Türkmen-tatar gatnaşyklary berkeýär

24 Maý 2023
587

Şu ýylyň 18-19­-njy maýynda türkmen wekiliýeti Kazan şäherinde geçirilen «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2023» atly halkara ykdysady foruma gatnaşdy

Soňky ýyllarda türkmen-tatar gatnaşyklarynda uly öňegidişlikler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň netijesinde dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklaryň täze taryhy ýazylýar. Ony aprel aýynyň başynda Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň ýurdumyza bolan iş saparynyň esasynda hem aýdyň görýäris. Häzirki wagtda medeni­ynsanperwer, ylym­bilim, şol sanda ulag ulgamlaryndaky gatnaşyklar türkmen­tatar hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ykdysady ugurlarda soňky gazanylan tejribeleri paýlaşylan foruma ýurdumyzdan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Foruma jemi dünýäniň 84 döwletinden 15 müňe golaý wekil gelip, halkara hyzmatdaşlykda täze sahypany açdy. Kazan forumy indi on dördünji gezek geçip, sebitiň ulag-infrastrukturasynda möhüm waka öwrüldi. Ol Russiýa Federasiýasynda 2009-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Şu gezekki forumyň çäklerinde «Russia Halal Expo» atly halkara sergi, şeýle-de ulag-infrastruktura taslamalarynyň sergisi guraldy. Bulardan başga-da, «Russia Halal Market» ýarmarkasy dabaraly ýagdaýda açyldy.

«Güneş».