"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Bü­tin­dün­ýä se­na­gat ser­gi­le­ri

Senagat rewolýusiýasynyň gözbaşynda dünýä senagat sergileri bolup, bu günki günde olary «EKSPO» (EXPO) diýip atlandyrýarlar. Sergileriň esasy maksatlary: birinjiden, dürli ýurtlarda senagat üstünliklerini görkezmek we senagatyň ösüşiniň umumy derejesine baha bermek mümkinçiligidir. Ikinjiden, görkezmeler mahabat etmegiň, müşderileri çekmegiň we gepleşiklerde ylalaşyklaryň baglaşylmagynyň täjirçilik maksatlaryna hyzmat edýär. Üçünjiden, sergiler ýokary derejeli baýramçylyk çäreleri bilen tapawutlanýar. Umuman, sergiler halkara bäsdeşlige ukyply önümleriň hili babatda täze üstünlikleri hödürleýärler. EKSPO (EXPO) industrializasiýanyň nyşany we tehnologik üstünlikleri görkezmek üçin açyk meýdançada geçirilýär. Bütindünýä köpugurly halkara sergiler täze ylmy açyşlary, üstünlikleri görkezmäge mümkinçilikleri döredýär. 1928-nji ýylda 100-den gowrak agza ýurduň halkara ekspozisiýalaryna ýolbaşçylyk edýän Halkara sergi edarasy (Bureau International des Expositions, BIE) döredildi. Ilkinji halkara derejeli, açyk asmanyň astyndaky sergi 1851-nji ýylda Londonda geçirildi. Onda Jozef Pakston tarapyndan demirden we aýnadan ýasalan Hrustal köşk myhmanlaryň ünsüni esasy özüne çekiji ýerleriň biri boldy. Köpugurly halkara sergilerde ilkinji gezek adamzadyň iň beýik oýla

Ilkinji atçylyk ýokary okuw mekdebi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça sebitde ilkinji «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäherinde ilkinji atçylyk ýokary okuw mekdebi – ussat seýis, meşhur atşynas Aba Annaýewiň adyny göterýän Halkara atçylyk akademiýasy 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda, ýagny Bilimler we talyp ýaşlar gününde professor-mugallymlar hem bagtyýar talyp ýaşlar üçin gapysyny giňden açdy. Aba Annaýew şan-şöhraty dünýä dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden halypa seýis hökmünde tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň degişli Permanyna laýyklykda, şeýle ussat atşynasyň adynyň Halkara atçylyk akademiýasyna dakylmagy ýurdumyzda zehinli seýislere we halypalara ägirt uly hormat-sarpa goýulýandygyny ýene-de bir gezek subut etdi.

Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde

Türkmenistanyň PrezidentiSerdar BERDIMUHAMEDOW:–– Häzirki döwürde ulag-logistika ulgamy sebitleri we dünýäniň kontinentlerini birleşdirýän güýje öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolup durýar. Şoňa görä-de, bu geografik ýagdaýdan we beýleki mümkinçilikden ýerlikli peýdalanarys. Taryh gatyna giren 2023-nji ýylda daşary syýasatymyzdaky gazanylan üstünlikler, şöhratly wakalar barha dabaralanýar. Ösüşlere beslenýän häzirki döwrümizde ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ulag diplomatiýasyny ýaýbaňlandyrmak babatda giň möçberli işleri ýola goýdy.

Goşgular toplumy

Arkadagly Serdarymyň döwründe Güneşli Diýarym — Türkmenistanym,Çar tarapym toýhanadyr her günde.Agzybirlik, dostluk kalba beslänim,Arkadagly Serdarymyň döwründe.

Sag­lygy goraýyş ulgamy ösüş ýo­lun­da

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, milli saglygy goraýyş ulgamy döwrebaplaşdyrylýar we bu ugurda belent sepgitlere ýetilýär. Eziz Watanymyzda häzirki zaman lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda gurlan we gurulýan häzirki zaman hassahanalary we bejeriş-anyklaýyş merkezleri ilatymyza dünýä ülňülerine laýyk gelýän hyzmatlary hödürleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn durmuş ýörelgesiniň yzygiderli wagyz edilmegi, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we sportuň ösdürilmegi ýurdumyzda ruhy we beden taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmäge ýardam edýär. Ýurdumyza saglygy goraýyş ulgamyny gowulandyrmak üçin ilkinji lukmançylyk enjamlarynyň getirilmegi, BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan «Türkmenistanyň Hökümetiniň hemmeler üçin ýokary hilli dermanlara elýeterliligini, lukmançylyk hyzmatlarynyň yzygiderliligini we hilini üpjün etmek arkaly saglygy goraýşyň hyzmatlarynyň ählumumy gurşawynyň ýolunda ösüşi çaltlaşdyrmak boýunça möhüm tagallalary üçin» atly güwänamasynyň, BSGG-niň Supramilli referens-barlaghanasynyň (Gauting, GFR) degişli güwänamasynyň berilmegi saglygy goraýyş edaralarynyň, ylmy-kliniki merkezleriň hünärmenleri üçin aýratyn ähmiýe

Türk­men ki­no sun­ga­ty­nyň rowaç menzilleri

Islendik ýurduň ösüşine onuň sungatyny synlanyňda göz ýetirmek bolýar. Häzirki ösýän zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, türkmen kinosy hem ösüşli menzillerde. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde kino sungatyna täzeçe çemeleşmeleriň ýokary göterilişiniň başlanandygy has-da guwandyrýar. Bu ugurdan bilim alýan ýaşlarymyzyň has sowatly bolmagy üçin ýurdumyzda hereket edýän ýokary okuw mekdepleri, galyberse-de, Russiýa Federasiýasynda, Hytaý Halk Respublikasynda, Türkiýe Respublikasynda kino ugrundan hünärmenleri ýetişdirýän ýokary okuw mekdeplerini tamamlap gelen ýaşlarymyz türkmen kino sungatynyň ösmegine, kämilleşmegine özleriniň saldamly goşandyny goşýarlar. Olaryň döredýän filmleri halkara kinofestiwallarya gatnaşyp, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolýar. 2022-nji ýylyň 12 — 17-nji awgustynda režissýor Sahysalyh Baýramowyň «Gyzyl kürte» çeper filmi Russiýa Federasiýasynyň Ýekaterinburg şäherinde geçirilen Ýewraziýa yklymynyň «Altydan biri» atly Birinji halkara film festiwalynyň çäginde görkeziljek filmleriň maksatnamasyna girizilip, oňa gatnaşmaga hukuk gazandy. Şol ýylyň sentýabr aýynda Da

«Atyma - nowa, özüme - hyrka»

Pygamber ýaşyny birwagt yzda goýan, kümüş saçly ene bazarda çäkmenlik mata satyp duran gelniň inli matalaryny hyrydarlyk bilen synlady. Soňam top matalaryň biriniň-ikisiniň gyrasyny süýem hem-de başam barmaklarynyň arasyna salyp, barlap gördi. Elde dokalan çäkmenlik matalaryň käbirinde goýberilen säwliklerem nazaryndan sypmady. Ýöne kelam agyz gürlemedi. Yzyna öwrülenem şoldy welin, pete-pet gelen gelinleriň biri: — Abadan gelneje, salamälik! Gowy sataşdyň. Obaňyza ýöriteläp gitmäge aýagym ýetmän ýördi. Kakamyň akgoýun toýunda çäkmen ýapaýyn diýýän. Maňa çäkmenlik matanyň gowusyndan birini saýlap beräýiň!

Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gin­de watançylyk

Magtymguly türkmen halkynyň medeni aň-düşünjesine öz döredijiligi bilen täsir eden şahyr. Beýik söz ussady, parasatly akyldar, Gündogar edebiýatynyň göwheri, şygryýet äleminiň ýagty ýyldyzy ýaly, akyldaryň adyna şeýle buýsançly setirleri bilen ýüzlenmekleri hem sözüň dürüni seçen ägirde halkyň alkyşnamasydyr. Akyldar şahyryň döredijiliginde ata-enä hormat-sarpa, perzendiň olaryň öňündäki borjy hakynda içgin aýdylýar. Çünki ata-ene — mukaddes, olar Käbä hem-de Kybla deňelýär. Beýik şahyr «Oglum — Azadym» atly aýdyşyk goşgusynda Ýazyr hanyň ýolbaşçylygynda Owganystana il-halkyň aladasy bilen gepleşik geçirmäge gitmek üçin şahyr kakasyndan rugsat soraýar. Birnäçe sorag-jogap aýdyşanlaryndan soň, oglunyň il bähbidi üçin uly işe baş goşýandygyny göz öňünde tutup, Azady oňa rugsat berýär.

Py­ra­gy­ny gö­ren dag­lar...

Hasar dagy beýik bolar,Üsti doly keýik bolar,Mergenlere seýik bolar,Barsaň Hasar dagyndadyr.                                               Magtymguly Pyragy Türkmen halkynda «Gudrat görseň, daglara bar, daglara!» diýen söz bar. Diýarymyzyň dag-derelerine aýlanyp görseň, syýahat etseň, birnäçe geňliklere duşmak bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli buýsanjymyza, beýik şahsyýetlerimize goýýan belent sarpasynyň netijesinde, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy buýsanjymyza buýsanç goşdy. Ady äleme dolan söz ussadymyz, filosof şahyr Magtymguly Pyragynyň ýaşap geçen mekany bolan, häzirki wagtda şahyryň adyny göterýän Magtymguly etrabynyň çäginde ýerleşýän Hasar dagy we şol ýerleriň tebigaty hem beýik şahyryň döredijiliginde öz beýanyny tapýar.

Söh­bet eý­läp Py­ra­gy­dan...

2024-nji, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilip geçilýär. Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp, biz hem ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän, beýik şahyryň adyny göterýän edara-kärhanalarda bolup, olaryň zähmet durmuşy, alyp barýan işleri dogrusynda ýörite makalalary, söhbetdeşlikleri taýýarlamagy maksat edindik. Biz bu makalalar toplumynyň başyny akyldar şahyr, ajaýyp söz ussadynyň adyny göterýän Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatryndan başlamagy makul bildik. Biziň söhbetdeşimiz bu teatryň baş ýolbaşçysy Myrat ARADOW. — Myrat Hydyrmuhammedowiç, siz Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän sungat ojagyna indi birnäçe ýyl bäri ýolbaşçylyk edýärsiňiz! Dana Pyragy, onuň göwher deýin gymmatly döredijiligi, Magtymgulynyň adyny buýsanç bilen göterýän teatr. Ine, şu jümleleriň özara sazlaşygy sizde nähili duýgulary döredýär?

Döredijilik işgärleriniň köňül buýsançlary

«Ençeler gör, kitap okap»

Aşyrow A. Magtymgulynyň golýazmalarynyň derňewi (ylmy derňewler). – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014. Dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň milli guwanjydyr. Magtymgulynyň durmuş ýoluna, baý döredijilik mirasyna bagyşlanan bu kitapda her bir aýdylýan pikir, gelinýän netije ilkinji çeşmelere – golýazmalara esaslanýar. Adyndan belli bolşy ýaly, bu kitapda, esasan, Magtymgulynyň golýazmalary teswirlenen. Şahyryň ömür ýolunyň, köptaraply döredijiliginiň ylmy jähtden töwerekleýin öwrenilişi açylyp görkezilýär. Şeýle hem Pyragynyň golýazmalary bilen tanyşmakda beýleki şahyrlaryň, ilkinji nobatda bolsa, kakasy Döwletmämmet Azadynyň ömrüni we döredijiligini öwrenmeklikdäki ähmiýeti, edebi mirasynyň biziň günlerimize gelip ýetiş ýollary, onuň diwanlarynyň dürli redaksiýalary we olaryň häsiýetli aýratynlyklary yzarlanýar. Kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen.

«Reach high with reading»

Magtymguly. Collected Works, Volume I.- A.: National Institute of Manuscripts of the Academy of Sciences of Turkmenistan, 2012. This volume of the great Turkmen poet and thinker Magtymguly Pyragy is a collection of poems composed of remarkable works. On the first pages of the book, the National Leader of the Turkmen people, Hero-Arkadag shares his thoughts on the role of the work of our thinker-poet in the history, political and social, cultural and literary life of the Turkmen people. Any reader who reads the collection of 400 poems will go to the world of different colors and dive into the universe of emotions of the poet. The collection includes new poems that were not included in the previous editions. At the end of the collection there are explanations of the words used in the poems. The book is intended for a wide audience.

«Ençeler gör, kitap okap»

Magtymguly. Eserler ýygyndysy I jilt. – A.: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty, 2012. Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň bu I jiltlik ýygyndysy ajaýyp eserlerden düzülen şygyrlar çemenidir. Kitabyň ilkinji sahypalarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz akyldar şahyrymyzyň döredijiliginiň türkmen halkynyň taryhyndaky, syýasy-jemgyýetçilik, medeni-edebi durmuşyndaky orny hakda pikir-garaýyşlaryny paýlaşýar.Ýygyndyny okan islendik okyjy şahyryň müň dürli öwüşginli 400-e golaý şygyrlar dünýäsine syýahat eder we onuň duýgular älemine siňer. Ýygynda öňki neşirlere girmedik täze goşgular hem girizilen. Kitabyň soňunda şygyrlaryň içinde getirilýän sözleriň düşündirilişi berilýär. Kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen.

ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, «Diýar» žurnalynyň redaksiýasy döredijilik bäsleşigini geçirýär. BÄSLEŞIGIŇ MAKSADY

Türkmeniň sungaty jahana mälim

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— Dünýäniň hiç bir döwleti hem muzeýsiz, halkyň taryhy geçmişi baradaky gymmatly maglumatlary bir ýerde jemleýän mirashanalarsyz oňup bilmeýär. Bu özboluşly hakykat hazynalary halkyň asylly ýolunyň, medeniýetiniň we sungatynyň, toplan ylmynyň, döreden ruhy gymmatlyklarynyň genji-hazynasydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň medeniýet we sungat ulgamynyň ösdürilmegi babatda ileri tutýan oňyn syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen suratkeşleriniň döredijilik mümkinçilikleriniň has-da ösdürilmegine, bu ugurda halkara döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegine giň ýollary açýar.

Taryhy ýadygärlikleriň goýnunda

Paryzdepe – Änew ýadygärlikleri hakynda Halkymyzyň örän baý we köptaraply taryhy-medeni mirasy bar. Biziň ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden medeni gymmatlyklary diňe bir sebitiň däl, eýsem tutuş adamzat siwilizasiýasynyň ösüşine uly goşant boldy. Olaryň şol uzak asyrlaryň dowamynda döreden taryhy gymmatlyklary dürli-dürli ýadygärlikleriň görnüşinde biziň günlerimize gelip ýetdi.

Pyragyly rubagylar

Şygyrlarna ýagşylyk ýar Pyragyň,Diwanyna hemmeler zar Pyragyň,Kelamullaň şerhi bilen açylýan,Şahyrana dünýäsi bar Pyragyň. ***

Eziz Diýarymyzda «Hindistanyň Respublika güni» bellenildi

Düýn, 27-nji ýanwarda paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramagynda «Hindistanyň Respublika güni» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Geçirilen çärä Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri, hem-de diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly edebi-filosofik eseriniň ýapon dilinde neşir edilmegi Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň taryhynda şanly waka öwrüldi. Bu kitap hoşniýetli erk-islege, özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan netijeli döwletara gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetiniň özboluşly nyşanydyr. Häzirki döwürde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen has-da baýlaşdyrylýar. Ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň, umumy rowaçlygyň, abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýän doly derejeli hyzmatdaşlyk üçin amatly ýagdaýy döretmegiň möhüm şerti bolan ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegidir.