Syýahatçylyk ugrunda halkara hyzmatdaşlyk

27 Mart 2024
1165

Şu gün paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty geçirildi. Bu geçirilýän halkara maslahaty ýurdumyzda syýahatçylyk işini utgaşdyrmak boýunça halkara ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigini ýene-de bir gezek şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň 25-nji awgustyndaky Karary bilen tassyklanan «Syýahatçylyk pudagynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» mazmuny bilen tanşanyňda, bu möhüm ugra gönükdirilen toplumlaýyn wezipeleriň kesgitlenendigini görmek bolýar.

«Diýar»