Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ulgamlarda belent sepgitlere ýetilýär. Şonuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň bilim ulgamy hem täze ösüşlere eýe bolýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Çünki bu ulgam beýleki pudaklaryň durnukly ösüşinde wajyp ähmiýete eýedir. Bilimli hünärmenler zähmet çekýän pudagynyň üstünliklere eýe bolmagyna itergi berýärler, şonuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ykdysadyýeti kuwwatlanýar.