«Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy!»

19 Maý 2024
663

17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa daşary ýurtly myhmanlar, TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň wekilleri, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň her bir güni toý baýramlara beslenýär.

Açylyş dabarasyna bagyşlanan edebi-çeper kompozisiýalar, sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary baýramçylygyň şowhunyny artdyrdy. Dabara gatnaşyjylaryň nusgawy türkmen şahyrynyň ýadygärlige gül desselerini goýmagy bolsa Magtymguly Pyragynyň hormat-sarpasynyň beýikligini alamatlandyrýar.

«Diýar».