Ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýar

28 Maý 2023
546

Häzirki wagtda halkara hyzmat­daşlygyny ösdürmegiň esasy guraly hökmünde transmilli ulag geçelgele­rini döretmäge aý­ra­tyn ähmiýet berilýär. Döwletimizde multimodal gatnawlaryň netijeliligini üpjün edýän iri ulag-lo­gis­ti­ki merkezleri döredilip, ýurdu­myz halkara ulag kommunikasiýasyna işjeň goşulýar. Ýol-ulag düzüm­leri döwrebaplaşdyrylyp, ulag görnüşleriniň her biriniň artykmaçlyk­laryndan ýerlikli peýdalanmaga mümkinçilik berýän sazlaşykly ulgam kemala gelýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Merkezi Aziýanyň, Ýewro­panyň, şeýle hem dünýäniň beýleki ýurtlary bilen özara bähbitli strategik gatnaşyk­la­r ilerleýär. Şeýle gatnaşyklar ýurdumy­zyň durnukly ykdysady we durmuş taýdan ösüşine iter­gi ber­ýär.

Nur­sä­het DIN­MÄ­DOW,
Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-te­hni­ki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.