Ýaşlar kämillik ýolunda

26 Ýanwar 2021
1683

Dünýäniň dürli halklarynyň dillerini bilmek, şol halklaryň medeniýetiniň bir bölegini bilmekdir. Ata-babalarymyz «Dil bilen dana, dil bilmeýän diwana» diýip, öz ene diliňden daşary, özge ýurduň dilini bilmegiň dünýägaraýşyňy giňeldýändigini, bilimlilik derejäňi ýokarlandyrmaga oňyn täsiriniň ýetirýändigini belläpdirler. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda dürli dilleri özleşdirmek, şol dillerde suwara gürlemek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda iňlis, rus, ýapon we beýleki dürli dillerde edil şol halklaryň raýaty ýaly säginmän, arassa gürleýän ýaşlarymyz örän kän.

Dünýä halklary bilen dost-doganlygy gazanmak, özara ynanyşmak, birek-biregi goldamak ýaly gatnaşyklaryň esasy çelgisi hem dildir. Dil halklary ysnyşdyrýan, ýürekden ýürege barýan köpri mysalydyr. Muňa ýönekeý söz bilen aýdanyňda,halklary jebisleşdirmek diýmekdir. Beýleki bir tarapdan, bilelikde üstünlige ýetmegiň açarydyr.

Altynaý BEGMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.