Parlamentara gatnaşyklar pugtalandyrylýar

23 Maý 2023
371

22-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisinde «Türkmenistan — Gruziýa» parlamentara dostluk toparynyň başlygy Dawid Matikaşwiliniň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen Gruziýanyň parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Taraplar duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny nygtap, dostlukly ýurtlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge, hususan-da, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler. Şeýle hem iki ýurduň iri halkara düzümleriň ugry boýunça, ozaly bilen, BMG-niň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşde işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri barada aýdyldy.

(TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy).