"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Biotehnologiýa ösüş­iň öň ha­ta­ryn­da

Häzirki zamanda ylmyň we tehnologiýanyň ösüş depgini ýokary derejelere çykdy. Olaryň adamzadyň ýaşaýyş-durmuşyna edýän täsiri hem görnetin artdy. Indi ylymsyz we tehnologiýasyz durmuşy göz öňüne getirmek hem kyn. Ol ýokary depginli ösüş biziň Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzda durmuşyň ähli ugurlarynda özüni görkezdi. «Türkmenistanyň ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzda ylmyň we tehnologiýanyň ähli ugurlar boýunça ösmegi, şeýle hem durmuşa giňden ornaşmagy babatda giň ýol açdy. Ylmyň we tehnikanyň ösüşinde ileri tutulýan ugurlaryň biri hem biotehnologiýalardyr. Biotehnologiýalar janly bedenleri, olaryň ulgamlaryny ýa-da biologiki ösüşiniň gidişini ulanmagy öwrenýär.

Türkmen halk döredijiliginde hünär etikasy bilen baglanyşykly nakyllar

Türkmenler medeni hem edebi mirasa örän baý halk. Ýurdumyz Garaşsyzlygyny alanyndan soňra, milletiň köp müňýyllyk taryhynda toplanan baýlygyny öwrenmek, halka ýetirmek, häzirki ýaşlarymyzy geçmişdäki ruhy baýlyklarymyzyň esasynda terbiýeläp, olary lebzihalal, ynsanperwer, zähmetsöýer, watansöýüji, kämil hünärli adamlar edip ýetişdirmek ugrunda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Edebi mirasymyz bolan halk döredijiligimiz türkmen halkynyň köp müňýyllyk taryhynda jemlenen akyl-paýhasynyň, edim-gylymynyň, däp-dessurynyň, niýet-päliniň, etsem-goýsamynyň jemidir. Ol biziň taryhdan edinen ýagşy sapaklarymyzyň üstüni dolduryp, geljekki nesillere goýjak mirasymyzdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly: «Halk döredijiliginiň baý mirasyny öwrenip, ylmy taýdan seljermek we asyl nusgasyny halka ýetirmek, türkmen halkynyň taryhy, medeni mirasy boýunça ylmy barlaglary alyp barmak öňde duran möhüm wezipeleriň biridir».

Görseň, göwün gülleýär (Oçerk)

...Geçen ýylyň jöwzasy ýaňy başlanda iýun aýynyň ortalarynda 1,5 gektara ekilen bugdaý meýdanyna «JOHN DEERE» kombaýny girende, boýdaşy hemem kärdeşi Ogulbaýram Allaberdiýewa ýarym degişme bilen: — Akgözel, hany, sen ordur! Belki, «Döwletliden döwlet ýokar» bolup, biziň meýdanlarymyzdaky hasylyň hümmetem seňkiçeräk bolsun-da! — diýipdi.

Baş baýlygyň goragynda

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda batly gadamlar bilen öňe barýan ýurdumyzda ynsan saglygynyň hem-de raýatlaryň bähbitleriniň goralmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny dünýä derejesinde ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar. Bu işleriň netijesinde, ýurtda ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligi, hili we elýeterliligi düýpli ýokarlandyrylýar. Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ÝUNISEF-iň dünýäde öňdebaryjy lukmançylyk merkezleri, öňdebaryjy hassahanalary, tejribeli professorlary we lukmanlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Zenan we jemgyýet

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:— Zenanlara hormat goýmak türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly ýörelgeleriniň biridir. Dünýä ösüşiniň häzirki zaman globallaşmak şertlerinde zenanlaryň hukuklaryny goramak derwaýys meseleleriň biridir. Zenanlaryň hukuklarynyň üpjün edilmegi demokratiýanyň pugtalandyrylmagyna, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna, durnuklylygyň berkidilmegine we kanunçylygyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna öz oňyn täsirini ýetirýär.

Alamat (hekaýa)

Ol aýagy bilen sermeläp, işigiň bosagasyny tapdy, ellerini seresap uzadyp, gapynyň söýesinden tutdy. Soňam içerik ätledi-de, hümürdi seslerinden içerde adamlaryň köpdügini aňyp: — Salawmaleýkim! — diýip, salam berdi.

Aý­han Ha­jy­ýe­wiň dö­re­di­ji­li­gin­de zenan dünýäsi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyz ähli ulgamlarda uly ösüşleri gazanýar. Döwletimiz tarapyndan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işler ýola goýulýar. 2024-nji ýylyň Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşykly, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän şygryndan ugur alnyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy beýik akyldara ägirt uly hormatyň nyşanydyr. Magtymguly Pyragynyň keşbini döredip, şekillendiriş sungatynyň taryhynda uly yz goýan ussat türkmen suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy hem şu ýyl uly ruhubelentlige beslenip bellenip geçiler. Aýhan Hajyýewiň eserleri türkmen nakgaşçylyk sungatynyň gaznasyny düzýär. Ol 1924-nji ýylyň 26-njy aprelinde Aşgabat şäheriniň Bagyr obasynda dünýä inýär. Onuň sungat älemine aralaşmagyna ejesi itergi berýär. Oglunyň çagalykdan surat çekmäge bolan höwesine üns berip, onuň zehinini ösdürmek maksady bilen, ony çeperçilik tehnikumynyň ýanyndaky mekdebiň sungat bölümine okuwa ugrukdyrýar. Onuň 13 ýaşyndaka «Pagta meýdanyndaky dynç alyş» atly çeken suraty çagalar suratlarynyň Bütinsoýuz bäsleşiginde ikinji orna mynasyp bolýar. Ilkinji üstünliginden ruhlanan Aýhanda özüne ynam döräp, surat

Dünýä şugla saçýar ady Pyragyň

Türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň köptaraply döredijiligi diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem dünýä edebiýatynyň hem edebi mirasyny baýlaşdyran altyn hazynadyr. Onuň şygyrlaryndaky özüniň ähmiýetini ýitirmän, ýurdumyzdan has uzaklarda-da uly meşhurlyga eýe bolan ynsanperwer pikirler umumadamzadyň ykbaly üçin görüm-görelde hem edep mekdebidir. Pyragy diňe bir türkmeniň milli şahyry bolman, ol umumadamzat edebiýatyna öz mynasyp goşandyny goşan beýik akyldardyr. Magtymguly Pyragy öz ajaýyp eserlerinde diňe bir türkmen halkyna ýüzlenmän, «eý, adamzat» diýip, ynsan köňlüne aralaşýar. Bu bolsa dana Pyragynyň dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna girip, döredijiliginiň ylmy taýdan öwrenilmegine getiripdir. Bu günki gün türkmeniň beýik akyldary Magtymgulynyň döredijiligi dünýä edebiýatynyň, zehinli edebiýatçy alymlarynyň üns merkezinde. Muňa aýry-aýry mysallaryň üsti bilen aýdyň göz ýetirmek bolar.

Aly şahyry ussatlyga ýetiren eser

«Dür ýasalmaz ussatsyz» diýen, söze gadyr goýýan Magtymguly atamyzyň bu setirleri gadymyýetden şu günki günümize gelip ýetmek bilen, ol atlary ebedi galan, her bir sözleri göwhere deňelýän söz ussatlarymyz hakyndadyr. Söz eýeleriniň ady bolsa asla ýitmeýär. XIII asyrda ýaşap, türki kowumlara degişli bolan «Kyssaýy-Ýusup» atly poemanyň awtory Aly şahyr hem şeýle ussatlaryň hatarynda tanalýar. «Her bir daşdan göwher bolanok, her göwheriň gadyryny hemme kişi bilenok». Özboluşly logiki öwrümli bu jümläni dile getireninde, Aly türkmen poeziýasynda öňe saýlanan ägirtleriň sözlerini hem-de öz çeper sözüni düre-göwhere deňemekden çekinmändir. Elbetde, däneleri birleşdirip, dür ýasamak üçinem uly ussatlyk gerek. Alyny ussatlyga eltenem onuň «Kyssaýy-Ýusup» atly eseridi. Eýsem, beýle hormata mynasyp bolan Aly kim? Edebiýatçy alymlar onuň adyny Gul Aly diýip tutýardylar. Şahyryň adynyň öňünden «gul» sözüniň getirilmegi onuň edebi gurşawy bilen bagly bolmagy ahmal. Sebäbi XII-XIII asyrlarda ýaşap geçen şahyrlaryň köpüsiniň adynyň ýa-da lakamynyň öňünden «gul», «bende», «misgin» ýaly sypatlandyrmalary getirmek däp bolupdyr. Alynyň ömür ýoluna degişli maglumatlar biziň günlerimize çenli doly saklanyp galmandyr. Diňe bize belli bolan zat, ol özüniň poemasyny

Ar­kaç­da­ky ga­dy­my oba-şäherler

Seýil edeliň, bu jahana,Jahanda näler görüner.Isgender, Jemşit saldyranBeýik binalar görüner.                                             Magtymguly Pyragy,                                                «Näler görüner»

Ama­ly-ha­şam sun­ga­tyn­da «Go­çak» nagşy

Sungat jemgyýetiň aňyna örän uly täsir edýär. Ilkidurmuş adamlary şekillendiriş sungaty arkaly daş-töweregi gurşaýan ähli zatlary suratlandyrmagy başaryp bilipdirler. Asman jisimleriniň, haýwanlaryň, ösümlikleriň we dürli geometrik şekilleriň üsti bilen adamlaryň aňy barha kämilleşip, amaly-haşam sungatynda nagyşlaryň sazlaşykly ösüşi ýüze çykypdyr. Gadymy döwürlerde adamlaryň nagyşlary nyşan ýa-da hat hökmünde şertli belgileriň üsti bilen beýan etmekleri olaryň dünýägaraýşyny kesgitleýär. Nagyşlar – geometrik şekillerden durupdyr. Haç-atanak, üçburçluk, inedördül, romb, sekizburçluk, ösümliklerden: bag, gül, ýaprak, haýwan şekillerinden: dag tekesi, goçuň şahy, ýylan, guşlaryň dürli görnüşleri, olaryň belli bir beden agzalary haşam görnüşe salnyp, nagyş hökmünde ulanylypdyr. Bularyň nagşa geçirilen görnüşleri türkmen halylarynyň we egin-eşikleriň el bejergilerinde duş gelýär. Bu şekilleriň her biri aýratyn manyny aňladypdyr.

Per­wa­na (Oýlanma)

Suraty çeken Aksona SAPARMEDOWA Pessaýdan ýaňlanýan şirin owaz alyslardan eşidilýärdi. Owazlarda parahatlygyň, asudalygyň, abadanlygyň waspy bardy. Saz şeýle bir şirindi welin, ýaş gelniň şol owazlara kalbyndan syzylyp çykýan setirleri garyp, aýdym aýdyberesi gelýärdi. Şeýdende, kalbyndaky bar gussa ýom-ýok bolup gidäýjek ýaly görünýärdi. Zybanyna şeýle ajaýyp, entek hiç bir ýerde eşidilmedik täsin setirler gelýärdi. Uly zalyň gapysyndan ädeninde, ylahy bir duýgy ýüregini sarsdyryp goýberdi.

Sportuň gerimli ösdürilýän ýurdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:— Ýaşlary sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek ugrunda uly işleri alyp barýarys. Türkmenistan 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlandy. Biz geljekde hem halkara sport düzümleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk ederis, sportuň dürli görnüşlerini ösdüreris. Hawa, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyza gadam goýan ilkinji minutlarymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagynda aýdan bu paýhasly sözleri sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan türgenlerimizi ruhubelentlige besledi.

Tehnologiýalar merkeziniň ylmy açyşlary

Žurnalymyzyň şu sanynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde häzirki wagtda alnyp barylýan işler barada okyjylara gürrüň bermegi makul bildik. Şu maksat bilen, Tehnologiýalar merkeziniň biotehnologiýa barlaghanasynyň müdiri Altyn Rahmanowa bilen söhbetdeş bolduk. Şonda ol bize ýandakdan (Alhagi persarum) taýýarlanan dermanlyk ekstraktynyñ mikrokapsulirlenen görnüşe geçirilişi barada şeýle gürrüň berdi: — Biz biotehnologiýa tejribehanasynyň beýleki hünärmenleri bilen birlikde, ýandakdan mikrokapsulýasiýa etmek üçin tehnologiýany işläp düzdük. Şonuň bilen hem bize ýandagyň çig malyndan suwuk ekstrakty almak başartdy. Şeýlelikde, ýandagyñ ekstraktyny kapsula ýerleşdirdik.

«Ençeler gör, kitap okap»

Türkmen ruhunyň almaz täji. Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygyna bagyşlanan makalalar ýygyndysy. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014. Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmen ruhunyň almaz täji» atly makalalar ýygyndysyny filologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent Begmyrat Weýisow we filologiýa ylymlarynyň kandidaty Araznepes Mämmetjumaýew dagy düzdüler. Kitapda akyldar şahyryň bütin dünýä ýaň salan goşgulary, ynsanperwer psihologiýasy, dürli dillerde terjime edilen şygyrlary we dürli temalarda ýazylan ylmy makalalaryň 38 sanysy okyjylara hödürlenýär. Onda ýerleşdirilen ylmy makalalar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň halypa mugallymlary tarapyndan ýazyldy. Kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.

«Ençeler gör, kitap okap»

Mustakow R. Magtymguly we Gündogar edebiýaty. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014. Bu kitapda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň poeziýasynyň Gündogar edebiýaty bilen arabaglanyşygy barada giňişleýin gürrüň berilýär. Ferdöwsi, Nyzamy, Omar Haýýam, Nowaýy ýaly Gündogar edebiýatynyň parlak ýyldyzlarynyň, sopy şahyrlarynyň eserleriniň Magtymgulynyň döredijiliginde teswirlenişi barada jikme­-jik düşündirişler ýazylypdyr.

Hormatly okyjylar!

2024-nji ýylyň ikinji ýarymýyllygy üçin «Diýar» žurnalynyň çap edilýän we elektron görnüşine «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasyndan hem-de «Türkmenmetbugat» mobil goşundysyndan «Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri» bukjasynyň üsti bilen ýazylyp bilersiňiz. Habarlaşmak üçin telefon belgimiz: 39-95-30

Mary welaýatynda durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabarasy boldy

17-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy. Bu şanly waka Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça başy başlanan giň gerimli özgertmeleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Munuň özi Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň netijeli ulanylmagyny, ýurdumyzyň halkara ähmiýetli ulag çatrygy hökmünde ornunyň pugtalandyrylmagyny şertlendirýär. Uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Onuň gurluşygy Aşgabat — Tejen (203 kilometr), Tejen — Mary (109 kilometr), Mary — Türkmenabat (288 kilometr) ugurlary boýunça üç tapgyrda amala aşyrylýar.

Halkara hokkeý ýaryşy badalga aldy

Şu gün paýtagtymyzyň Gyşky oýunlar sport toplumynda Hokkeý boýunça halkara ýaryşynyň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň, Belarus, Türkiýe, Gazagystan, Gyrgyz, Özbegistan Respublikalarynyň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň, Oman Patyşalygynyň, Bahreýn Patyşalygynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň öňdebaryjy hokkeý toparlarynyň gatnaşmagynda şu gün badalga alan bu halkara sport ýaryşy Watanymyzyň syýahatçylygyny ösdürmekde hem uly ähmiýete eýe bolar. Halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny mundan beýläk-de belende götermek maksady bilen, şu ýylyň 15 — 20-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda hokkeý boýunça halkara ýaryşyň geçirilmegi eziz Diýarymyzyň dünýä derejesinde sport abraýynyň has-da belende galýandygynyň nobatdaky şaýadydyr.

Edebi dostluk pugtalanýar

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlarynyň arasyndaky özara dostluk-doganlyk gatnaşyklary yzygiderli pugtalanýar. Medeni gatnaşyklaryň halklaryň arasyndaky dostlugy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga goşýan goşandy aýratyn bellärliklidir. Muňa golaýda Ynsanperwer neşirýat birleşigi (Moskwa) tarapyndan «GDA ýurtlarynyň häzirki zaman edebiýaty» tapgyry bilen rus dilinde çapdan çykarylan 3 bölümden ybarat bolan antologiýalar kitaby aýdyň şaýatlyk edýär. GDA ýurtlarynyň häzirki zaman edebiýatynyň 3 tomluk kitaby 1200-den gowrak sahypadan ybarat bolup, 11 döwletiň we 94 sany ýazyjylaryň eserlerini özünde jemleýär. Onda asyrlarboýy özara gatnaşygyny ýitirmän saklap gelýän goňşy hem doganlyk halklaryň ýazyjylarynyň naýbaşy kyssa eserlerinden nusgalar ýerleşdirilipdir.