HABARLAR

Terbiýäniň gözbaşy

Halk döredijiliginiň iň kämil görnüşleriniň biri bolan nakyllar nesil terbiýesiniň başlangyjydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe geçmişden gözbaş alýan milli gymmatlyklarymyz şu günüň beýikligi bilen utgaşyp, döwre we geljege laýyk altyn sazlaşygy hasyl edýär. Hormatly Prezidentimiz milli buýsanjyň kemala gelmegi, ýaşlaryň aňynda berkemegi üçin taryhymyzy, abraýa beslenen şahsyýetlerimiziň geçen ýoluny bilmegimiz üçin yzygiderli tagallalar edýär. Hut şu nukdaýnazardan hem ajaýyp zamanamyzda ruhy gymmatlyklarymyzyň öwrenilmegine, halka ýetirilmegine, dünýä ýaýylmagyna uly üns berilýär. Çünki ol gymmatlyklaryň aňyrsynda milletiň, halkyň bakylygy we beýikligi ýatyr.

Asylly görelde — terbiýe mekdebi

Durmuşa bezeg berip, ynsany ruhy taýdan kämillige atarýan ilkinji ädim bilim-terbiýeden başlanýar. Bu barada hormatly Prezidentimiziň «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitabynda bir ajaýyp rowaýat bar: «Ir zamanlar bir adam dananyň ýanyna maslahata barypdyr. —Dana, meniň ähli baýlygym bar. Okadym, her dürli tälimleri, hünärleri öwrendim. Ummasyz köp baýlyk topladym. Garaz, göwnümde arman galar ýaly bolmady. Indi özümden soňky nesillere iň gymmatly baýlygymy miras galdyrasym gelýär — diýipdir. Özüniň näçe hazyna, mal-mülk we başga-da nämeleri miras galdyrsa, islegini doly amal edip biljekdigini ondan sorapdyr. Şonda dana: «Dünýäde iň gymmatly baýlyk terbiýededir. Terbiýe bilen galdyrylan baýlygyň bahasy ýokdur» diýipdir». Ine, şu rowaýatdan hem görnüşi ýaly, mynasyp terbiýelenen nesil biziň ýüzümiziň tuwagy bolup, üstünlikleri bilen begendirýär.

«Gyzgyn düwmeler» Klawiaturada işlemegiň ýeňil usullary

Häzirki wagtda biziň maglumatlar bilen bagly işlerimiziň köpüsi kompýuteriň üsti bilen amala aşyrylýar. Köpimiz günde diýen ýaly kompýuter enjamyndan peýdalanmak bilen, birnäçe amallary ýerine ýetirýäris. Elbetde, döwür şony talap edýär. Maglumatlary ýygmak, göçürmek, ibermek we şuňa meňzeş işlerde günüň dowamynda biz ençeme gezek kompýuteriň syçanjygy bilen klawiaturasynyň düwmelerine basýarys. Ýöne käbirlerimiz belli bir maglumaty kesmek, göçürmek ýa-da goýmak ýaly amallarda klawiaturadaky «Gyzgyn düwmeleriň» deregine aglaba ýerde syçanjygy ulanýarys. «Gyzgyn düwmeler» nämekä?» diýýänsiňiz. Bu, ýönekeý söz bilen aýdanyňda, tiz işlemegiň ýeňil ýoly diýmekdir. Bu barada käbir maglumatlary siziň dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik.

Sapaklary döwür bilen baglanyşdyrmak

Eşretli zamanamyzda ýaşlara bilim bermek bagtynyň bilim işgärlerine, ýagny mugallymlaryň paýyna düşýändigi üçin biz bagtly ynsanlardyrys. Sebäbi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur aladalary bilen Watanymyzyň parahatçylykda gülläp ösmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, ösüp gelýän ýaş neslimiziň dünýä derejesinde ylymly-bilimli bolmagy baradaky oňyn işler durmuşymyzda öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda şeýle beýik işleriň durmuşa geçirilýän döwründe biz mugallymlaryň sapaklarymyzy döwür bilen baglanyşdyryp guramagymyz ösüp gelýän ýaş neslimiziň gursagyna synmaz watançylyk söýgini guýdugymyzdyr. Hut şonuň üçin-de türkmen dili we edebiýat mugallymy hökmünde her bir sapagy temasyna görä, döwür bilen baglanyşdyryp guraýaryn.

Işeňňirleriň işi ileri

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işi döwrebaplaşdyrylyp, çagalara bilim bermek işine iň öňdebaryjy innowasion usullar giňden ornaşdyrylýar. Mekdebe çenli bilimiň maksadyny, mazmunyny, gurluşyny we bilim-terbiýeçilik işini guramagyň aýratynlyklaryny açyp görkezmekde, mekdebe çenli bilim bilen başlangyç bilimiň üznüksiz arabaglanyşygyny üpjün etmekde terbiýeçilere uly orun degişli bolup durýar. Bu ugurda Gökdepe etrabynyň Aba Annaýew obasyndaky 20-nji çagalar bagynda alnyp barylýan işler aýratyn bellärliklidir. Bu çagalar bagynda terbiýeçiler özara tejribe alşyp, agzybirlikde zähmet çekýärler.

Bagtyýar nesil

Çaga we kitap Kitap adamyň iň ýakyn dosty, maslahatçysy hasaplanýar. Esasan hem, kitaplar bilen çagalaryň has ýakyn gatnaşykda bolmagy hökmandyr. Kitap çagalaryň pikirlerini durlaýar, özbaşdak netije çykarmak ukybyny ösdürýär, dünýägaraýşyny giňeldýär. Çagalarda kitaba, okamaga bolan söýgini kemala getirmek köp babatda ene-atalara baglydyr.

Bilim — bagtyýarlygyň gözbaşy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ulgamlarda belent sepgitlere ýetilýär. Şonuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň bilim ulgamy hem täze ösüşlere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Çünki bu ulgam beýleki pudaklaryň durnukly ösüşinde wajyp ähmiýete eýedir. Bilimli hünärmenler zähmet çekýän pudagynyň üstünliklere eýe bolmagyna itergi berýärler, şonuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ykdysadyýeti kuwwatlanýar.

Möhüm ugurlaryň biri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda, amala aşyrylýan şanly wakalar ýurdumyzyň at-abraýyny belentliklere çykarýar. Beýik işleriň, beýik maksatnamalaryň durmuşa geçirilýän ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň ähli pudagyna uly üns berilýär. Şeýle-de döwletimiziň geljegi hasaplanylýan bilimli, ahlakly ýaş nesilleri kemala getirmek barada alada döwletimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolup, milli ruhda terbiýeli, berk bedenli, belent ruhly, edepli-ekramly, bilimli ýaş nesli kemala getirmek onuň esasy wezipesidir.

Döwrebap ösüşler we şowly üstünlikler

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamy täze ösüşlere eýe boldy. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Sanly bilimi ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlardyr hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirkizaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklarynyň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň bilim edaralary ösen innowasion tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilýär, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygy yzygiderli kämilleşdirilýär. Bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylary halkara derejesinde geçirilýän olimpiadalara gatnaşýarlar. Şol sanda biziň mekdebimiziň okuwçylary hem dürli ýyllarda halkara internet olimpiadalaryna gatnaşyp, öňdeligi eýelediler. Hususan-da, 2020-nji ýylyň mart aýynda geçirilen «Erudit» halkara internet bäsleşiginde Ogulgerek Seýilhanowa we Aýlar Abdurasulowa dagy ýeňiji bolup, altyn medala we birinji derejeli diploma eýe boldu

Watansöýüji ýaşlar kemala gelýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda Türkmenistan Watanymyz gülläp ösýän döwletleriň hatarynda tanalýar. Hormatly Prezidentimiz ýurt baştutanlygyna geçen ilkinji günlerinden başlap, halkyň röwşen geljegini, ýurduň nurana ykbalyny ünsden düşürmän, hemişe ýurdumyzyň, halkymyzyň bagtyýar geljegine gönükdirilen beýik işleri amala aşyrýar. Şeýle tutumly işler häzirki bagtyýar günlerde hem dowamat tapýar. Ýurdumyzyň her bir künjeginde durmuş-medeni maksatly binalaryň hatary günsaýyn artýar. Halk bähbitli uly işlere badalga berilýär. Muny biz Arkadag Prezidentimiziň geçirýän maslahatlarynda, mejlislerinde, edýän taryhy çykyşlarynda aýdyň görýäris. Mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi we ýylyň nyşany tassyklanyldy. Munuň özi, elbetde, türkmen raýatlarynyň, aýratynam, ösüp gelýän ýaş nesilleriň watançylyk duýgusyny ösdürmäge ýardam edýär. Çagalar sungat mekdebimizde okaýan okuwçylarymyzyň arasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri hakynda söhbetdeşlik geçirip durýarys. Bagtyýar nesillerimiziň bagtly çagalygynyň olaryň ertirki güne bolan ynamyny berkidýä