"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Şähribossanda bolan dabara

Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň pagtaçylary hem hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň pagta hasyly üçin gowaça ekişine girişdiler. Gowaça ekişine girişilmeginiň dabarasy bu gezek ekerançylygyň gadymy mekany hasaplanylýan Şähribossan düzlüginde bolup geçdi. Ruhubelent etrabynyň Aşyk Aýdyň piriň aramgähini etekläp oturan «Aşyk Aýdyň» daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçisi Nurgözel Sapargeldiýewa geçen çarşenbe güni «Tohumyňyz müňlesin!» diýenler köp boldy. Welaýatyň ähli ýerinden gowaça ekişine girişilmegi mynasybetli dabara gatnaşmak üçin köp sanly pagtaçy kärendeçiler welaýatyň, etraplaryň häkimleri, oba hojalygyna dahylly edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, hünärmenleri, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, welaýatyň sungat ussatlary we beýleki adamlar bu ýere ýygnandylar.

Syýahatçylyk ugrunda halkara hyzmatdaşlyk

Şu gün paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty geçirildi. Bu geçirilýän halkara maslahaty ýurdumyzda syýahatçylyk işini utgaşdyrmak boýunça halkara ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigini ýene-de bir gezek şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň 25-nji awgustyndaky Karary bilen tassyklanan «Syýahatçylyk pudagynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» mazmuny bilen tanşanyňda, bu möhüm ugra gönükdirilen toplumlaýyn wezipeleriň kesgitlenendigini görmek bolýar.

Türkmenistanda gowaça ekişine girişildi

Ýaňy–ýakynda Türkmenistanda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň 15-nji martda geçiren mejlisinde bellän möhletlerine laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary 20-nji martda gowaça ekişine başladylar. Daşoguz welaýatynyň daýhanlary bolsa bu möwsüme 27-nji martda girişerler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, ekiş möwsümi ýurdumyzyň welaýatlarynda birbada badalga aldy. Güneşli ülkämizde sahawatly türkmen topragyndan bol hasyl öndürýän daýhanlarymyzyň halal zähmet çekmegine ähli mümkinçilikler döredilýär. 

Baharda açylýar ýaşyl maýsalar

21-22-nji martda ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni giňden bellenilýär. Bu günki gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki «Nowruz ýaýlasynda» Ahal welaýaty hem-de Aşgabat şäheri boýunça Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň geçirilmegi baýramçylygyň şowhunyny goşalandyrýar. Bu gün ýurdumyzyň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlary, Arkadag şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda geçirilýän dabaralar bolsa türkmen halkynyň medeni mirasynyň köpöwüşginlilidigine ýene-de bir gezek şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Milli bahar baýramy - Halkara Nowruz güni mynasybetli türkmen halkyna Gutlagynda nygtaýşy ýaly, Gündogar halklarynyň durmuşynda aýratyn orny eýeleýän Nowruz ynsanperwerligiň, agzybirligiň hem-de dost-doganlygyň baýramydyr. 

TSTB-niň 16 ýyllygyna bagyşlanan sergi we maslahaty

17-nji martda paýtagtymyzyň Söwda- senagat edarasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanan sergi we birleşmäniň agzalarynyň maslahaty geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, berkarar döwletimizi, arzuw eden akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilýän bu giň möçberli sergi milli ykdysadyýetimiziň barha pugtalanýan kuwwatyny, saçaklarymyzyň berekedini, bazarlarymyzyň bolçulygyny açyp görkezýär.

«Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi açyldy

Düýn, 17-nji martda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde dabaraly sergi hem-de maslahaty öz işine başlady. Soňra bu baýramçylyk çäresiniň dowamy paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda täze «Arkaç» söwda-dynç alyş merkeziniň açylyp ulanylmaga berilmegi bilen utgaşdy.  

Bag –– ýaşaýşyň gönezligi

Düýn, 16-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek çäresiniň nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Bu özboluşly ekologik çäre paýtagtymyzyň Magtymguly Pyragynyň täze gurulýan beýik ýadygärliginiň ýanynda geçirildi. Soňra hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň günortasyndaky gözel künjekleriň birinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy dabara gatnaşyjylar uly şatlyk-şowhun bilen garşyladylar.

Halkara Olimpiada gatnaşan talyplaryň ýürek buýsançlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda batly gadamlar bilen öňe barýan ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek barada alnyp barylýan işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda hem ýatdan çykmajak şanly wakalara beslenýär. Bilşimiz ýaly, paýtagtymyzyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde 7 döwletden gatnaşýan IV Açyk halkara matematika olimpiadasy geçirildi. Birnäçe günläp dowam edýän halkara matematika olimpiadasyna işjeň gatnaşýan daşary ýurtdan gelen talyplaryň ýürek buýsançlaryny söhbetdeşlik arkaly size ýetirmegi makul bildik.

IV Açyk halkara matematika olimpiada öz işine başlady

Düýn, 4-nji martda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän IV Açyk halkara matematika olimpiadasynyň açylyş dabarasy boldy. IV açyk halkara matematika olimpiadasynyň ýurdumyzda indi ikinji gezek geçirilýändigini bellemek gerek. Olimpiada gatnaşmak üçin ýurdumyza 7 döwletiň ýokary okuw mekdeplerindne dürli ugurlar boýunça okaýan talyplar paýtagtymyza geldiler. Munuň özi Türkmenistan döwletimiziň daşary ýurtlaryň ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygynyň has-da berkeýändigini alamatlandyrýar.

Ýaş suratkeşleriň döredijiliginde Pyragynyň keşbi

Türkmen  edebiýatynyň beýik nusgawy şahyry Magtymguly  Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy  mynasybetli Watanymyzyň ähli ýerlerinde baýramçylyk çäreleri bellenilip geçilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»  ýylynda  akyldaryň ömri we döredijiligi giňden öwrenilmek bilen birlikde, birnäçe sungat eserleri hem döredilýär. Halypa suratkeşler bilen bir hatarda Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan taslama eserlerini taýýarlamaga Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň ýaş zehinli suratkeşleri hem gatnaşýarlar.  Olaryň döreden taslama işleri döwlet derejesinde geçirilýän ýaş ýetginjekleriň arasyndaky döredijilik bäsleşiklerine gatnaşyp,  baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Şeýle-de ýurdumyzyň köp ýerlerinde göçme çeperçilik sergileri gurnalýar. Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan eserler türkmen sungatynyň taryhy ösüş ýolunda şekillendiriş sungatynyň ähli görnüşlerinde wasp edildi. Bu eserler häzirki wagtda ýurdumyzda hereket edýän muzeýlerde saklanylýar. Şeýle naýbaşy işleriň biri hem, ýagny ilkinji türkmen suratkeşi Bäşim Nuralynyň «Magtymguly» (1959ý.) atly şahyryň keşbine bagyşlan asyl nusga portret eseridir. Bu portretiň suratkeşiň adyny göterýän

Halypa-şägirtlik maslahaty geçirildi

Düýn, 15-nji fewralda Türkmenistanyň «Türkmengaz» Döwlet konserniniň Medeni işewürlik merkezinde 2024-nji «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan «Magtymguly Pyragy belent ylham çeşmesi, bagtyýar türkmen ýaşlary nesihatyň çeşmesi» atly halypa-şägirtlik maslahaty geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýew, «Biznes reklama» gazetiniň baş redaktory şahyr Seýitmyrat Geldiýew, Türkmenistanyň halk artisti halypa Baýmyrat Söýünow, Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Çaryýew, Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň mugallymy Gurbanjemal Annakowa, şeýle hem talyp ýaşlar, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ylmy-amaly maslahat geçirildi

Şu gün Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly – Gündogaryň beýik akyldary» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Beýik işlere çakylyk

Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyzyň «Ýaş­lar — Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly ki­ta­byn­dan Döwrümiziň her güni göwün galkyndyryjy wakalara baý. Her täze gün öňki günüň dowamaty, şonuň bilen birlikde, öňkülerden has ajaýyplygy bilen tapawutlanýar. Çünki amal edilýän işler, ýetilýän sepgitler, gazanylýan üstünlikler bilen bu gadymy topragyň üstünde jahana ýaň saljak taryh ýazylýar. Döwrüň üstünliklerine buýsanyp, seriňi ajaýyp pikirler bilen durlaýan çagyň, öten akyldarlaryň: «Her bir ýagşy amal aýratyn bir eserdir. Eseri okap, ony ýazanyň kimdigini kesgitläp bolýar» diýen sözleri aňyňda öwrüm edip dur. Türkmen halkynyň ykbaly galkynan bu zamanasy Gahryman Arkadagymyzyň iň beýik eseridir.

Möhüm başlangyçlara badalga

2024-nji ýylyň ilkinji günlerinde, 4-5-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyrdy. Türkmenistanyň we BAE-niň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri bilen nusgalyk döwletara gatnaşyklary ösdürmek boýunça bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga çalyşmagy netijesinde gazanylan aýry-aýry ylalaşyklar şu saparyň çäklerinde gol çekilen resminamalaryň esasyny düzdi.

Döwletli saparyň teswiri

Syýasy-jemgyýetçilik durmuşyň häkimiýet bilen halkyň deň esasdaky gatnaşygy arkaly alnyp barylmagyna ylmy dilde «demokratiýa» diýlip, bu babatda ata-babalarymyzyň toplan oňyn tejribesi häzirki döwlet syýasatymyzyň mazmunynda öz mynasyp ornuny tapýar. Ýurdumyzda halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Halk Maslahaty munuň aýdyň mysaly bolup, şu ýylyň ilkinji günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrmagy halk bilen häkimiýetiň bitewüliginiň we jebisliginiň nobatdaky tassyklanmasy boldy. Milli Liderimiziň şu ýyl ýurt içinde ilkinji saparyny Mary welaýatyndan başlamagy sebitiň ýaşaýjylaryny buýsandyryp, muňa dürli kärdäki we dürli ýaşdaky raýatlaryň ýurdumyzyň teleýaýlymlarydyr gazet-žurnallaryndaky, şeýle-de bu saparyň jemlerine bagyşlanyp Mary welaýat häkimliginde geçirilen hoşallyk maslahatyndaky çykyşlary aýdyň şaýatlyk edýär.

Wa­tan­per­wer­lik mek­de­bi

Ýurdumyzda her ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilen gününe gabatlanyp, Watan goragçylarynyň güni uly ruhubelentlik bilen giňden bellenilýär. Munuň özi döwletimiz tarapyndan Ýaragly Güýçlerimiziň harby gullukçylaryna goýulýan hormatyň we olar hakda edilýän aladalaryň nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ata pendi — perzent borjy» diýip belleýşi ýaly, merdana pederlerimiz nesiller üçin elmydama ruhy daýançdyr, olaryň barlygynda perzentler dagdan arkalydyr. Türkmeniň iň beýik duýgusy onuň Watana bolan söýgüsidir. Bu taryhy we durmuşy hakykat. Watana bolan söýgi, buýsanç, hormat halkymyzyň emer-damaryna, häsiýetine siňip giden taryhy aýratynlygydyr. Delili uzak bir ýerlerden ýa kitaphanalardaky üstünden asyrlar aşan golýazma çeşmelerinden gözlemegiň asla zerurlygy ýok. Ol biziň gündelik durmuşymyzyň wakalarynda-da şöhlelenip dur.

Dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­re giň ýol

Ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülýän ata Watanymyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen oňyn özgertmeler Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer syýasatyny dowam etdirip, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwletiň maliýe syýasatynyň ösüşi maliýe ulgamyny kämilleşdirmäge, döwrebaplaşdyrmaga, innowasiýalara, durnukly ykdysady ösüşe, maliýe böleginiň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hilini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» kesgitlenen maksatlara we wezipelere laýyklykda, ýurtda durmuş-ykdysady özgertmeleri geçirmäge, ykdysady ösüşi diwer

Dosta - dogan, dünýä - dost

Garaşsyzlyk ýyllary içinde berkarar döwletimiz daşary syýasatda goňşy halklar bilen doganlyk, dünýä döwletleri bilen dostluk gatnaşyklaryny ýola goýdy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda oňyn daşary syýasat üstünlikli durmuşa geçirilip, guwandyryjy netijelerini berýär.  Türkmen diplomatiýasy ýurtlaryň we halklaryň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň, giň ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam berýär. Şonuň netijesinde-de, Türkmenistan gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýän gatnaşyklara ygrarly bolup, bar bolan mümkinçilikler esasynda netijeli hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde has-da giňeldýär.

«Ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýet — tämiz ýaşaýyş

Häzirki wagtda ekologiýa abadançylygyny gazanmak, daşky gurşawy gorap saklamak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy maksatlarynyň hataryndadyr. Ekologiýa meseleleri, daşky gurşawy ýaramaz tehniki täsirlerden we beýleki howplardan goramak bu gün tutuş dünýäde möhüm meseleleriň birine öwrüldi. Howanyň üýtgemegi, Ozon gatlagynyň ýukalmagy, çölleşmek hadysasy arkaly abanýan howplar, aýry-aýry sebitlerde süýji suwuň ýetmezçiligi, howanyň hapalanmagy, biologiki dürlüligiň kemelmegi we başga-da birnäçe hadysalar häzirki döwürde möhüm ekologiýa meseleleri hasaplanylýar. Daşky gurşawy goramak bilen bagly syýasaty jemgyýetiň hem tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmak, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmek ýaly wezipeler üns merkezinde durýar. Ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işler, dünýä jemgyýetçiliginiň durnukly ösüş syýasaty halkara derejede ykrar edilýär. Bu babatda Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinde möhüm başlangyçlaryň ençemesini öňe sürdi. Geçen ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda parahatçylygy, howpsuzlygy we ynanyşmagy pugtalandyrmagy, Bitaraplyk syýasatyna ähmiýet berilmegini, öňüni alyş diplomatiýasy

Döw­re­bap ösüş­ler

Milli ykdysadyýetimizi sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn esasda geçirmek, döwlet bilen hususy bölegiň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, durmuş ulgamlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda işlenilip düzülen «2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasyna» we ony ýerine ýetirmegiň Meýilnamasyna laýyklykda, sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň we ulanmagyň maksatlarynyň esasylarynyň biri hökmünde söwda we hyzmatlar ulgamlarynyň işini täzeçe guramak kesgitlenildi.