Özüňi alyp barmagyň medeniýeti

26 Ýanwar 2021
4284

Orta mekdepleriň 11-nji synpynyň maksatnamasyna girizilen özüňi alyp barmagyň medeniýeti dersi hem okuwçylaryň terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, ynsanperwer şahsyýetler bolup ýetişmegini gazanmakdan, şeýle-de olaryň ata-enesine, mugallymlara, ýaşuly nesle hormat goýmaklaryny öwretmekden ybaratdyr. Sapaklar dürli usullarda guralmalydyr.

Bu ders boýunça okuwçylar bilen dürli görnüşli oýunlary guraýaryn. Şolardan täsirli geçen temalarymyň we oýunlarymyň üstünde durup geçmekçi. “Kime medeniýetli adam diýip bolar?” diýen sorag-jogap guradym. Onda okuwçylara 10 minutyň dowamynda öz pikirini ýazmaça beýan etmegi, pikirlerini durmuşy mysallar bilen delillendirmegi tabşyrdym. Okuwçylar sapaga işjeň gatnaşyp, ýumuşlary özbaşdak ýerine ýetirdiler.

Rejep POTÇIÝEW,
Baýramaly şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň mugallymy.