Ykdysady hyzmatdaşlyk — dost-doganlygyň daýanjy

24 Maý 2023
423

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan daşary syýasatyň we onuň esasy ýörelgeleriniň netijeli häsiýeti iş ýüzünde we anyk ädimlerde öz beýanyny tapýar. Hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli we birek-birege hormat goýmak esasynda alnyp barylýan döwletara hyzmatdaşlygy halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda üstünlikli ösdürilýär.

Şunda goňşy döwletler bilen dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy köpugurly ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenýär. Bu babatda Türkmenistan Gazagystan Respublikasy bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda ýola goýuldy. 2023-nji ýylyň 15-nji maýynda Astana şäherinde türkmen wekiliýetiniň sapary mahalynda Gazagystan Respublikasynyň ýolbaşçylygynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparynyň 12-nji mejlisi geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar 2021-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilen Hökümetara toparynyň 11-nji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, ulag, maliýe, oba hojalygy we suw dolandyrylyşy, gurluşyk, medeniýet we syýahatçylyk, bilim we ylym, nebitgaz pudaklaryndaky özara gatnaşyklaryň netijeleri barada aýratyn durlup geçildi.

Akjagül SAPAROWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alym kätibi.