Şähribossanda bolan dabara

28 Mart 2024
1103

Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň pagtaçylary hem hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň pagta hasyly üçin gowaça ekişine girişdiler. Gowaça ekişine girişilmeginiň dabarasy bu gezek ekerançylygyň gadymy mekany hasaplanylýan Şähribossan düzlüginde bolup geçdi.

Ruhubelent etrabynyň Aşyk Aýdyň piriň aramgähini etekläp oturan «Aşyk Aýdyň» daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçisi Nurgözel Sapargeldiýewa geçen çarşenbe güni «Tohumyňyz müňlesin!» diýenler köp boldy. Welaýatyň ähli ýerinden gowaça ekişine girişilmegi mynasybetli dabara gatnaşmak üçin köp sanly pagtaçy kärendeçiler welaýatyň, etraplaryň häkimleri, oba hojalygyna dahylly edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, hünärmenleri, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, welaýatyň sungat ussatlary we beýleki adamlar bu ýere ýygnandylar.

Şöhrat ABDYÝEW
žurnalist