Türkmenistan — Gazagystan: ykdysady hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi

23 Maý 2023
577

Türkmen-gazak halklary dünýäniň kalbyna äleme nusgalyk dostluk dessanyny ýazýar. Bu iki halkyň diňe ýakyn geografik ýerleşişi däl, eýsem, milli edim-gylymlarynyň, däp-dessurlarynyň ýakynlygy, ruhy gymmatlyklarynyň bir bitewi mazmunlylygy heňňamlaryň jümmüşinden gözbaş alýandyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz dünýä döwletleri bilen, şol sanda Gazagystan Respublikasy bilen özara ikitaraplaýyn gatnaşyklary barha ösdürýär. 15-nji maýda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň 12-nji mejlisi hem sözümiziň aýdyň güwäsidir. Duşuşygyň dowamynda toparyň 2021-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilen 11-nji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy. Mejlisde iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ugurlardaky hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak bilen bagly teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda iki döwletiň arasyndaky ulag-logistika, oba hojalyk, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alşyldy. Resmi maglumatlara görä, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberi 2022-nji ýylda, ondan öňki ýyldaky bilen deňeşdirilende, 69 göterim artdy. Ösüş depgini 2023-nji ýylyň geçen dört aýynyň jemleri boýunça hem hasaba alyndy. Hökümetara türkmen-gazak toparynyň 12-nji mejlisinde Arkadag şäherine aýratyn üns çekilip, ondaky alnyp barylýan işlerde Gazagystanyň gurluşyk we IT kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň täze mümkinçiliklerine seredildi.

Iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda ulag-logistika ulgamyna aýratyn üns berilýär. Mälim bolşy ýaly, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly guruldy. Umumy uzynlygy 900 kilometrden gowrak bolan, 825 kilometri Türkmenistanyň çäginden geçýän bu demir ýol Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň möhüm bölegine öwrüldi. Ol Pars aýlagynyň ýurtlaryna iň gysga ýoly üpjün edýär. Aktau, Kuryk we Türkmenbaşy Halkara deňiz portlarynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk hem ýokary derejede alnyp barylýar.

Gytja ATDAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.