaşyklaryň täze gözýetimi

26 Maý 2023
524

Darýa APUŞKINSKAÝA, Russiýa Federasiýasynyň Halklaryň dostlugy uniwersitetiniň mugallymy.

Aziýanyň merjen şäheri hasaplanýan Aşgabada myhman bolandygymyza begenjimiziň çägi ýok. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde III Açyk halkara matematika olimpiadasynyň geçirilmegi we onuň üstünlikli jemlenmegi ýene bir gezek bir hakykaty — döwrebap bilimli we giň gözýetimli ýaşlaryň ösüp gelýändigini açyp görkezdi. Ýokary guramaçylyk derejesinde geçen halkara olimpiadasynyň dowamynda 283 talybyň bilim derejesi bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik boldy. Olaryň arasynda Türkmenistanyň, Russiýanyň, Germaniýanyň, Wengriýanyň, Meksikanyň, Eýranyň, Saud Arabystanynyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bar. Türkmen talyplarynyň üstünlikleri milli bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikleriň belent derejelere çykandygyny görkezýär. Türkmenistanda şeýle bäsleşikleriň ilkinji gezek geçirilýändigine garamazdan, munuň juda guramaçylykly geçendigini bellemelidiris.