"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Ömri nusgalykdy, sözi keremdi

Geçen asyryň 1941 — 1945-nji ýyllarynyň Beýik Watançylyk urşunyň tamamlanany bäri uzak ýyllar geçip gitdi. Biziň pikir-hyýallarymyz welin şol günlerden asla daşlaşyp bilmeýär. «Aýatda diridir, hökman geler» diýip, ýanýoldaşyna garaşyp, ömür menzili tamamlanýança onuň ýoluna intizar gözlerini dikip ýaşan wepaly zenanlaryň biri hem Ogulgerek Saparowady. Ol 1920-nji ýylyň 1-nji iýulynda Gämi obasynda daýhan Gurbansähet Hansähet oglunyň we Ogulsoltan enäniň maşgalasynda dünýä inipdi. Ogulgerek işe-ýumşa ýarandan soň, ata-enesine ogul küýsetmedi, öý-içeriň işine el-aýak bolup ýetişdi. Hernäme bolanda-da, gyz — kişi maşgalasy, ony bagty açylan güni durmuşa çykarmaly. Ogulgeregiňem maňlaýyndan öz kowumyndan Sapar atly ýigit çykdy. Sapar zawodyň işçisidi. Nägehan uruş turanda Ogulgerek bilen Saparyň oguljygy Orazmyrat ýaňy üç ýaşyny dolduryp barýardy. Sapary Aşgabatda döredilen 87-nji aýratyn atyjylyk toparyna alýarlar. Ol jeňe ugramazdan öň, Aşgabat şäheriniň ýanyndaky Bükri obasyndaky (Bekrewedäki), Köşüdäki, Goturatadaky harby türgenleşik meýdançalarynda harby-tälim okuwlaryny geçýär. 1942-nji ýylyň awgust aýynda fronta gitmeginiň öňüsyrasynda, ol täze dünýä inen ogly Amanmyratjygy görmäge gelýär. Şonda mana düşmez ilkinji didary Orazmyratjyk k

Magtymguly Pyragy

«Pähim-paýhas ummanyMagtymguly Pyragy» —Bu söz giden bir many,Köňülleriň çyragy —«Pähim-paýhas ummanyMagtymguly Pyragy». Bagşylaryň dilinde,Has-da galýar belende,Bagty gelen ilimde,Arkadagyň şygary —«Pähim-paýhas ummanyMagtymguly Pyragy».

Tämiz ekologik gurşaw — röwşen geljegiň güwäsi

Türkmen topragy ösümlik we haýwanat dünýäsine gaty baýdyr. Ol özüne mahsus daglary, düzleri, derýalary we beýleki suw çeşmeleri, sähralary we jeňňelleri bilen tapawutlanýar. Olaryň ekologiýa taýdan arassalygy ynsanlaryň saglygyna kepil geçýär, şu gününi we röwşen geljegini ak ýollara atarýar. Şonuň üçin biziň ýurdumyzda alnyp barylýan ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň sagdynlygyny, ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny emele getirmäge gönükdirilendir. Tebigatyň gözelliklerini has-da artdyrmak, ony gorap saklamak babatda alnyp barylýan işler ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam berýär. Ýurdumyzy tokaýlaşdyrmak boýunça geçirilýän köpugurly toplumlaýyn çäreler umumy döwlet bähbitlerini we onuň ekologiýa howpsuzlygyny berjaý etmegi göz öňünde tutmak bilen ýerine ýetirilýär. Ekologiýa howpsuzlygy babatyndaky maglumatlary ýaýratmak, adamlaryň arasynda ekologiýa bilimleri giňden ýaýratmak, ilaty habarly etmek, tebigaty goramak baradaky wagyz-nesihat çärelerini geçirmek meseleleri bilen baglanyşykly işler yzygiderli amala aşyrylýar. Ata-babalarymyz ýol, köpri gurmagy hem-de bag ekmegi iň bir sogaply işler hasaplapdyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda häzirki wa

Muzeý sergisinde Pyragynyň waspy

Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy öz ady hem-de gaýtalanmajak çeper döredijiligi bilen türkmen edebiýatynyň şuglasy bolup öçmejek yz galdyrdy. Şahyryň mertebesi, onuň türkmeniň taryhyndaky, jemgyýetçilik-syýasy, medeni-edebi durmuşyndaky orny müdimidir. Mähriban halkynyň bagtyýar, asuda, parahat durmuşda ýaşamagyny, ylymly-bilimli bolmagyny, medeniýetiniň beýgelmegini arzuwlan beýik şahyr halkyna pähim-parasada we ýokary paýhas duýgularyna ýugrulan ajaýyp şygyrlar hazynasyny miras galdyrdy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramyna hem-de Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan muzeý gymmatlyklary aýratyn orny eýeleýär.  Taryhy tapyndylar, gadymy golýazmalar, nesil daragty boýunça maglumatlar, Pyragynyň çeper keşbine bagyşlanan sungat eserleri tutuş türkmen halky, şeýle-de şahyryň döredijiligine gyzyklanma bildirýän adamlar üçin gymmatly çeşmedir.

Garagum gözel tebigatyň örki

Türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň BaşlygyGurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Garagum sährasy durşy bilen keramat, bu künjege zyýarata gelmek we ata-babalarymyzy penalan mukaddes sähramyza tagzym etmek bolsa parz işdir. Ene toprak goýnunda müňlerçe hazynalary saklaýar. Watanymyzyň merkezinde ýerleşýän Garagum sährasy hem deňi-taýy bolmadyk bir ajap mekandyr. Garagum sähralygynyň ýerüsti we ýerasty tebigy baýlyklaryny gorap saklap, geljekki nesillere öz tebigy görnüşinde ýetirmek maksady bilen, 2013-nji ýylyň 18-nji iýulynda «Bereketli Garagum» atly döwlet tebigy goraghanasy döredildi. Goraghananyň umumy meýdany 87500 gektara deňdir.

«Ençeler gör, kitap okap»

Köňül nagyşlary. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanýar. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014. Kitaba türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, türkmen we dünýä ýazyjylarynyň, şahyrlarynyň, alymlarynyň beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hakda aýdan sözlerinden – köňül nagyşlaryndan parçalar girizilen. Magtymguly Pyragynyň bu kitaba ýerleşdirilen pähimleri we öwütleri umumadamzat kalbynyň ynsap ölçegleridir, olar ruhubelent, ynsanperwer, mert, ynsaply, ertirki güne ynamly bolmak çakylygydyr. Kitap giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenilen.

«Ençeler gör, kitap okap»

Köňül gözgüsi. Magtymgulynyň 290 ýyllygyna bagyşlanan makalalar ýygyndysy. A.: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty, 2014. Hormatly Prezidentimiziň Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygy bilen baglanyşykly mübärek Kararynyň we edebi-ruhy mirasymyzy ösdürmekdäki tagallalarynyň gönüden-göni netijesi bolan bu kitapda ýurdumyzyň dürli ylym we bilim edaralarynda ylmy-barlag işlerini alyp barýan alymlaryň, aspirantlaryň Magtymgulynyň edebi mirasy, pelsepewi garaýyşlary bilen baglanyşykly makalalary ýerleşdirilen. Garaşsyzlyk ýyllary içinde täzeçe garaýyşlar esasynda ýazylan makalalar edebiýat muşdaklary üçin gyzykly we peýdaly bolar diýip umyt edýäris.

Geljekki nesilleriň medeni merkezi

Türkmen sazandalary tebigatyň täsin hiňlenýän owazyny dutaryň kirşine geçirip bilen halk. Ýagyş-ýagmyrlaryň, guş-gumrularyň ýakymly heňlerini syrly notalara salyp, gargy tüýdükde sähralary ýaňlandyrýan jadyly sazlary döreden millet. Şol syrly notalar türkmeniň aňyna ýazylan. Asyrlaryň dowamynda kämilleşip wagtyň synagyndan geçip, ol bu gün ajaýyp zamananyň  ýakymly sazy bolup, şadyýan aýdymy bolup ýaňlanýar. Bu duýgy medeniýetiň, sungatyň, döredijiligiň gapysyndan ätlän her bir ynsanyň köňlünde täsin oýlara atarýan bolsa gerek. Säheriň sawa çagynda, medeniýetiň baýramynda, paýtagtymyzyň gözel künjeginde gurlan Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyş dabarasynda hem äşgär duýuldy. Bu medeni merkeziň açylyş dabarasyna Gahryman Arkadagymyz sanly ulgam arkaly gatnaşyp, bu möhüm waka mynasybetli gutlag sözleri bilen çykyş etdi. Merkeziň geljekde türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekde, dünýä tanatmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirip, halkyň ruhy galkynyşynda, beýik ösüşlerimizi wasp etmekde medeniýete we sungata uly ornuň degişlidigini aýratyn belledi.

Suwda ýüzmek üçin ýerine ýetirmeli düzgünler!

Tomus aýlary yssy günler-de dynç alyş pursatlarynda, suwda ýüzmek bilen adatdan daşary howply ýagdaýlar bolup bilner. Ine, tomusda ýüzýän wagtyňyzda sizi we ýakynlaryňyzy howpsuz saklamaga kömek edýän birnäçe düzgünlere üns beriň. 1.   Sebiti üns bilen öwreniň.Halas ediji gullugy bar bolan kenarlarda ýüzmek iň gowusydyr. Enjamlaşdyrylan kenarlarda howpsuz ýüzmek meýdançalary we gyssagly halas ediş enjamlary bilen üpjün edilendir. Hünärmenleriň bolmagy töwekgelçiligi ep-esli azaldar.

Jöwzaly tomsuň ýiti gün şöhlesinden goranyň!

Her bir paslyň özüne mahsus howasy bar. Gün şöhlesi, arassa howa ynsan saglygyna örän peýdaly. Gün şöhlesi ýerlikli peýdalanylanda, bedeniň kesellere garşy göreş ulgamyny pugtalandyrýar. Emma Gün şöhlesiniň aşagynda uzak wagtlap durulmagy, gezilmegi, işlenilmegi bedende dürli bozulmalaryň ýüze çykmagyna getirýär. Howanyň gyzmagy bedeniň öte gyzmagyna getirýär we merkezi nerw ulgamyna zyýanly täsir edýär. Şol sebäpli hem, her bir raýata gündiz sagat 12:00-dan 15:00 aralygynda Günüň aşagynda gezelenç etmek maslahat berilmeýär. Gezelenç etýän adamlara bolsa Gün şöhlesinden goranmak üçin açyk reňkli egin-eşik, kelläňe başgap geýmeli ýa-da ýaglyk atynmaly we saýawan götermek maslahat berilýär, şeýle-de Günden goraýjy äýnekleri dakynmaly. «Saglygym-baş baýlygym» diýlişi ýaly, her bir adam özüni Gün urma howpundan goramalydyr!

Medeniýetiň baýramy

Türkmen halky asyrlaryň dowamynda öz medeniýetini ösdürip gelen halk. Medeniýet — halkyň kalby. Bu gün türkmen halky medeniýetiň baýramyny, halkyň kabyndan dörän ajaýyplyklaryň baýramyny belleýär. Bu baýramyň ilkinji gezek  täze akylly şäheri bolan Arkadag şäherinde bellenilmegi kalplarda uly buýsanç döredýär. Medeniýet hepdeligiň açylyş dabarasy täze şäheriň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda 2013-nji ýyldan bäri yzygiderli guralýan medeni forum umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna uly goşant goşan halkymyzyň taryhy-medeni mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berip, ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýär.

Paýtagtymyzda Halkara ýoga güni geçirildi

Düýn, 21-nji iýunda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Halkara ýoga güni mynasybetli çäre geçirildi. Hindistanyň ýurdumyzdaky ilçihanasy tarapyndan guralan çäräniň başynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri hem-de Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bütin halky halkara ýoga güni bilen gutladylar. Geçirilen çäräniň çäginde oňa gatnaşanlar ir säher bilen tälimçiniň ussat sapaklary esasynda Olimpiýa stadionynda açyk asmanyň astynda ýoga maşklary ýerine ýetirildi.

Ylym – röwşen geljegiň çyragy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Ylymlar gününiň giňden bellenilmeginde çuňňur many bar. Çünki, ylym jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Düýn 12-nji iýunda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi bilen özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen her ýylda guralýan iki günlük foruma türkmen alymlary bilen bir hatarda, birnäçe daşary ýurtlaryň, Ylymlar akademiýalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Galla hasylynyň gyzgalaňly möwsümi

Toprak daýhanyň yhlasyndan gülleýär. Yhlas siňen ýere bereket bulagy açylýar. «Herekete – bereket» diýen pähime eýerýän halkymyzyň edermen oba zähmetkeşleri, agrosenagat toplumynyň işgärleri, hususyýetçiler oba hojalyk önümlerini öndürmekde, bazarlarda haryt bolçulygyny döretmekde, şeýle-de özümizden artýan bölegini daşary ýurtlara ugratmakda egin-egne berip, yhlasly zähmet çekýärler. Olar bereketli topragymyzdan öndürilýän oba hojalyk önümleriniň mukdaryny ýyl-ýyldan artdyrmagy maksat edinýärler. Şeýle asylly maksat bilen çekilen zähmet bolsa öz miwesini bolluk bilen eçilýär. Ak bugdaýyň Watany hasaplanýan Diýarymyzda şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda gyzgalaňly möwsüm – galla oragy dowam edýär. Gallaçy daýhanlar arly ýyl yhlasly çeken zähmetiniň netijesine guwanyp ýetişdirilen bol hasyly ýygnaýarlar. Häzirki günlerde ýurdumyzyň welaýatlarynda babadaýhanlaryň yhlasy bilen ösdürilip ýetişdirilen bugdaýly meýdanlar bereket bulagy bolup, görenleriň gözlerini dokundyrýar. Olar daýhanyň göwün guşuny al-asmanda galgadyp, ýeneki üstünliklere galkyndyrýar. Bu bolsa döwletimizde ekerançylyk ýerlerini netijeli peýdalanylýandygyna şaýatlyk edýär. Ýetilen belent sepgitler döredilen ýer gaznasyndan bölünip berlen ýer parçasynyň topragyň «diline» düşün

Bilim ulgamynyň ösüşine bagyşlanan maslahat geçirildi

Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly-bilimli, iş başarjaň, watansöýüji, giň gözýetimli, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlar bolup ýetişmekleri olaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Düýn, 7-nji iýunda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda döredilen okuw-usuly nobatdaky geňeşiniň 7-nji mejlisi geçirildi.

Mary — Tejen — Aşgabat ugry boýunça welosipedli ýörişi badalga aldy

2024-nji ýylyň 31-nji maý-3-nji iýun aralygynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurdumyzyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleriniň gatnaşmagynda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Tejen — Aşgabat böleginiň ugry bilen uzynlygy 335 kilometrdaky aralyga (marafon) welosipedli ýöriş şu gün badalga aldy. Ýöriş dört tapgyrda:

«Ýürekleriň töründe adyň, Pyragy» atly maslahat geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň her bir güni taryhy wakalara, baýramçylyklara beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde Akyldar şahyryň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylmagy hem muňa şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda ýene bir hoş habarlaryň biri-de halkymyza sowgat bolan «Magtymguly» atly saýlanan eserleriniň ýygnanan kitabydyr. Häzirki wagtda bu kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy ähli pudaklarda  giň gerimde dowam edýär.

«Keşdeçilik sungaty – mirasymyň zynaty» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Şu gün paýtagtymyzyň Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde «Keşdeçilik sungaty – mirasymyň zynaty» atly talyp gyzlarynyň arasynda terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu geçirilen maslahata Aşgabat şäheriniň 109-nji çagalar bagynyň terbiýeçi we usulyýetçisi mähriban ene Gülnar Gaýirowa, 132-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň başlangyç mugallymy mähriban ene Ogultäç Babaýewa, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Oguljemal Çaryýewa şeýle hem Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Güljan Ýusupowa we okuw mekdebiň talyplary gatnaşdylar.

Ak şäherim Aşgabadyñ şanyna

Ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklaryň şanyna çäreleriň, dabaralaryň we sergileriň guralmagy indi däbe öwrüldi. Şu gün paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergi öz işine başlady.

«Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy!»

17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa daşary ýurtly myhmanlar, TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň wekilleri, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň her bir güni toý baýramlara beslenýär. Açylyş dabarasyna bagyşlanan edebi-çeper kompozisiýalar, sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary baýramçylygyň şowhunyny artdyrdy. Dabara gatnaşyjylaryň nusgawy türkmen şahyrynyň ýadygärlige gül desselerini goýmagy bolsa Magtymguly Pyragynyň hormat-sarpasynyň beýikligini alamatlandyrýar.