Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda, amala aşyrylýan şanly wakalar ýurdumyzyň at-abraýyny belentliklere çykarýar.
Beýik işleriň, beýik maksatnamalaryň durmuşa geçirilýän ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň ähli pudagyna uly üns berilýär. Şeýle-de döwletimiziň geljegi hasaplanylýan bilimli, ahlakly ýaş nesilleri kemala getirmek barada alada döwletimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolup, milli ruhda terbiýeli, berk bedenli, belent ruhly, edepli-ekramly, bilimli ýaş nesli kemala getirmek onuň esasy wezipesidir.