«Ençeler gör, kitap okap»

7 Fewral 2024
498

Aşyrow A. Magtymgulynyň golýazmalarynyň derňewi (ylmy derňewler). – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014.

Dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň milli guwanjydyr. Magtymgulynyň durmuş ýoluna, baý döredijilik mirasyna bagyşlanan bu kitapda her bir aýdylýan pikir, gelinýän netije ilkinji çeşmelere – golýazmalara esaslanýar. Adyndan belli bolşy ýaly, bu kitapda, esasan, Magtymgulynyň golýazmalary teswirlenen. Şahyryň ömür ýolunyň, köptaraply döredijiliginiň ylmy jähtden töwerekleýin öwrenilişi açylyp görkezilýär. Şeýle hem Pyragynyň golýazmalary bilen tanyşmakda beýleki şahyrlaryň, ilkinji nobatda bolsa, kakasy Döwletmämmet Azadynyň ömrüni we döredijiligini öwrenmeklikdäki ähmiýeti, edebi mirasynyň biziň günlerimize gelip ýetiş ýollary, onuň diwanlarynyň dürli redaksiýalary we olaryň häsiýetli aýratynlyklary yzarlanýar. Kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen.