"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Döwletli il ge­ňeş etse, toý bo­lar

Berkarar ýurdumyzda peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halkymyz eşretli durmuşda ýaşaýar. Ata-babalarymyz halkyň bähbidine amala aşyrylýan her bir işi ýaşululara geňeşip, halk bilen maslahatlaşyp çözmegiň tarapdary bolupdyr. Munuň şeýledigini «Maslahatly il myrada ýeter», «Geňeşene giň dünýä», «Döwletliniň başlan işi oň bolar» ýaly pähimli jümleler aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Häzirki bagtyýar döwrümizde-de halkymyz gadymy däp-dessurlaryny, milli ýol-ýörelgesini ýitirmän, döwrebap röwüşde dowam etdirýär. Şonuň üçin hem «demokratiýa» düşünjesi türkmen taryhynyň has irki döwürlerinde-de bar bolan düşünjedir diýsek ýalňyşmarys. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hukuk esaslary yzygiderli kämilleşdirilýär. Her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda halk demokratiýasynyň özboluşly nusgasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Onda ara alnyp maslahatlaşylýan, kabul edilýän döwlet, il-ýurt ähmiýetli çözgütler halkymyzy döredijilikli zähmete ruhlandyrýar. Bagtyýar halkymyz Garaşsyzlygy örän möhüm milli gymmatlyklarynyň biri hasaplaýar. Döwlet Gar

Türkmenistanym

Päk jemaly belent bagty aňladýanTuguňa döneýin, Türkmenistanym!Köňüllere ýagşy umyt bagladýan Ýazyňa döneýin, Türkmenistanym! Günleriň hikmetli, menziller aýdyň, Halal işi bagta şamçyrag saýdym, Şöhratly ýollaryň zybanda aýdym,Sazyňa döneýin, Türkmenistanym!

Garaşsyzlyk - ykballaryň ykrary

Her ýyl sahawatly güýz gelende:Il-günüme ygtyýarlyk, erk beren,Garaşsyzlyk alyp gelen tylla güýz! — diýen goşgy setirlerini biygtyýar sere getirenimi duýman galýaryn. Toý-baýramlary goşa-goşadan getirýän bu ajaýyp pasyl bosagadan ätlände, göwnümiz galkynyp, heýjana gelýär. Çünki bu pasylda külli türkmen halkynyň iň uly toýy — Garaşsyzlyk baýramy giňden bellenilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramyny ýüregimize has ýakyn saýýarys. Neneň şeýle bolmasyn?! Mähriban halkymyz Garaşsyz döwlet bolmak arzuwyny gursagynda göterip, bäş müň ýyllyk ýoly geçip geldi.

Mä­hir­den do­ly dün­ýä

Il içinde: «Ýeke-täk zatlaryň ählisi-de mukaddesdir» diýilýär. Şonuň üçin şol mukaddeslikler dünýäniň söýgüsine, hormatyna mynasyp bolýar. «Şol mukaddeslikleriň iň naýbaşysy Watandyr, enedir» diýen sözler bolsa kalbymyzyň töründen hemişelik orun alandyr. Bu, hakykatdanam, şeýle. Ene Ýer ýüzünde beýik söýgä, hormata, mertebä mynasyp bolýan iň mähriban ynsan. Akyldarlaryň biriniň aýdyşy ýaly, adamzatda bar bolan ähli ajaýyplyklar Günüň altyn nurundan, enäniň mährinden kemala gelýärmiş. Watanymyzyň ata, göbek ganymyzyň siňen topragymyzyň enä deňelmegi, belki, şondandyr. Gowy saz ýa-da aýdym diňläniňde, göwnüň ganatlanýar. Ýürege ýakyn eser okanyňda bolsa, kalbyň has-da baýlaşýar. Eser ýürekden ýazylanda ol ruhy iýmit bolup, ýüreklere ýetýär. Biziň döredijilige uly itergi berýän, köňüllere ylham berýän bagtyýar döwrümiz bar. Kitaba, çeper söze, sungata sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz bar. Okanyňda ähli köňüllere mähir paýlaýan, Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan dörän «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitap her birimiziň kalbymyzda eziz enelerimize bolan çäksiz söýgini, hormat-sarpany janlandyryp, şol mähribanlyga bolan çäksiz mähir-muhabbeti has belentliklere göte

Diwan düzüp Pyragydan...

Hemmämize mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan şygyrlary göwherden gymmatly dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, onuň 300-e golaý goşgusyny öz içine alýan «Magtymguly» atly ajaýyp kitap neşir edildi. Döwrebap usulda neşir edilen bu kitap turuwbaşdan okyjylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Biz hem häzirki zaman neşir ülňülerine laýyk, ýokary hilde çap edilen kitaby düzen, bezän we neşir eden hünärmenleriň köňül buýsanjyny okyjylara ýetirmegi makul bildik. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:— Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.

Gud­rat kän geç­mi­şe zy­ýa­rat kyl­saň...

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň gadymy, baý medeni mirasyny, şöhratly taryhyny, arheologik ýadygärliklerini ylmy esasda öwrenmek, olary geljek nesiller üçin gorap saklamak döwrüň derwaýys meseleleriniň biri bolup durýar. Ata-babalarymyzyň şöhratly durmuş ýoluny, asyrlaryň gatlarynda galan edermenliklerini, aň-bilim babatda dünýä siwilizasiýasyna goşant goşan merdana pederlerimiziň bitiren işlerini wagyz etmek olary ruhy taýdan mertebelemekdir. Halkymyzda sopuçylyk ylmynda yz goýan, il arasynda Gözli ata ady bilen tanalýan şahsyýet bilen bagly gyzykly rowaýatlar bar. Türkmen halky beýik şahsyýetleriniň mertebesini hemişe belentde saklaýar. Ruhy pederimiz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda hem Gözli ata barada beýan edilýän setirlere duşmak bolýar:

Tarypa mynasyp bilim ojagy

Hormatly okyjylar! «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň adyny hormat bilen göterýän edaradyr kärhanalar barada taýýarlap, size ýetirýän ýörite sahypamyzyň bu gezekki sanyny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden taýýarladyk. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ylym we bilim ulgamynyň kuwwatyny ýokarlandyrmak babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda okuw meýilnamalary we maksatnamalary yzygiderli kämilleşdirilýär. Uniwersitetde web tehnologiýalary arkaly Moodle bilim portaly, talyplaryň bilimlerini barlamak üçin elektron teswirleýji programma üpjünçilikleri hem-de sapaklaryň elektron tekst we wideo ýazgylaryny dolandyrmakda maglumat gorlary döredildi. Bu bolsa okuw işini awtomatlaşdyrmak, innowasion sanly serişdeler arkaly hünär dere

Güýz peýzažy

Şeýle bir çuň güýz gününiň peýzažy,Bu görnüşi diňe dana okaýandyr.Küteldipdir Günüň tylla tyglarynÜçünji ongünlüginde oktýabr. Baryp gözýetimiň sütünne çenli,Sähra sary donun bürenip ýatyr.Baglar ýere gaçýan ýapraklarynyňYzyndan ses-üýnsüz seredip otyr.

Güýz

Her paslyň özüniň öz gözelligi,Gözelinden gowy, gowsundan gowy.Täze tertip tutup atyz-çilligi,Bireýýäm sowady ýaplaryň suwy. Uzyn günler çyplaň gezýän jahyllarSäher eginlerne aldylar penjek.Gijeler birneme bolsa-da salkyn,Günüň tomus howry gidenok entek.

Mel­hem­ler me­ka­ny

Häzirki döwürde gözel paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda saglygyny dikeltjek hem-de döwrebap dynç aljak raýatlar üçin ähli şertler döredilen şypahanalaryň birnäçesi hereket edýär. Tölegleriň elýeterliligi, bejerginiň we hyzmatlaryň ýokary derejesi şypahanalaryň hemişe köp adamly bolmagyna getirýär. Eziz Watanymyzyň ajaýyp künjeklerindäki, bejeriş-mineral suwlary bolan çeşmeleriň ýanyndaky şypahanalarda dynç almaga we saglygyny dikeltmäge isleg bildirýänler barha artýar. Ýurdumyzda ilatyň saglygyny dikeltmekde häzirki wagtda hereket edýän şypahanalar saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm düzümleriniň biri bolup hyzmat edýär. Şypahanalaryň işi babatda döwlet syýasatynyň ýörelgelerini kesgitlemekde we Türkmenistanda tebigy bejeriş serişdeleriniň, şypahanalaryň öwrenilmegi, peýdalanylmagy, ösdürilmegi hem-de onuň goralmagy ugrundaky gatnaşyklary düzgünleşdirmekde «Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» hereket edýär.

Magtymguly hakyndaky ilkinji Libretto

Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň dürdäne şygyrlary külli türkmeniň kalbynda Watana, il-güne çäksiz söýginiň nyşany bolup ýaşaýar, nesillere ahlak terbiýesiniň sagdyn mekdebi bolup hyzmat edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Agzybirligiň beýik gudratdygyna ynanýan türkmen halky Magtymgula hemişe minnetdardyr. Çünki döwletimiziň mundan buýana-da mizemezligi we gülläp ösmegi üçin beýik şahyryň röwşen ideýalary, parasatly sargytlary, agzybirlik sapaklary hemişe derwaýysdyr» diýip jaýdar belleýşi ýaly, halkymyz dana Pyraga hemişe uly hormat goýup, sarpasyny belentde tutýar. Türkmen edebiýatynda şahyryň eserleriniň manysyny tirmekde, ideýalaryny dünýä ýaýmakda uly işler durmuşa geçirildi, onuň çeper keşbini döretmek meselesi-de ýazyjy-şahyrlarymyzyň, suratkeşlerimiziň öňünde duran uly wezipeleriň biridir. Akyldar şahyryň çeper keşbini döretmekde köp synanyşyklar edilipdir. Türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysy hasaplanylýan Berdi Kerbabaýew 1941-nji ýylda ilkinji bolup beýik şahyryň edebi keşbini döretmäge synanyşýar. Ol şahyryň şygyrlaryna ýüzlenip, ol barada tutumly eser döredýär. Ýazyjynyň özi bu barada: «Şahyryň öz Watanyny nähili söýenligi, ony duşmanlardan goramak ugrunda nähili göreşenligi hakynda «Magtymguly» atl

Ruhy dünýäniň gözelligi

Köp asyrlyk taryhy bolan türkmen halky özboluşly milli mirasy bilen tapawutlanýar. «Könesi bolmadygyň — täzesi bolmaz» diýlişi ýaly, halkymyz gadymy mirasyny bahasyna ýetip bolmajak mukaddeslik hasaplaýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda Garagumuň seleň sähralygynda ömür süren ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan miras galan asylly däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy has hem baýlaşdyryp, geljekki nesillere ýetirmekde giň gerimli işler alnyp barylýar. Eli çeper gelin-gyzlarymyzyň zyba barmaklaryndan döreýän inçe, nepis el işleriniň jadylaýjy güýji bar. Olarda gelin-gyzlarymyzyň päkize ýüregi, nurana maksady görünýär. Olaryň sünnäläp dokaýan ýüpek haly we haly önümleri, keçeleri, kilimleri halkymyzyň genji-hazynasydyr.

Ataň pata berse, Alla ýarandyr

Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň umman ýaly giň we çuň manyly döredijiliginde onuň Watanyna, halkyna bolan wepadarlygyny, belent adamkärçiligini, nesillere nusgalyk edep-terbiýesini görmek bolýar. Şeýle nusgalyk terbiýe arkama-arka atadan ogla geçip gelýär. Bu babatda halkymyz «Ata dünýäsi ogla gönezlik» diýýär. Akyldar şahyrymyzyň pederi bilen bagly ýatlamalar, pederiniň beren öwüt-ündewleri, galyberse-de, şahyryň pederine bagyşlap döreden şygyrlary biziň üçin uly durmuş mekdebidir. Her bir atanyň öz perzendine bolan çäksiz söýgüsi, guwanjy bar. Şeýle ata söýgüsini Magtymguly Pyragynyň «Oglum — Azadym» atly aýdyşyk goşgusynda has-da aýdyň görmek bolýar. Ataly ogluň arasyndaky bu aýdyşykda dünýäniň syrlaryny çözmäge, äleme akyl ýetirmäge ýola şaýlanýan perzendiň hem-de öz söwer ogluny ýat illere, ýörelmedik beýewan ýollara ýollamakdan köňli ynjaýan atanyň keşbi örboýuna galýar.

Halkyň hakydasy — Hatyra güni

Mukaddesliklere zyýarat ediň,Halkyň hakydasy — Hatyra güni!Geçmişe hyýaly syýahat ediň,Halkyň hakydasy — Hatyra güni! Bolmawersin ýaman niýet, azgyn päl,Nä günleri başa saldy agyr hal,Ýatlamak kyn, ýatlamazlyk mümkin däl,Halkyň hakydasy — Hatyra güni!

Zemin üsti aman dursun!

Ynsan balasy bagtly ýaşamak, uzak ömür sürmek üçin jägildäp dünýä inýär. Gadymy ýazgylarda, keramatly kitaplarda aýdylyşy ýaly, dogulmak, ýogalmak, nika ezelden Alla tarapyn ýazgytdyr, ömürdäki galan zatlar bolsa nesibedir. «Nesibäňe ýagşy zatlar ýazylsyn!» diýlip, doga-dileg edilmegem hut şol sebäplidir. Zemin üstünde aman ýaşasaň, aýdylyşy ýaly, dokuzyň düzüw ömür sürseň, şondan uly bagt ýok. Käte teleýaýlymlarda, gazetlerde, saýt sahypalarynda, elektron neşirlerde Ýer togalagynyň haýsydyr bir künjeginde suw joşmasy, toprak süýşmesi, yzygider çabga ýagmasy, ýer titremesi ýaly pajygaly tebigy hadysalar baradaky habarlar göze ilse ýa-da gulaga degse, iniň tikenekläp gidýär. Şu ýerde «Eşideniňe ynanma, göreniňe ynan!» diýlişi ýaly, bir waka ýadyma düşýär.

«Ençeler gör, kitap okap»

Mämmedow A. Magtymguly türki halklaryň edebiýatynda. – A.: Ylym, 2023 Filologiýa ylymlarynyň doktory, merhum alym Ahmet Mämmedowyň «Magtymguly türki halklaryň edebiýatynda» atly kitaby alymyň köp ýyllaryň dowamynda çeken zähmetiniň miwesidir. Kitapda beýik Magtymguly Pyragynyň ölmez-ýitmez eserleriniň türki dilli edebiýatçylar tarapyndan öwrenilişi dogrusynda giňişleýin gürrüň berilýär. Alym we şahyr Ahmet Mämmedowyň bu täze kitabynda şular dogrusynda gyzykly ylmy gürrüňler we maglumatlar ýerleşdirilendir.

«Ençeler gör, kitap okap»

Beýik Magtymguly we türkmen durmuşy. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan ylmy makalalar ýygyndysy. – Aşgabat: Ylym, 2023. Ýygyndy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynda taýýarlanylyp, oňa girizilen makalalaryň aglabasynda beýik akyldaryň şygyrlaryna, olaryň ideýalaryna, esasan, taryhy nukdaýnazardan çemeleşilýär, beýik akyldaryň türkmen çeper aňyny, şonuň bilen bitewülikde-de türkmen halkynyň abraýyny arşa götermekdäki hyzmatyna taryhçy alymlaryň garaýyşlary bilen baha berilýär. 

Aşgabatda Italýan aýdym-saz agşamy geçirildi

Düýn paýtagtymyzyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda, Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň açylmagynyň 10 ýyllygy we italýan kompozitory, meşhur operaçy Jakomo Puççininiň (1858-1924) 100 ýyllygy mynasybetli türkmen-italýan bilelikdäki konserdi geçirildi.  Bu ÿere gatnaşan tomaşaçylar Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri tarapyndan ýerine ÿetirilen Jakomo Puççininiň opera dünýäsi bilen giňden tanyş boldular we ýaňlanan sazlar italýan dünýäsiniň ruhuny paýlady.

Magtymguly — türkmeniň synmaz ruhy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe taryhymyzy, edebi mirasymyzy öwrenmäge, wagyz etmäge uly üns berilýär. Alym Arkadagymyzyň ýola goýan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan dowam etdirilýän bähbitli işleriň hatarynda medeni mirasymyza berilýän uly ünsüň mundan beýläk has-da rowaçlanjakdygyna ynamymyz günsaýyn artýar. Gündogaryň akyldar şahyry, şygryýet äleminiň ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda şahyryň döredijiligine, ömrüne, ykbaly bilen bagly taryhy wakalara ýüzlenmek hem beýik sarpadan nyşandyr.. Jemgyýetçilik ylymlarynda akyldaryň filosofiki mirasyny özleşdirmek esasy işleriň biridir. Akyldaryň ynsaply ýaşaýyş taglymatynyň diňe bir türkmen halkynyň taryhynda we ykbalynda däl, eýsem adamzadyň ykbalyna dahyllydygyny hem bellemelidiris. Onuň türkmen halkynyň taryhynyň we medeniýetiniň, ylmynyň ösmeginde mynasyp orny bardyr.

Waspy dillerde dessan

Magtymguly Pyragy – pähim-paýhasa ýugrulan, asyrlardan joşgun bilen ýagtylygyny saçan akyldar şahyr. Ol  türkmen halkynyň buýsanjy sebäbi, adamzat kalbynyň içinden eriş-argaç bolup geçýän şygryýet şalygynyň hökümdarydyr. Şygyrlary bilen şöhle saçýan Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň buýsanjy bolman, eýsem, dünýä halklarynyň ýüreginde ornaşdy. Muňa jogap edip, türkmen we daşary ýurt ýazyjylarynyň, şahyrlarynyň, alymlarynyň Magtymguly Pyragy hakda aýdanlaryndan parçalary mysal getirmek ýerlikli bolar. Magtymguly söz meýdanynyň oragyny orup gidipdir, bize diňe onuň hoşasyny çöpläýmek galýar.