Mis peýdalymy ýa-da ýok?!

27 Ýanwar 2021
1629

Mis biziň her birimiziň bedenimizde ýerini çalşyp bolmajak mikroelement hökmünde saklanýar. Munuň özi kadaly ýaşaýyş üçin zerurdyr. Şeýle zerur elementleriň sany bolsa ençemedir. Olaryň arasynda demir, marganes, sink, molibden, kobalt, ýod we mis hem bar.

Misiň ýerine ýetirýän işi witaminleriň ähmiýetine deň hasaplanylýar. Bedende mis ýetmedik ýa-da agdyk bolan halatynda ösümlik-de, haýwan-da, adam- -da kesele ýolugýar.