Çaga we kitap
Kitap adamyň iň ýakyn dosty, maslahatçysy hasaplanýar. Esasan hem, kitaplar bilen çagalaryň has ýakyn gatnaşykda bolmagy hökmandyr. Kitap çagalaryň pikirlerini durlaýar, özbaşdak netije çykarmak ukybyny ösdürýär, dünýägaraýşyny giňeldýär. Çagalarda kitaba, okamaga bolan söýgini kemala getirmek köp babatda ene-atalara baglydyr.