Türkmen halk döredijiliginde hünär etikasy bilen baglanyşykly nakyllar

22 Aprel 2024
689

Türkmenler medeni hem edebi mirasa örän baý halk. Ýurdumyz Garaşsyzlygyny alanyndan soňra, milletiň köp müňýyllyk taryhynda toplanan baýlygyny öwrenmek, halka ýetirmek, häzirki ýaşlarymyzy geçmişdäki ruhy baýlyklarymyzyň esasynda terbiýeläp, olary lebzihalal, ynsanperwer, zähmetsöýer, watansöýüji, kämil hünärli adamlar edip ýetişdirmek ugrunda birnäçe işler durmuşa geçirilýär.

Edebi mirasymyz bolan halk döredijiligimiz türkmen halkynyň köp müňýyllyk taryhynda jemlenen akyl-paýhasynyň, edim-gylymynyň, däp-dessurynyň, niýet-päliniň, etsem-goýsamynyň jemidir. Ol biziň taryhdan edinen ýagşy sapaklarymyzyň üstüni dolduryp, geljekki nesillere goýjak mirasymyzdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly: «Halk döredijiliginiň baý mirasyny öwrenip, ylmy taýdan seljermek we asyl nusgasyny halka ýetirmek, türkmen halkynyň taryhy, medeni mirasy boýunça ylmy barlaglary alyp barmak öňde duran möhüm wezipeleriň biridir».

Baba GULDURDYÝEW,
Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.