Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işi döwrebaplaşdyrylyp, çagalara bilim bermek işine iň öňdebaryjy innowasion usullar giňden ornaşdyrylýar. Mekdebe çenli bilimiň maksadyny, mazmunyny, gurluşyny we bilim-terbiýeçilik işini guramagyň aýratynlyklaryny açyp görkezmekde, mekdebe çenli bilim bilen başlangyç bilimiň üznüksiz arabaglanyşygyny üpjün etmekde terbiýeçilere uly orun degişli bolup durýar. Bu ugurda Gökdepe etrabynyň Aba Annaýew obasyndaky 20-nji çagalar bagynda alnyp barylýan işler aýratyn bellärliklidir.
Bu çagalar bagynda terbiýeçiler özara tejribe alşyp, agzybirlikde zähmet çekýärler.