Per­wa­na (Oýlanma)

22 Aprel 2024
492

Suraty çeken Aksona SAPARMEDOWA

Pessaýdan ýaňlanýan şirin owaz alyslardan eşidilýärdi. Owazlarda parahatlygyň, asudalygyň, abadanlygyň waspy bardy. Saz şeýle bir şirindi welin, ýaş gelniň şol owazlara kalbyndan syzylyp çykýan setirleri garyp, aýdym aýdyberesi gelýärdi. Şeýdende, kalbyndaky bar gussa ýom-ýok bolup gidäýjek ýaly görünýärdi. Zybanyna şeýle ajaýyp, entek hiç bir ýerde eşidilmedik täsin setirler gelýärdi. Uly zalyň gapysyndan ädeninde, ylahy bir duýgy ýüregini sarsdyryp goýberdi.

Akkeýik ALLAGULYÝEWA,
«Diýar».